Gahar - bu näme Biziň köpimiz gaharlanmaklygyň edepsizlikdigini çagalykdan eşiden hem bolsak, gahar – bu adam üçin mahsus duýgudyr. Gahar – bu çäklendirmelere, ýagny işleriň biziň isleýşimiz ýaly bolmaýanlygyna garşy döreýän adaty duýgydyr. Ähli duýgular hat-da gahar, gazap, gyzmalyk ýaly duýgular hem biziň barlygymyzyň bir bölegidir. Emosiýa bu biziň başdan geçirýän ähli duýgularymyzyň ruhy ýüze çykmasydyr. Ýakymly we ýakymsyz duýgular biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Eger-de adamyň çalt gahary gelýän bolsa näme etmeli? Bu gahary basyp köşeşmelimi? Ýasama ýylgyrmalymy? Hemme zat gülala-güllük diýip hasap etmelimi? Elbetde ýok! Şeýle ýasamalyk bilen öýkäňi ýuwudyp, käbir adamlaryň diýşi ýaly «gaharyňy içiňe salyp» hem bolar. Beýle ýagdaý newroz keseliniň we beýleki erbet keselleriň döremegine-de getirip biler. Haçanda adamda «içiňe ýuwudylan gahar» hetdenaşa köp bolanlygynda ownuk düşünişmezlik üçin hem ol gahardan ýaňa «ýarylyp» birinе zeper ýetirip, ynjydyp hem biler. Bu ýagdaý juda kän ýygnalan bugyň çykmak üçin ýer tapman bug gazanyny ýaryşyny ýatladýar. Gaharyňy AŇLATMAGY öwrenmek zerurdyr. «Aňlatmak» düşünjesi aýtmak ýaly manyny berýär. Diýmek haýsydyr bir duýgyny, hat-da gahar, gazap, gyzmalyk ýaly duýgulary beýan etmek üçin sözleri ulanmak, aýtmak, gürrüň bermek zerurdyr. Emma gahary gelip duran adam üçin şol wagt öz duýgularyny aňlatmak kyn ýaly bolup görünse-de, siz öz duýgyňyzy aýdyp bilseňiz, onda siziň nämä haharlanýanlygyňyz, beýleki adamlardan nämä garaşýandygyňyz, we näme zat bilen ylalaşmaýanlygyňyz töweregiňizdäkilere has-da düşünikli bolar. Gahary – beýleki adamlardan zorluk, hüjüm ýa-da dawa-jenjel arkaly çykarmak bu adamlara däl-de haýwanlarа mahsusdyr.
Gahary nädip ýeňmeli Gahary ýeňmek – bu onuň energiýasyny size we siziň özara gatnaşyklaryňyz üçin bähbitli tarapa ugrukdyrmakdyr. Biz Size gahardan üstün çykmaga we töweregiňizkdäkiler bilen hoşniýetli gatnaşyklara başlamaga itergi berjek birnäçe ädimleri ädip görmegi teklip edýäris. 1. Öz-özüňizi köşeşdiriň. Eger-de siz gaharyňyzyň artýandygyny duýsaňyz onda gaharyňyzy getirýän zatdan (entek giç bolmanka) çekiljek boluň. Özüňiziň halaýan, sizi köşeşdirýän bir zatlara güýmeniňö (sport bilen meşgullanyň, ylgaň, gezim ediň, aýdym-saz diňläň, hoşniýetli adam bilen söhbetdeş boluň, ýöne ZEÝRENMÄŇ). Uludan dem alyň, ona çenli we tersine ondan bire çenli sanaň. Içiňizden şu sözleri gaýtalaň: «Garaş» «Howlukma» «Ýarylma» «1 minutjyk garaş» «Köşeş» «Biraz pikirlen» 2. Haçan-da özüňizi ele alanyňyzdan soň hakykatda näme bolýandygy barada pikir ediň: Meni näme gaharlandyrýar? Maňa hakykatdanam biri hüjüm edýärmi, ýa-da meniň göwnüme degýärmi? Maňa diýilýän zatlar dogrumy? Belki men kimdir birinden ýa-da öz-özümden has köp zada garaşanlygym üçin gaharlanýandyryn? Belki men öz-özüme gaharlanyp, günäni beýlekileriň üstüne atýandyryn. Meniň gaharlanmagymyň peýdaly tarapy barmy? 3. Çykalganyň gözlegi: Bu ýagdaýda maňa wajyp zat näme? Meseläni çözmek üçin men näme edip bilerin? Mende nähili mümkinçilikler bar we olaryň iň amatlysy haýsy? 4. Eger-de mesele çözülmedik ýagdaýynda: Özüňiziň ähli zady üýtgedip bilmejekligiňizi ýatlaň. Bu meseläni ýatdan çykarmaga çalyşyň. Bu ýagdaýyň siziň durmuşyňyzy bozmagyna ýol bermäň. 5. Eger-de size dawany çözmek başardan bolsa : Özüňizi gutlaň, özüňize kanagatlanma duýgusyny duýmaga ygtyýar beriň. Siz öz- özüňizi ýeňmegi başardyňyz. Her bir pikiri ýa hasiýati üýtgetmek üçin wagt we türgenleşik gerek bolýar. Her bir şahsy özgeriş bolsa okuwy talap edýär. Täze başarnyklara yzygider gaýtalamak bilen eýe bolunýar. Biz bir wagtlar öýke-kinäni, gahar-gazaby zorlugyň, hüjümiň we dawa-jenjeliň üsti bilen beýan etmegi öwrendik. Indi bolsa ony üýtgetmek isleýäris. Biz özümizi gozgalaň tapdyrýan, gaharymyzyň gelmegine mejbur edýän wakalaryň az bolmagyny gazanmaklygyň üstünde işlesek, muny başarmagyň ýeňiliräk düşmegini gazanarys. Bunuň syry beýleki adamlaryň, edil özüňiz ýaly, öz garaýşlaryna, artykmaçlygyna, isleg-arzuwlaryna bolan hukuklara eýedigi baradaky hakykaty ykrar etmekdedir.
Towuk, ýumurtga we et üçin ösdürilip ýetişdirilýän guş. Towuklar, adatça, arzan. Şeýle-de bolsa, guşlaryň käbir tohumlary ýokary bahasy bilen islendik adamy haýran galdyryp biler. Dünýädäki iň