Lilia_
08.09.2023 20:35
Ernest Hemingueý her okan adamy duýgulandyrjak 6 söz bilen hekaýa ýazaryn diýip jedel edipdir we jedelde utupdyr. Onuň hekaýasy:

“Çaga aýakgaplary satylýar. Geýilmedik.”

*****

Iň gysga awtobiografiýa ýazmak bäsleşiginiň ýeňijisi fransiýaly garry aýalyň awtobiografiýasy boldy:

“Ozal meniň tenim ýylmanakdy, tekizdi we ýygyrt eşigim bardy, indi bolsa – tersine.”

*****

Amerikan ýazyjysy Frederik Braunyň gysga hekaýasy:

“Ýerde galan iň soňky adam otagynda otyrdy. Birden gapy kakyldy…”

*****

Wiktor Gýugo “Kowulanlar” romanynyň golýazmasyny neşirýada şeýle hatjagaz bilen iberýär: “?”

Hata görä jogap gelýär: “!”.

*****

Makedon patyşasy Filip-II spartalylara ýazan haty:

“Size derrew maňa boýun egmegiňizi teklip edýärin, sebäbi eger-de meniň goşunym siziň ýerleriňize girse, men siziň baglaryňyzy ýok ederin, ilaty gul, şäheriňizi kül ederin”

Spartalylaryň jogaby gysga boldy:

“Eger-de”





Merjen YAZLYÝEWA,
52
120
lord
9 Sentýabr 2023
İň soňka sözum ýok!
fasat
9 Sentýabr 2023
,,Dogry" buda sungatyň bir görnüşi,emma many çykarmakda zorlanýarsyň,Bu bol bize ,,SUNGATYŇ" bermedik el etmez zady...(ýagny ,,Düşünmek")
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.