Magnit hadysasy näme?
Adamyň kelle beýnisinde howanyň ýagdaýyna görä, üýtgeýän gormonlar bardyr. Atmosfera basyşy birdenkä üýtgände, çyglylyk derejesi ýokarlananda ýa-da peselende we şuňa meňzeş tebigy-howa şertleri üýtgände adam bedeni gormonal üýtgemelere uýgunlaşmaga ýetişmeýär. Netijede, ähli ulgamlarda, aýratyn hem ýürek-damar we nerw ulgamlarynda näsazlyklar ýüze çykýar. Bu ýagdaý ylaýta-da howanyň üýtgemegine duýgur (meteogaraşlylykly) adamlara ýaramaz täsir edýär.
Eýsem, bu hadysa nähili bolup geçýär? Ol adamyň saglygyna nähili täsir edýär? Magnit hadysasynyň täsirinden nädip goranmaly? Geliň, bu soraglaryň jogaby hakynda giňişleýin durup geçeliň.
Geomagnit hadysasy Ýeriň magnit meýdanynyň Gün ýylpyldamasynyň täsiri bilen tolgunmasydyr. Günüň atmosferasynyň ýokary gatlaklarynyň temperaturasy million derejä çenli ýetýär. Gün işjeňliginiň ýokarlanmagy wodorod we geliý atomlaryny öz hereketini tizleşdirmäge we özara çaknyşyp, bir-birinden elektronlary almaga mejbur edýär. Şeýle täsiriň netijesinde zarýadlanan bölejikleriň: elektronlaryň we protonlaryň tizligi şeýle bir ýokarlanýar welin, hatda olar Günüň dartyş güýjüni ýeňip geçmäge we älem giňişligine çykmaga ukyply bolýarlar. Zarýadlanan bölejikleriň kuwwatly akymy «Gün şemaly» diýlip atlandyrylýar. Gün işjeňliginiň ýokarlanan wagtynda Gün şemalynyň tizligi sekuntda 1000 kilometre (adatça sekuntda 200 kilometr) ýetýär. Onuň plazmalary takmynan 2-3 gije-gündiziň dowamynda Ýere gelip ýetýär we onuň geomagnit fonunyň asudalygyny bozýar. Magnit meýdanynyň güýjemesi çalt we güýçli üýtgemelere sezewar bolýar. Netijede magnit hadysasy döreýär.
Magnit hadysasy köplenç Ýer yklymynyň aşak we orta giňişliklerinde döreýär hem-de birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Bu hadysa aýda 2-3 gezekden köp gaýtalanmaýar. Alymlar Gün ýylpyldamalaryny we Gün şemalynyň tizligini hasaba almak bilen magnit hadysasynyň boljak wagtyny, onuň häsiýetini öňünden aýdyp bilýärler.
Ýeriň magnit meýdanynyň kuwwatly tolgunmalary Ýer yklymyndaky howanyň ýagdaýyna radio-telewizion, telegraf-elektron aragatnaşyklaryna, elekrik enjamlarynyň işine, adamlaryň saglygyna täsir edýär. Howa, deňiz, älem gämilerinde we ulagyň beýleki görnüşlerinde bu hadysanyň täsiri güýçlenýär.
Geomagnit hadysasy sagdyn adamlara-da belli bir derejede täsir edýär. Ýöne bu hadysa esasan haýsydyr bir näsazlykdan ýa-da dowamly keselden ylaýta-da ýürek-damar kesellerinden, nerw we psihiki bozulmalardan ejir çekýän syrkawlara howp salýar. Magnit hadysasy başlanmazdan 1 gün öň we bu hadysa tamamlanandan soňky 2 günüň dowamynda ýürek-damar we nerw keselleri bilen lukmana ýüz tutýan syrkawlaryň sanynyň 1,5 esse köpelýändigini dünýä alymlarynyň barlaglary görkezýär.
Gün işjeňliginiň ýokarlanmagy netijesinde adam bedeninde şeýle üýtgemeleriň bolup geçmegi mümkin:
• Immunitet üçin jogap berýän limfositleriň işlenilip çykarylyşy ýokarlanýar, ýöne olaryň işjeňligi ep-esli derejede peselýär. Netijede adamda kesellere, stresleriň we tebigy betbagtçylyklaryň täsirine garşy durmak ukyby peselýär. Käbir alymlaryň pikirine görä, magnit hadysasynyň bolup geçýän günlerinde diňe näsaglarda immunitet gowşaýar, bioritmler bozulýar, ruhy we nerw - dartgynlylygy peýda bolýar. Sagdyn adamlarda bolsa, immun ulgamy berkeýär, iş ukyby saklanýar, hatda ýokarlanýar.
• Ganda adamyň bioritmlerini we immunitetini goldaýan melatoniniň mukdary azalýar. Munuň özi gormonal bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär.
• Ganda adrenaliniň (stres gormony) derejesi ýokarlanýar.
• Kuwwatly tebigy adaptogen (uýgunlaşdyryjy) bolup durýan we stres ýagdaýlaryna durnuklylyk döredýän melaniniň işlenilip çykarylyşy peselýär.
