Limon we şekeriň täsiri bilen ýüzüňizdäki islenilmeýän gyllardan dynyp bilersiňiz. Limon kähalatlarda peýdaly bolup, şeker bolsa köplenç zyýanly hasaplanýar. Aslynda, limon + şekeriň birleşmeginden ajaýyp peýdalary alyp bolýar.
Käbir hünärmenler bu usuly bilse-de, ony hiç kim bilen paýlaşmaýarlar.
Limon we şekeriň garyndysyndan emele gelýän bu melhem ýüzümizdäki gyllary aýyrmak üçin ulanylýan täsirli usuldyr. Bir limonyň suwuny bir gaba gysyp soňra oňa bir nahar çemçesi şeker goşuň. Garyndyny ýüzüňize çalyň we 15 minut saklaň. Soňra ýüzüňizi ýyly suw bilen ýuwuň. Bu usuly hepdede iki gezek gaýtalap bilersiňiz!