Biz nähili söýmeli?
Ýürek bilen görüp, ýürekden sözläp,
Ony hem ýüregiñ içinde gizläp.
Ýerlikli näz etse, näzini çekip,
Lezzetlen gözlerniñ içine bakyp.
Durmuş arzuwyndan dolup daşyşyp,
Göýä Toý mekana dönüp duşuşyk.
Çyn niýetler, çyn rejeler düzülip,
Durmuşa geçjegi barha syzylyp.
Diñe çyn duýgular bagta tarap ýol,
Ynamsyz arzuwlañ netijesi nol.
Duýdurman gabanyp, duýduryp söýüp,
Söýýäniñi diñe gulagna diýip.
Sowgat, serpaý bilen aýdylmaz söýgi,
Pulsuz güni taşlap gaýdylmaz söýgi.
Ýüregiñ sazyndan bogsañ bir çemen,
Söýgiñe iñ uly sowgatdyr meger.
Geljekki çagalañ ejesi deýin,
Söýüñ gyzlarmyzy, çynlakaý söýüñ!
Söýgiñ üçin gursañ mynasyp göreş,
Ol söýgüden synmaz bagtyña garaş.
KERIM HALLY