• Çagalar düşündirip bolmaýan ýakymsyz duýgulary başdan geçirýär. Olaryň käbirinde bedeniň temperaturasy ýokarlanýar.
• Ýürek-damar ulgamynyň işi bozulýar. Muňa ýürek ritminiň üýtgemegi sebäp bolýar. Puls seýrekleşýär ýa-da ýygylaşýar. Gan goýalýar, lagtalanýar. Netijede ganaýlanyş peselip, dokumalarda kislorod ýetmezçiligi ýüze çykýar.
• Kelle beýnisine we nerw uçjagazlaryna kislorodyň ýeterlik barmaýandygy sebäpli adamyň keýpi gaçýar, susty peselýär, ukusy bozulýar, bogunlary, kellesi, myşsalary agyrýar. Arterial gan basyşy üýtgäp durýar.
Bedende bolup geçýän şeýle üýtgemeler çakyza, ýüregagyry tutgaýlarynyň tutmagyna, insultyň, miokardyň infarktynyň döremegine, depressiýanyň, ruhy näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirip bilýär.
Magnit hadysasyndan goranmak üçin näme etmeli?
Howanyň üýtgemegine ýokary duýgurlykdan bütinleý dynmak mümkin däldir. Ýöne käbir düzgünleri doly we dogry berjaý etmek arkaly bedeni tebigy hadysalaryň we howa şertleriniň duýdansyz üýtgemeginiň täsirinden gorap bolýandyr. Howanyň ýagdaýy we geomagnit hadysasy barada deslapdan habar beriji maglumatlar bilen yzygiderli tanşyp durmaly. Bu hadysanyň bolmagyna garaşylýan we bolup geçýän döwründe:
1. Bedene aşa köp agram salmakdan saklanmaly. Agyr fiziki işleri etmekden, sportuň agyr görnüşleri bilen meşgullanmakdan, nerwleri dartgynlaşdyrýan meseleleri çözmekden, stres döredýän ýagdaýlardan gaça durmaly. Işiň arasynda käte oturyp, dynjyňy almaly. Oturylyp edilýän işlerde wagtal-wagtal ýeriňden turup, ýönekeý beden maşklaryny ýerine ýetirmeli.
2. Arassa we salkyn howada daşarda gezmelemeli, pyýada gezelenç etmeli.
3. Onçakly gyzgyn bolmadyk we sowuk (buz ýaly däl) suwy gezekleşdirip, kontrast (gapma-garşylykly, temperaturaly), duş kabul etmeli.
4. Gün işjeňliginiň ýokarlanýan günlerinde ganda holesteriniň köpelýändigini, holesterin ýasmyjaklarynyň (blýaşka) emele gelmek ähtimallygynyň ýokarlanýandygyny göz öňünde tutup, iýmitiňe aýratyn üns bermeli. Alkogolly içgileri, çilimi, ýagly agyr naharlary, süýji tagamlary ulanmaly däl. Ýüregiň işini goldaýan kaliý, magniý elementlerine baý bolan, şeýle hem gandaky adrenalin gormonyny azaldýan ir-iýmişdir miweleri: limony, almany, kişmişi, kişdäni, çernikany, üljäni, gara garagaty (smorodina), bulduragany (malina), şetdalyny, erigi, banany ýeterlik iýmeli. Deňiz kelemi, merjimek, noýba, gabygy bilen gaýnadylan ýeralma, daglanan alma, gaýnadylan şugundyr peýdaly.
5. Ýertudana, limon atylan çaý içmeli.
6. Köşeşdiriji täsire eýe bolan (şirguýruk, walerýana, pion) hem-de dokumalardaky alyş-çalyş hadysalaryna oňyn täsir edýän (aloe, ewkolipt, ýertudana) dermanlyk ösümlikleriň melhemliklerini peýdalanmaly.
7. Eger ulanmaga garşy görkezmeler bolmasa, onda lukmanyň maslahaty bilen aspirin ýa-da gany suýaldýan başga bir dermany içmeli. Haýsydyr bir sebäbe görä şeýle dermanlary kabul edip bilmeýän adamlar sarymsak, injir iýip bilerler. Gipertoniki kriziň, insultyň, miokardyň infarktynyň döremeginiň öňüni almak üçin arterial gan basyşyny kadalaşdyrmaga ýardamly bejergi almaly.
8. Nokatlaýyn owkalama arterial gan basyşyny kadalaşdyrmaga, kellagyryny aýyrmaga ýardam edýär:
– ilki ýeňse tümmegini owkalamaly;
– soňra baş we süýem barmaklaryň bilen gulaklaryň ýumşajyk ýerlerini güýç bilen gysmaly;
– aýalaryň ortasynda çuňlukda ýerleşen nokatlara güýçli basmaly;
– başam barmaklaryň bilen külembike barmaklaryň ýassyjaklaryna basmaly.
9. Howanyň üýtgemegine ýokary duýgurlyk bolan adamlara magnit hadysasynyň bolup geçýän günlerinde ulag sürmek, ykjam telefonlary ulanmagy çäklendirmeli.
10. Haýsydyr bir dowamly keseli bar bolan näsaglar anyk maslahatlary almak üçin maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Adatça ulanýan dermanlaryny elýeterinde saklamaly.