Lilia_
27.09.2023 10:39
MÄHIR
…Mähir gyşda hasam gerek, bilýärdim.
A.Garaýewa.
Dünýämi ýyladar ýaly
Maňa mähir gerek, eje.
Göwnümden gam gider ýaly,
Maňa mähir gerek, eje.
Meýli, ýanyp tutaşaýyn,
Ataşlara sataşaýyn,
Ýöne, haýyş ýeke şaýlyk,
Maňa mähir gerek, eje.
Yşk bilen ara tow sala,
Düşmäýin dowla, howsala,
Kalbymdan gyşy kowsana,
Maňa mähir gerek, eje.
Aýdylmadyk söz andymda,
Ýamanlyk yog-a zandymda,
Iň ýetmeýän zadym munda,
Maňa mähir gerek, eje.
Menem ile sereşläýin,
Ýürek tarym taraşlaýyn,
Diňe senden garaşýaryn,
Maňa mähir gerek, eje!
Ogulnur PIRJIKOWA,
44
40
Lilia_
27.09.2023 06:52
Ÿeňmek üçin güýç gerekmi? Eýsem, güýç ulanmazdan ýeňmeklik mümkinmi? Psihologlar, eger-de tötänlikden garşydaşa duş geläýseňiz, ruhdan düşmezligi maslahat berýärler. Gorkyny ýeňmegiň ygtybarly usuly ynamdyr. Siz ýeňjegiňize ynanyň we bir gezek uludan dem alyňda, “Men hökman ýeňerin”, “Men başararyn” sözlerini belent ruhda gaýtalaň. Bu sizi ýeňmäge ruhlandyrar. Garşydaşyňyz bilen tutluşyk mahalynda kän jedele girmäň, jedel siziň ünsüňizi böler. Üns pikirleriňizi galyba salyp, hereket etmäge ýardam berýär. Ynam — ýeňmekligiň ygtybarly usuly bolsa, üns şol ýeňşe sizi iterýän güýçdir. Men bu ýerde size güýji ulanmazdan ýeňmegiň däl-de, güýji has-da ýeňillik bilen, çalt we tiz garşydaşa zarba bermekligiň usullaryny ýatlatmak isleýärin.
Kämil bolmak üçin ilki bilen, öz erkli bolmalydyr. Çünki sen ilki öz-özüňi ýeňmeli, erk terezisinde özüňe agram bermeli. Wagtly-wagtynda gündelik maşklary ýerine ýetirmek, naharlanmak, arassa howadan dem almak, saýlap alan sportuň bir görnüşi bilen meşgullanmak ýaly işleri adaty endige öwürmeli. Şeýle-de, ýuwaş-ýuwaşdan gündelik fiziki hem-de ruhy maşklar bilen bedeniňi berkidip, ruhuňy kämilleşdirmeli.
Her gün adaty endigine eýerip, sport mekdeplerine gatnaýan türgeniň endiklerindäki psihologik taraplaryna ünsüňizi çekmek isleýärin. Türgeniň durmuşynda täze, özi üçin görülmedik dünýä açylýar. Her bir adamyň psihiki häsiýetinde bolşy ýaly, türgen hem öz başarnygyny görkezip, mynasyp baha berdirmek isleýär. Şeýle häsiýet ony sportuň başlangyç ýollarynyň kynçylyklaryny ýeňip geçmäge kömek edýär. Deň-duşlaryndan mylakatly aragatnaşygy, zähmetsöýerligi, çakganlyk-çalasynlygy, her bir meselede adalatly çözgüt çykarmaga ukyplylygy bilen saýlanmagy başarýar. Türgene şeýle ukyp-başarnyga ýetmekde dürli häsiýetdäki deň-duşlary we okuwdan daşary meşgullanýan sport kynçylyklary ýiti täsir edýär.
Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleri, ýaş türgenleri has-da höweslendirýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ulgamynda uly sepgitlere sary alyp barýan irginsiz işler ýaşlaryň sporta bolan höwesine höwes goşýar. Giň gerimde bütin ýurdumyzy gurşap alýan sport indi ähli raýatlarymyzyň meşgul bolýan asylly endigine öwrülýär. Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, mynasyp ýörelgelere üstünlikli eýerýän Arkadagly Serdarymyz ýaşlara nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar.
Türkmen sportunyň üstünliklere beslenýän at-owazasy mundan beýläk-de has-da dabaralansyn! Ýaş türgenlere bolsa ähli ýaryşlarda üstünlikler hemra bolsun!
Gurbanmyrat GURBANOW
43
34
Lilia_
27.09.2023 00:00
Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Hem ganasym gelýär yssy mähriňden.
Öçügsi umytlam biraz janlanýar,
«Seni ýitirmerin» diýen ähtiňden.
Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Ornaşasym gelýär seniň ýadyňa.
Sen bolmasaň kim ýetişer, ezizim,
Duman örten duýgularmyň dadyna?
Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Duýdurasym gelýär bir ýerde barym.
Hem aýdasym gelýär Aýyň astynda,
Hiç kese dözmedik sözlermiň baryn.
Men seniň dünýäňde galasym gelýär,
Mende göwnüň ýokdugyny bilsem-de.
Ýöne garaş. Bir gün sensiz günleriň
Perdesini ahyrsoňy böwserin-de,
Ýaşaryn söýgini süňňüme öwrüp,
Her eşdemde howsalamy artdyran—
adyň ýöňkemede menlige öwrüp.
Altyngözel AMANMÄMMEDOWA
44
41
Lilia_
26.09.2023 20:53
YNAMYŇ GÜÝJI
Ynam — öňe ymtylyşyň ýol-ýörelgesidir. Ol arzuwlara ýetmegiň ruhlandyryjysydyr, maksadyň hasyl bolmagynyň açarydyr. Ynam howaýy ymtylyşa däl, aýgytly durmuşy gurmaga netijeli ädimdir. Ynamyň güýji diňe özüňi däl, beýlekileriň öňe ymtylmagyna we işiň ilerlemegine şert döredýär. Dilewarlyk sungatynyň ussatlarynyň aýtmagyna görä, özündäki ynama daýanyp, adam öz pikrini sadadan düşnükli dilde düşündirmegi başarýar. Şeýle adamlar diňe bir pikriň awtory bolman, şol pikriň aktýory hem bolýar. Bu bolsa maglumatlaryň söhbetdeşine has ynandyryjy, takyk we täsirli ýetirmegine oňyn täsir edýär.
Adamlaryň käbiri bilen gürleşilende, diňe şu günüň gürrüňini edýändigini duýmak bolýar. Olar belli bir çäkde gürleýärler we şol çäk bilen oňňut etmeli bolýarlar. Öz öňünde maksat goýup, zähmet çekýän adamlaryň gürrüňi welin, başgaça. Sadadan sypaýy, diňledigiň saýy, diňläsiň gelip dur. Olar arzuwlaryny aýdanlarynda, hökman bolaýmaly ýaly görkezip, diňleýjini ynandyrmagy başarýarlar. Bu howaýy gürrüňi aňlatman, eýsem, ynamy görkezýär. Şol sebäpli hem her bir işde ynamly we maksadaokgunly hereket etmek gerek. Bu üstünlige barýan ýoldur.
Gurbanmyrat GURBANOW
50
70