Lilia_
12.10.2023 14:30
ALLANUR ÇARYŸEW. / Seret bu gün...
Seret bu gün pese düşdi bulutlar ,
Howa sowuk çapgyn ýel bar aýazly .
Gowsy bu gün öýden çykman otyrgyn ,
Ýyly pejiňize çoýup aýagňy.
Iş bitmän-ä galmaz siziň öýňüzde ,
Jany sagka iki sany agalaň .
...Seňem içiň gyssa gürleşmek üçin ,
Daýzaňyzyň lälik gyzyn çagyryň .
Ýa bolmasa öýüň körpe " hanynyň " ,
Gözi burlup salançaga ýetdigem .
Üwre şony , bolman durmaz saňada
Bahanamyz akja bäbek etseňem .
Gelnejeňä birazajyk dynç alar ,
Seňem näme çaga üwrän adyň bor .
Daşardaha üşärsiň sen ýenede ,
Ne üýtgeşik edip bilen zadyň bor .
Sallançakda ýatan kiçi " hanyňam " ,
Ullakan bir bolup durmaz azary .
( Sallançagy üwremekmiş ynsanyň ,
Edip biljek iň mukaddes azaby . )
Kitap oka , goşgy ýazyp bolmanda -
Ýürekdäki diyjeklerňi boşatgyn .
Daş çyksaňam ýyly geýin , bolýamy ?!
Üşäýmegin " janjagazy toşap " gyz .
42
45
Lilia_
12.10.2023 08:47
Ýaş ýigitleriň biri akyldaryň ýanyna barypdyr. “Dana babam, ep-esli wagtdan bäri bir pikir serime hiç ynjalyk berenok. Arzuwsyz adam ýok. Arzuwyň bir ujunda hem geljekde boljak gowy zatlara garaşmak, bolaryny towakga etmek ýaly duýgular ýatyr. Emma her gezek ol-bu adamlaryň ýanynda arzuw-islegimi ýaňzydyp, içimi dökenimde, “seniň munyň tama bolýar, tamakinlik bolsa eý görülýän häsiýet däl” diýýärler. Men bolsa özümi gurşan bu duýgularyň tama däl-de, umytdygyny, şol zatlaryň hasyl boljagyna çyndan garaşýandygym bilen düşündirýärin. Ýöne her tarap ýene-de öz pikirinde galýar. Ýogsa-da, arzuw etmek – umytmy ýa-da tama?! Umyt bilen tamanyň näme tapawudy bar?” diýip sorapdyr.
“Ogul, özgeler bilen pikiriňi paýlaşmak ajap zat, emma üç zady her öňýetene aýdyp ýörmek uslyp bilinmez. Başarsaň, hiç kime-de ýaňzytma. Halys içiňe sygmasa, onda ynanýan birlän-ikilän adamyňa aýt, bolany. Şol üçüsi: arzuwlaryň, düýşleriň we özüňe ynanylan ýa-da şahsy syrlaryň. Syr saklamak hem belent häsiýetdir. Indi arzuwlaryň umytmy ýa-da tamalygy hakda söz açsak, arzuwlaryň umyt hem bolup biler, ýöne bir boş tama-da bolup biler. Umyt – şol maksadyň ugrunda yhlas edip, bir oňyn netijäniň hasyl bolaryna garaşmakdyr. Tama bolsa şonuň ugrunda hiç zat etmän, zähmet çekmän, ýene-de arzuwlaryň hasyl bolar diýip, diňe göwün ýüwürdip oturmakdyr. Ugrunda ylgamasaň, yhlas etmeseň hiç zat ýokdur, ogul” diýip, dana baba umyt bilen tamanyň arasyndaky parhy düşündiripdir.
Taýýarlan: Maral AKMYRADOWA
0
60
Lilia_
11.10.2023 21:39
ÝÜREGE ÝÜZLENME
Menzilimiz — ynam, umyt, bakylyk,
Ýeň bermek bolmaýar, ýetmeli pellä.
Çünki ak ertirler berdi çakylyk,
Sagymyz, solumyz, ýolumyz del däl.
Duşýan şowsuzlyklaň bereli merkin,
Ýolumyzdan ürküzmesin zenzele.
Gowşama, ýüregim, gowşatma erkiň,
Biz ir-u-giç ýeteris şol menzile.
Haýyrdan, zyýandan paýymyz ýetik,
Şujagaz ömürem köp zat öwretdi.
Täze ýara alyp, könämiz bitip,
Durmuş bizi ýara bilen höwür etdi.
