Gahar-bu näme?
04.09.2021
0.9
Psihologiýa
13
1 962

Gahar - bu näme
Biziň köpimiz gaharlanmaklygyň edepsizlikdigini çagalykdan eşiden hem bolsak, gahar
– bu adam üçin mahsus duýgudyr. Gahar – bu çäklendirmelere, ýagny işleriň biziň
isleýşimiz ýaly bolmaýanlygyna garşy döreýän adaty duýgydyr. Ähli duýgular hat-da
gahar, gazap, gyzmalyk ýaly duýgular hem biziň barlygymyzyň bir bölegidir. Emosiýa
bu biziň başdan geçirýän ähli duýgularymyzyň ruhy ýüze çykmasydyr. Ýakymly we
ýakymsyz duýgular biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir.
Eger-de adamyň çalt gahary gelýän bolsa näme etmeli? Bu gahary basyp
köşeşmelimi? Ýasama ýylgyrmalymy? Hemme zat gülala-güllük diýip hasap etmelimi?
Elbetde ýok! Şeýle ýasamalyk bilen öýkäňi ýuwudyp, käbir adamlaryň diýşi ýaly
«gaharyňy içiňe salyp» hem bolar. Beýle ýagdaý newroz keseliniň we beýleki erbet
keselleriň döremegine-de getirip biler. Haçanda adamda «içiňe ýuwudylan gahar»
hetdenaşa köp bolanlygynda ownuk düşünişmezlik üçin hem ol gahardan ýaňa
«ýarylyp» birinе zeper ýetirip, ynjydyp hem biler. Bu ýagdaý juda kän ýygnalan bugyň
çykmak üçin ýer tapman bug gazanyny ýaryşyny ýatladýar.
Gaharyňy AŇLATMAGY öwrenmek zerurdyr. «Aňlatmak» düşünjesi aýtmak ýaly
manyny berýär. Diýmek haýsydyr bir duýgyny, hat-da gahar, gazap, gyzmalyk ýaly
duýgulary beýan etmek üçin sözleri ulanmak, aýtmak, gürrüň bermek zerurdyr. Emma
gahary gelip duran adam üçin şol wagt öz duýgularyny aňlatmak kyn ýaly bolup
görünse-de, siz öz duýgyňyzy aýdyp bilseňiz, onda siziň nämä haharlanýanlygyňyz,
beýleki adamlardan nämä garaşýandygyňyz, we näme zat bilen ylalaşmaýanlygyňyz
töweregiňizdäkilere has-da düşünikli bolar. Gahary – beýleki adamlardan zorluk,
hüjüm ýa-da dawa-jenjel arkaly çykarmak bu adamlara däl-de haýwanlarа
mahsusdyr.

Gahary nädip ýeňmeli
Gahary ýeňmek – bu onuň energiýasyny size we siziň özara gatnaşyklaryňyz üçin
bähbitli tarapa ugrukdyrmakdyr. Biz Size gahardan üstün çykmaga we
töweregiňizkdäkiler bilen hoşniýetli gatnaşyklara başlamaga itergi berjek birnäçe
ädimleri ädip görmegi teklip edýäris.
1. Öz-özüňizi köşeşdiriň. Eger-de siz gaharyňyzyň artýandygyny duýsaňyz onda
gaharyňyzy getirýän zatdan (entek giç bolmanka) çekiljek boluň. Özüňiziň halaýan,
sizi köşeşdirýän bir zatlara güýmeniňö (sport bilen meşgullanyň, ylgaň, gezim ediň,
aýdym-saz diňläň, hoşniýetli adam bilen söhbetdeş boluň, ýöne ZEÝRENMÄŇ).
Uludan dem alyň, ona çenli we tersine ondan bire çenli sanaň. Içiňizden şu sözleri
gaýtalaň:
 «Garaş»
 «Howlukma»
 «Ýarylma»
 «1 minutjyk garaş»
 «Köşeş»
 «Biraz pikirlen»
2. Haçan-da özüňizi ele alanyňyzdan soň hakykatda näme bolýandygy barada pikir
ediň:
 Meni näme gaharlandyrýar?
 Maňa hakykatdanam biri hüjüm edýärmi, ýa-da meniň göwnüme
degýärmi?
 Maňa diýilýän zatlar dogrumy?
 Belki men kimdir birinden ýa-da öz-özümden has köp zada garaşanlygym
üçin gaharlanýandyryn?
 Belki men öz-özüme gaharlanyp, günäni beýlekileriň üstüne atýandyryn.
 Meniň gaharlanmagymyň peýdaly tarapy barmy?
3. Çykalganyň gözlegi:
 Bu ýagdaýda maňa wajyp zat näme?
 Meseläni çözmek üçin men näme edip bilerin?
 Mende nähili mümkinçilikler bar we olaryň iň amatlysy haýsy?
4. Eger-de mesele çözülmedik ýagdaýynda:
 Özüňiziň ähli zady üýtgedip bilmejekligiňizi ýatlaň.
 Bu meseläni ýatdan çykarmaga çalyşyň.
 Bu ýagdaýyň siziň durmuşyňyzy bozmagyna ýol bermäň.
5. Eger-de size dawany çözmek başardan bolsa :
 Özüňizi gutlaň, özüňize kanagatlanma duýgusyny duýmaga ygtyýar beriň. Siz öz-
özüňizi ýeňmegi başardyňyz.
Her bir pikiri ýa hasiýati üýtgetmek üçin wagt we türgenleşik gerek bolýar. Her
bir şahsy özgeriş bolsa okuwy talap edýär. Täze başarnyklara yzygider gaýtalamak
bilen eýe bolunýar. Biz bir wagtlar öýke-kinäni, gahar-gazaby zorlugyň, hüjümiň we
dawa-jenjeliň üsti bilen beýan etmegi öwrendik. Indi bolsa ony üýtgetmek isleýäris.
Biz özümizi gozgalaň tapdyrýan, gaharymyzyň gelmegine mejbur edýän wakalaryň
az bolmagyny gazanmaklygyň üstünde işlesek, muny başarmagyň ýeňiliräk
düşmegini gazanarys. Bunuň syry beýleki adamlaryň, edil özüňiz ýaly, öz
garaýşlaryna, artykmaçlygyna, isleg-arzuwlaryna bolan hukuklara eýedigi baradaky
hakykaty ykrar etmekdedir.
Myhman Myhman
3 Oktýabr 2022
Name ucin çalt gahar gelya
Myhman Myhman
14 Sentýabr 2022
Halamadyk herekedimi eden adama agzynyñ payyny bermeli bolyan 😶
jemal_seyitniyazowa
14 Awgust 2022
Ýuwutmak wagt alýa🤕
Myhman Myhman
7 Iýun 2022
Gahar yenilmejek zat
Myhman Myhman
24 Aprel 2022
Berekella
Caryyewajeren
23 Aprel 2022
👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
12 Mart 2022
Myhman , dostum mena sowen adamlar ya cala birzat eden bolsa gaharlanyan
Myhman Myhman
7 Sentýabr 2021
Sagbolun oran ajayyp maslahat
Myhman Myhman
5 Sentýabr 2021
👏👏👏👍
guli_
4 Sentýabr 2021
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.