Eneme.
Sen meni ýaman gözlerden gorap saklajak bolduň,
Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp-saklajak bolduň.
Juda ýagşy suwlar bilen teşneligmi gandyryp,
Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöplejek bolduň.
Güldür atyr sepmekçidiň ýollaryma, yzlaryma,
«Goraň muny!» diýmekçidiň, meniň söýjek gyzlaryma
Ýetmezimi ýuwmakçydyň, ýagşyň ýeri ýuwşy ýaly.
Öz mähriňi bermekçidiň, gury çykan sözlerime.
Sen meni ýaman gözlerden gorap, saklap bilmediň,
Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp, saklap bilmediň.
Iliň içýän suwy bilen teşneligmi gandyrdyň,
Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöpläp bilmediň.
Hemmelerden artyk borum islediň sen başky günüm,
Ine, görseň, iliňkiden ne artyk, ne kemdir günüm.
Ýöne käte, nämüçindir ýa şat bolsam, ýa-da girýan.
Örän, örän, örän tanyş sesiň bilen öýe girýäň.
Ine, durun seň öňüňde sakal-murtly gelişiksiz.
Nämüçindir arzuwyň däl, nämüçindir tagaşyksyz,
Bu dünýäniň bir ajaýyp, bir gazaply kanuny bar.
Bolmaly, bolmasyz zatlar enä hiç geňeş salmaýar.
Ine, durun seň öňüňde diňe ak süýdüňi emen,
Meni hiç bir zatdan gorap bilmedik, ýalňyz enem!
G.E.
Gurbannazar Ezizow şu gosgyn sonky bendini doly tamamlamandygyny,yagny gosgynyn entek gutarylmadyk gosgydygyny bellap gecipdir. Muna garamazdan gosgy bizin yüreğimizde şeyle orun aldy welin tamamlanmadygy hem duyulmayar.