Lilia_
10.09.2023 13:39
"Bu zatlar näme üçin meñ başyma gelÿär" diÿmek ÿerne , "Bu bolÿan zatlar maña näme öwretÿär" diÿmegi başar
49
49
Lilia_
10.09.2023 08:57
Düşünmeÿän adamy öz ugruna göÿber oña wagt has gowy düşündirer:)
42
31
Lilia_
10.09.2023 00:08
Adam nirde soyulse diymek şol yerde bagtlydyr
49
70
Lilia_
09.09.2023 20:09
UNUTMA her gelen soymez we hic bir soyen gitmez...
49
95
Lilia_
09.09.2023 16:34
Elmydama sabyrly bol duynki saña gowni yetmeyanler, ertir saña yalbaryp geler
49
65
Lilia_
09.09.2023 13:06
Ýüregime

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Atyldymy ýene şo köne kesek?!
Neçüýn beýle ses-sedasyz aglaýaň,
Indi dar bolýarmy öňki giň ketek?!

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Ýeňişlerden köpelýärmi, ýeňlişiň?!
Özüň-ä mydama ýazgaryp gelýäň,
Käbirlerniň çybyk kimin eglişin.

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Birden-birden eýläk-beýläk urunýaň,
Öňler aglan oglan emýärdi emmek,
Indi agladygyň derrew urulýaň.

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Şükür, hiç zatdanam däl sen hantama!
Tamaly döwürden göçdi obalar,
Indi tama etseň daňylýaň tala…

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Hersi birýan çekýä, çep hem sag gözüň,
Nije dostum, ýakynlarmy ýitirdim,
Kim doldurar indi olaň öwezin?!

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Ýa, dilsiz galdymy dil beren dilber?!
Öz göbek ganymyň daman ýerinde,
Ýa gülsüz galdymy üzümli dalbar?!

Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Ýeterlikdi bize sähelçe ümler.
Ýa-da bir zatlary ýaşyrýaň menden,
Ömri gysgalýarmy, sanalgy günleň?

Öňem dodakdaky uçuklarymyň,
Dişimi gysýany ýetikdi, ahyr!
Bu gün näme ýene gysýarsyň, ýürek,
Döretjek bolýaňmy ýa menden şahyr?!

Sädi SÄDIÝEW.
46
49
Lilia_
09.09.2023 08:51
1.Kabir adamlar seyle bir suyji edip yalan gurleyaler, hatda olary dinlap cayy sekersiz hem icsen bolyar.
***
2.Eger senin durmusunda: ''Oye baranyndan son hokman jan et'' diyan adam bar bolsa onda ony hic wagt ynjytman.
***
3.Allah goryar, Perisdeler yazyar, Omur gecip baryar...
***
4.Sen ondan birje soze garasyarkan, Ol basgasyna roman yazyar.
***
5.Eger adam sizi sebabsiz soyen bolsa - onna ona mun sebab berin.
***
6.Mugt zada soygi diyyadik olam indi pullynky...
***
7.Bu durmus aslynda gowy adamlarunky dal, gowy rol oynayanlarynky.
***
8.Bagytly bolsan sesiz bol, cunki durmus goriplerden doly.
***
9.Kimlerindir yanynda abray gazanjak diyip, oyun edip hem dostlaryny yere urmagyn.
***
10.Sadalyk, yagsylyk we dogrulyk bolmayan yerde BEYIKLIK yokdur
46
89
Lilia_
09.09.2023 00:01
Gysganç!

Gözlerimi ýumup, açyp oýnaklap,
Hyýalymda gözleýärin keşbiñi.
Gel söýgülim, bezäp ýalñyz kalbymy,
Bir tutaşdyr ýakyp giden yşkyñy.

Goý tutaşsyn, köýdürmese bes maña,
Goý ýylatsyn, sowamasyn duýgular.
Duýgularsyz meniñ kalbym garypdyr,
Beýgelse-de şolar bilen beýgeler.

Owadan sözlerme zar bolsañ eger,
Gel olaryñ çykýan ýerinde ýaşa.
Sen o ýerden gelýän söze teşnesiñ,
O ýerem intizar göz bilen gaşa.

Ýürek buýsançlarma parhsyz seredip,
Olaryñ nyrhyny gaçyrma gözel!
Çoýunyp bilýärkäm sowuk “mähriñden”,
Şony-da gysganyp öçürme gözel.

Sensiz ýatladyp dur, gamgyn ýüregim,
Guşy söýýän guşçyñ, guşsyz ketegin.
Kalbyma soragsyz girip,
Kalbyña,
Gysganýañ girjegiñ giriş petegin.

Kerim Hally
48
46
Lilia_
08.09.2023 23:41
Ogul:
Salam mährem gülçi daýza, çemen bogaý bägülden.
Ol şeýle bir gözel bolsun, Haýran galsyn Bägül hem.

Ogul:
Salam mährem gülçi daýza, çemen bogaý nyrhsyzrak.
Bar:bir maňlaýymdan öper, Ejem muňa parhsyzrak.

Aýaly:
Salamalik gülçi daýza, bogaý arzan çemeniñ.
Erkekdirdä... Şu gülem bor, awlaryn oň ýüregin.

Ejesi:
Salamalik gülçi dogan, bog çemeniñ gymmatyn.
Çünki otuz ýaşar bu gün, ýeke didäm Hommadym.

Bu zatlary gören gülçiň, pikirleri boldy döwüm,
Ejemizde ýokmyka, ýarymyzda bar göwün...
42
40
Lilia_
08.09.2023 20:35
Ernest Hemingueý her okan adamy duýgulandyrjak 6 söz bilen hekaýa ýazaryn diýip jedel edipdir we jedelde utupdyr. Onuň hekaýasy:

“Çaga aýakgaplary satylýar. Geýilmedik.”

*****

Iň gysga awtobiografiýa ýazmak bäsleşiginiň ýeňijisi fransiýaly garry aýalyň awtobiografiýasy boldy:

“Ozal meniň tenim ýylmanakdy, tekizdi we ýygyrt eşigim bardy, indi bolsa – tersine.”

*****

Amerikan ýazyjysy Frederik Braunyň gysga hekaýasy:

“Ýerde galan iň soňky adam otagynda otyrdy. Birden gapy kakyldy…”

*****

Wiktor Gýugo “Kowulanlar” romanynyň golýazmasyny neşirýada şeýle hatjagaz bilen iberýär: “?”

Hata görä jogap gelýär: “!”.

*****

Makedon patyşasy Filip-II spartalylara ýazan haty:

“Size derrew maňa boýun egmegiňizi teklip edýärin, sebäbi eger-de meniň goşunym siziň ýerleriňize girse, men siziň baglaryňyzy ýok ederin, ilaty gul, şäheriňizi kül ederin”

Spartalylaryň jogaby gysga boldy:

“Eger-de”





Merjen YAZLYÝEWA,
52
120