Lilia_
12.10.2023 14:30
ALLANUR ÇARYŸEW. / Seret bu gün...
Seret bu gün pese düşdi bulutlar ,
Howa sowuk çapgyn ýel bar aýazly .
Gowsy bu gün öýden çykman otyrgyn ,
Ýyly pejiňize çoýup aýagňy.

Iş bitmän-ä galmaz siziň öýňüzde ,
Jany sagka iki sany agalaň .
...Seňem içiň gyssa gürleşmek üçin ,
Daýzaňyzyň lälik gyzyn çagyryň .

Ýa bolmasa öýüň körpe " hanynyň " ,
Gözi burlup salançaga ýetdigem .
Üwre şony , bolman durmaz saňada
Bahanamyz akja bäbek etseňem .

Gelnejeňä birazajyk dynç alar ,
Seňem näme çaga üwrän adyň bor .
Daşardaha üşärsiň sen ýenede ,
Ne üýtgeşik edip bilen zadyň bor .

Sallançakda ýatan kiçi " hanyňam " ,
Ullakan bir bolup durmaz azary .
( Sallançagy üwremekmiş ynsanyň ,
Edip biljek iň mukaddes azaby . )

Kitap oka , goşgy ýazyp bolmanda -
Ýürekdäki diyjeklerňi boşatgyn .
Daş çyksaňam ýyly geýin , bolýamy ?!
Üşäýmegin " janjagazy toşap " gyz .
42
45
Lilia_
12 Oktýabr 2023
@mawy, 🤭
Lilia_
12 Oktýabr 2023
@senorita, 🥰🌹
senorita
12 Oktýabr 2023
Nãhili gowy goşgy 😊❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.