Ýat boldy ýakynlar, dost boldy ýatlar,
Kösenip öwrendik ýaşamagy biz.
Ykbaly ýyladýar gursagy otlar,
Gursagy köz edip ýaşamaly biz.
Söýgi bilen gazanylýar bakylyk,
Ýöne olam mümkin diňe seň bile.
Şonuň üçin düzüw Päli şa kylyp,
Gel, howlukman, ýeteli şol menzile.
Sapa HOMMADOW
47
31
Lilia_
11.10.2023 11:56
Köp kitap okamaly. Kitap adamyň bilimini, pikirleniş derejesini, dil baýlygyny ösdürýär. Sözlemleri kämil düzmekligi başarmaklyk, dile çeperlik ukybyňy ýokarlandyrýar. Adama köp okamaklyk, köp zatlar bilmeklik zerur, şeýle bolsa-da bilýän zatlaryny ýerlikli ulanmagy başarýan adam üstünliklere ýetýär. Bu gündelik iş bilen tejribe bilen bilelikde, tejribe arkaly öwrenilýän ýagdaý. Şonuň üçin hem her günde kem bolanda iki sahypa bolsa hem, kitap okamaklyk endigini özümizde ösdürmeklik gerek.
Öz öňümizde uly maksat goýmaly we şol maksadymyza tarap dyrjaşmagymyz zerur.Şu mowzukdaky seminarda mugallym okuwçysyndan “Ulalaňda kim bolasyň gelýär?” diýip soraýar.Okuwçy uçarman bolasym gelýär diýende, şonda mugallym “Näme üçin uçarmanlyk bilen çäklenýäň, maksatyňy has ýokary tut. Maksatyň awiasiýalyk kompaniýa gurmak bolsyn. Öz garamagyňda birnäçe uçarmanlar bolar, köp adamlara, öz watanyň ösmegine peýdaň deger.” diýýär. Edil şolar ýaly öz saýlan hünäriňde hem ýeterlik bilimli bolmaklyk zerurdyr, öz goýan maksadyňa,arzuwyňa degişli hemme zatlary oňat bilmeklik gerek.
Häzirki döwürde öz hünäriňde kämil, başarnykly hünärmen bolmaklyk aýratyn mesele. Şol ugurdaky iň gerekli adam bolmaklyga dyrjaşmak gerek. Siz hakynda “Muny diňe pylany başarýar” diýlip aýdylaýjak derejede bolmaklyk gerek. Töweregiňizdäki adamlaryň hem öz ugryndan kämil, başarnykly bolmaklary siz üçin hem gowy bolar.Bu hem okamak, öwrenmek, tejribe, zähmet bilen bolýan zatlar. Bir professor aspirantyna: “Hiç kime mümkinçilik berilmeýär, mümkinçilik alynýar. Sen bu ýerde meniň bir zatlar öwretmekligime garaşma, seniň öziň gelip menden sorap al” diýen ekeni. Ýagny hiç kim taýýar zady öňüňe äkelip goýmaýar, ol zatlary almagymyz üçin özümiz hereket etmeli. Özümize ýüklenen borjumyzy ýerine ýetirip bilmek, jogapkärçilikli bolmak, hem-de adamlar ýagşy gatnaşyk saklap bilmeklik örän zerur. Üstünlikli adamlarda köp görülýän häsiýet-adamlar bilen oňat gatnaşykda bolup bilmekleri hemem adamlary özlerine seretdirip bilmekleri. Telekeçilik ýolunda üstünlige ýeten adamlaryň hemmesinde diýen ýaly şu häsiýetler bar.
Dünýä belli “General elektrik” kompaniýasyna 20 ýyl ýolbaşçylyk eden, ony uly üstünlilere ýetiren Jek Uelçden işe adam kabul edeniňizde haýsy aýratynlyklaryna seredip kabul edýärsiňiz diýip soralypdyr. Şonda ol: “Men 4 häsiýetine seredýärin:
Birinjisi, gaýratlylyk, erklilik (Bil Geýtsde bir bölüm başlygyny wezipä bellän wagtynda onuň gaýratlylygyna seredýänini aýdypdyr. Onuň rezýumesi bilen diplomyna kän bir üns bermeýär ekeni).
Ikinjisi, şol gaýratlylyk, erklilik häsiýetleri başgalara geçirip bilýän, töweregindäkileri höweslendirip bilýän, güýç-kuwwat, höweslendirme berip bilýän bolmaklyk.
Üçünjisi, haýsy hem bolsa bir ugurda, bir zatda üstünligi.
