Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň we ýylanlaryň gaçýandygy bireýýäm subut edildi. Muňa ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar.
Üzärligiň düzüminde adamyň bedenine peýdaly täsirini ýetirýän dürli maddalar, ýagny garmalol, garmin, peganin ýaly alkaloidler, kaliý, magniý, demir ýaly makroelementler, marganes, alýuminiý, nikel ýaly mikroelementler saklanýar. Bu ösümlik merkezi we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde, bogunlardaky guragyryda, dürli ýokançlarda, deri örtüginiň kesellerinde we soguljanlaryň garşysyna göreşmekde peýdaly.
Üzärlik ýurdumyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulmaýar. Dermanlyk maksatlar üçin gory ýeterlik. Ülkämiz boýunça üzärlikli otluklar takmynan 150-350 ga deňdir. Üzärligiň gür otluk 1 ga ýerinde 1400-42000 çenli ösümlik duşýar. Lukmançylyk maksatlary üçin üzärligiň oty, seýrek ýagdaýlarda tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň otuny ir baharda (aprelde) gunçalaýan wagty ýygnamaly. Çig maly adaty usulda guratmaly hem taýýarlamaly. Taýýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltada saklamaly. Möhleti 1-2 ýyl.