Lilia_
20.09.2023 13:35
"Uly görünýäñ" diýýärler ýaşymdan,
Men olardan asla gaty göremok.
"Wagtymdan has irräk ulaldýañ" diýip,
Günäni durmuşa atyberemok.

Belki ýaltalygym sebäp bolandyr,
Iýäýen bolmagam mümkin pikirleñ.
Kynçylyk görmedim, kakam gaçypdy,
Içine meñ üçin gazlan çukurlañ.

A men bolsa juda erkin ýetişdim,
Ulalmak isleýän mundan-da beter.
Gaýnat meni ykbal, uly bolaýyn,
Sowguñda doñduryp, oduña atar.

"Uly görünýäñ" diýýärler ýaşymdan,
Goý diýsinler, "kiçi" diýseler nätjek?!
Ulus-ilim ululygma guwanman,
Deregne buýsanan bolup ene-atam,
"Kiçijegim" diýip söýseler nätjek?!

Kerim HALLY
43
51
Lilia_
20.09.2023 08:43
Üç zat – wagt, söz we mümkinçilik hiç haçan yzyna dolanmaz. Şonuň üçin, wagty ýitirme, sözi saýlap diý, mümkinçiligi goldan sypdyrma.
39
32
Lilia_
20.09.2023 00:00
Biz maslahaty damjalap alýarys, ýöne bedreläp paýlaýarys.
47
77
Lilia_
19.09.2023 17:47
Gymmatbaha daşy ýonup-ýylmamazdan bejerip-gyraňlap bolmaýşy ýaly, adam hem köpsanly kyn synanyşyklarsyz üstünlige ýetip bilmez.
44
52
Lilia_
19.09.2023 13:58
Özgäniň kemçiligine bellik edip ýörmekden uly kemçilik barmyka?
42
35
Lilia_
19.09.2023 10:40
Islendik zady çalt gazanmaga howlukma,çünki, çalt gazanylan zatlar çalt ÿitmek bilen bolÿar.
46
75
Lilia_
19.09.2023 05:21
Gaharly wagtyñ hiç-haçan jogap berme.

Bagtly wagtyñ hiç-haçan söz berme.

Gynançly wagtyñ hiç-haçan karar berme.
46
54
Lilia_
19.09.2023 00:00
Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz täze dost tutunan ýaly bolýarys. Öň okan kitabymyzy gaýtadan okanymyzda bolsa, köne dostumyza sataşan ýaly bolýarys.

                                                                                                         F. Wolter.
45
70
Lilia_
18.09.2023 17:40
Biz nähili söýmeli?
Ýürek bilen görüp, ýürekden sözläp,
Ony hem ýüregiñ içinde gizläp.

Ýerlikli näz etse, näzini çekip,
Lezzetlen gözlerniñ içine bakyp.

Durmuş arzuwyndan dolup daşyşyp,
Göýä Toý mekana dönüp duşuşyk.

Çyn niýetler, çyn rejeler düzülip,
Durmuşa geçjegi barha syzylyp.

Diñe çyn duýgular bagta tarap ýol,
Ynamsyz arzuwlañ netijesi nol.

Duýdurman gabanyp, duýduryp söýüp,
Söýýäniñi diñe gulagna diýip.

Sowgat, serpaý bilen aýdylmaz söýgi,
Pulsuz güni taşlap gaýdylmaz söýgi.

Ýüregiñ sazyndan bogsañ bir çemen,
Söýgiñe iñ uly sowgatdyr meger.

Geljekki çagalañ ejesi deýin,
Söýüñ gyzlarmyzy, çynlakaý söýüñ!

Söýgiñ üçin gursañ mynasyp göreş,
Ol söýgüden synmaz bagtyña garaş.

KERIM HALLY
39
64
Lilia_
18.09.2023 13:08
Geçilen ýol
BIR ömrümi abraý bilen ýaşasam,
IKI dünýä arzuwlarma ýetdigim.
ÜÇ doganym garbap dursa daşymy,
DÖRT pasyldan rysgal döwlet tapdygym.

BÄŞ günlük dünýede, gün görmek üçin,
ALTY gün irmezden zähmet çekýäris.
ÝEDI gat Ýer şaryñ kynçylygyny,
SEKIZ bent goşguda zörledip ýörüs...

DOKUZ aýlap ene garnynda ýatyp,
ONA-da ýetenok aýdan hoş sözüm.
ON BIRIMDE başym çararyn öýtsem,
ON IKIMDE ejem ýuwdurar ýüzüm.

ON ÜÇ ýaşda, on üç gezek tolgunyp,
ON DÖRDI gijäniñ aýydeý gyza.
ON BÄŞ sany hat ýazarsyñ jogapsyz,
ON ALTYNJY gezek çökersiñ dyza.

ON ÝEDI ýaşyñda eräp ol gözel,
...ON SEKIZ şygryña özüni dözer.
ON DOKUZ ýyl pulun sowup kakamyñ,
ÝIGRIMIMDE edip Ilki gazanjym,
ÝIGRIM BIRE ýetdim ynha-da bu gün,
Ýarysy ökünjim, ýary guwanjym.
42
58