Dördünjisi, ynanylan işini ýerine ýetirip bilmekligi. Bir meselede maňa geleňsizlikler däl-de çözgüt äkelip bilýän bolmaklygy zerur “ diýen ekeni.
Irginsiz, zähmetsöýer bolmaklyk gerek. ,,Adamlar näme diýer? “ diýen sözlere, päsgelçiliklere, yza gaýtmalara, pikirlere aldanmaly däl.Tehnologiýada, ylymda uly üstünliklere ýeten köp adamlar şu pikirde galandyklary sebäpli üstünlige ýetipdirler.
Tomas Edison elektrik çyrasyny oýlap tapmaklyk üçin adamlaryň ,,Munyňdan hiç zat çykmaz’’ diýenlerine garamazdan 10000 gezek tejribe geçiripdir. Mark Zukerburg feýsbuk taslamasyna başlan wagty, onuň ideýasynyň onçakly üstünlikli boljagyna hiç kim ynanmandyr.
Hiç haçan ,, boldy, indi bolarlaý “ ýa-da ,,boldy, gutardym “ diýmeklik dogry däl.Atalarymyz ,, Sallançakdan mazara çenli ylym öwreniň ! “ diýipdirler.Her günimiz, her gören-eşidenimiz, başdan geçiren ýagdaýlarymyz aslynda biz üçin sapak, tejribe. Utyşymyzda tejribe alşymyz ýaly, utulyşymyzdan-da tejribe, sapak almaly.Elmydama gözleg içinde bolmaly.Tejribedäki, ulanylyşdaky amallary oňat bilmeklik bilen bir hatarda daş-töweregimizdäki bolup geçýän özgerişlikleri hem ünsden düşürmeli däl. Jek Uelç direktorlardan başlap, ýönekeý işçilere çenli hemme işgärleriň işe degişli pikirlerini, tekliplerini, talaplaryny diňläp, şol arkaly kemçilikleri düzedip, hem-de işiň gidişini sazlamaklygy öz usuly edip goýandygyny we şol arkaly hem üstünliklere ýetendigini aýdypdyr.
Maşgala içindäki ýylylyk, maşgala bagty hem üstünligiň ilkinji ädimidir.Öz ýoldaşyň bilen oňat düşünişmeklik, bala-çagalaryňy hem, ünsden düşürmezlik gerekdir.Eger öýde agzybirlik,dynçlyk bolmasa, işde hem üstünlige ýetmek kyndyr.Dogry, adyl bolmaklyk gerek.Iş, girdeji- ýaşaýşyň guraly.Diňe peýda, girdeji diýip başga zatlary ýatdan çykarmaklyk dogry däl. Şu aýdylanlar üçin maddy we ruhy gymmatlyklary sarp edýänlerden bolmazlyk gerekdir.Haýsy işde, nähili ýagdaýda bolsaňyz hem köçede, iş ýeriňde näme iş ýerine ýetirseňiz hem üstünlige ýeterin diýen ýagşy niýet bilen ýöreseňiz, öziňize-de,maşgalaňyza-da,jemgyýete-de peýdaňyzyň degjegi hakykat.
Döwlet Bazarow, Mary welaýatynyň, Ýolöten etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň mugallymy
49
51
Lilia_
10.10.2023 16:52
Ýaşasym gelýär...
Men uçmak islämok, guş dek asmana,
Uçýanlary synlap ýaşasym gelýär.
Isleg ýok özümi Gökden asmaga,
Ömri Ýerde synap ýaşasym gelýär.
Meni ýaratdylar, ýalkadylar hem,
Garyn dok, hiç kimden iýdirmedi kem,
Alma!
Ömür görsün atamdyr-enem,
Bir ömrüme sylap ýaşasym gelýär.
Sözlem ötgür çyksa, ýürekden ötse,
Barmaly menzilin, ýalñyşman ýetse.
Duşmanlara güýjüm ejizlik etse,
Sözler bilen çüýläp ýaşasym gelýär.
Gözüm dikilmesin özgäñ malyna,
Itler uwlasa-da garyp halyma...
Hallalykdan haýrym ýetip ilime,
Rysgalymy çeýnäp ýaşasym gelýär.
Togtamazdan barýar ömür kerweni,
Söýgi, duýgy bilen aýlap serleri.
Alladan dilegim bize berleni,
Yşk odunda gaýnap ýaşasym gelýär.
Durmuş oýun edýär adamzat bilen,
Kä-te aýagyñdan çiler bat bilen.
Bu islegim başa barmanam biler,
Ýoly özüm saýlap ýaşasym gelýär
Kerim Hally
43
33