Leylaşka
10.01.2020 16:05
Eneme.
Sen meni ýaman gözlerden gorap saklajak bolduň,
Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp-saklajak bolduň.
Juda ýagşy suwlar bilen teşneligmi gandyryp,
Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöplejek bolduň.
Güldür atyr sepmekçidiň ýollaryma, yzlaryma,
«Goraň muny!» diýmekçidiň, meniň söýjek gyzlaryma
Ýetmezimi ýuwmakçydyň, ýagşyň ýeri ýuwşy ýaly.
Öz mähriňi bermekçidiň, gury çykan sözlerime.
Sen meni ýaman gözlerden gorap, saklap bilmediň,
Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp, saklap bilmediň.
Iliň içýän suwy bilen teşneligmi gandyrdyň,
Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöpläp bilmediň.
Hemmelerden artyk borum islediň sen başky günüm,
Ine, görseň, iliňkiden ne artyk, ne kemdir günüm.
Ýöne käte, nämüçindir ýa şat bolsam, ýa-da girýan.
Örän, örän, örän tanyş sesiň bilen öýe girýäň.
Ine, durun seň öňüňde sakal-murtly gelişiksiz.
Nämüçindir arzuwyň däl, nämüçindir tagaşyksyz,
Bu dünýäniň bir ajaýyp, bir gazaply kanuny bar.
Bolmaly, bolmasyz zatlar enä hiç geňeş salmaýar.
Ine, durun seň öňüňde diňe ak süýdüňi emen,
Meni hiç bir zatdan gorap bilmedik, ýalňyz enem!
G.E.
Gurbannazar Ezizow şu gosgyn sonky bendini doly tamamlamandygyny,yagny gosgynyn entek gutarylmadyk gosgydygyny bellap gecipdir. Muna garamazdan gosgy bizin yüreğimizde şeyle orun aldy welin tamamlanmadygy hem duyulmayar.
18
657
Leylaşka
08.01.2020 17:00
"Ýaşlyk Dramasyna" goşulmadyk bentler KERIM GURBANNEPESOW
Ne-hä e bardy , ne-de bir çörek ,
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Söýüsmage yurek gerekdi , yurek
Menin yigit wagtym
Senin gyz wagtyn
Shonda-da käteler bälçiräp içgin ,
Diyerdik : "Soyushmek hemme wagt mümkin.
Öÿlenmek - gerek zat kopelmek ucin ,
Urshun gazap wagty ,
Adam az wagty !...."
Bir ýyllap degmandi lebiñe lebim ,
Dine gatysypdy demiñe demim
Soñ bir gün bozuldy beÿle edebim ,
Menin jeyhun wagtym,
Senin yaz wagtyn .
Bushlap ÿeñis bilen gutaran urshy ,
Aldygyna ýüwürdim öýüñize garshy .
Bushlugyma lebiñden üzüldim ÿagshy ,
Menin yigit wagtym
Senin gyz wagtyn ....
Ursh yenish bilen boldy-da tamam ,
Iñ ilkinji soldat dolandy aman .
Sholdy ilki posa ilki bahanam
Menin yigit wagtym senin gyz wagtyn ....
Sagymyz - derÿady , çepimiz gaçy ,
Toraññyñ sayasy , Awgustyñ 3-i
Birden dolup gitdi gujagymyn ici ,
Menin bürgüt wagtym
Senin gaz wagtyn .
Gijeler adyñy nagsh edip shygyra ,
Gündüzler ozüñi basardym bagra
Emma arzuwlarymyz barmady ugra ,
Menin yigit wagtym
Senin gyz wagtyn.
14
726