lord
31.01.2022 14:40

  Ýeriň şar şekildedigini subut etmek üçin Ýeriň daş-töweregine bolan syýahat 20. 09. 1519-njy ýyldan 07. 09. 1522-nji ýyla çenli, ýagny 1081 gün dowam edipdir. Syýahat üçin ispan koroly Karl 1 bäş sany ulakan gämi we 265 adamdan ybarat ekipaž hem beripdir. Syýahatyň başynda asly portogaliýaly bolan Fernando Magellan (1480-1521-nji ýyllar) durupdyr. Onuň hakyky familiýasy Magalýanf bolupdyr.  

Ýer ýüzüne ilkinji aýlanyp çykan 18 adam

Döwürdeşleri ony Magellan diýp atlandyrypdyrlar. Magellanyň syýahaty 16-njy asyryň örän ähmiýetli wakasyndyr. Sebäbi, ekspedisiýa günbatara gidip, yzyna dolanan wagtynda gündogar tarapdan gelipdir. Şeýlelikde, bu syýahat Ýeriň şar şekildedigini örän gowy subut edipdir. Syýahatyň netijesinde Dünýä okeanynyñ bütewiligi anyklanypdyr. Ýer hakyndaky bilimleriň mundan beýläkde ösmegi üçin syýahatyň ähmiyeti juda uly bolupdyr.
 

 Flippin adalar toplumynda ýerleşen Matan adasynda Magellan 27. 05. 1521-nji ýylda ýerli ýaşaýjylar bilen özara tire-taýpa çaknyşygynda heläk bolupdyr. Syýahatyň taryhçysy Pigaffettanyň ýazmagyna görä, Magellan ýüzi aşak ýagdaýda ýere ýykylypdyr, emma ol şonda-da yzyna öwrülip, öz adamlaryna seredipdir, senenamaçy bu barada şeýle ýazýar:"Meniň adamalarym gämä mündimikä?"- diýip komandir gaty gygyrýardy. Magellandan başgada bu ýerde ispanlardan ýene-de 8 adamyň heläk bolandygyny Pigaffetta ýazypdyr.
 

 Magellan heläk bolandan soňra "Wiktoriýa" gämisiniñ kapitany syýahatyň baştutany Huan Sebestýan de El-Kano (1487-1526) bolýar. Syýahatçylar El-Kanonyň ýolbaşçylygynda 1522-nji ýylyň 7-nji Sentýabrynda ispan gämi duralgasy bolan San-Lukara gelip ýetipdir. Şondan 5 gämi hem-de 265 adamdan ybarat syýahatçylardan diñe 1 gämi "Wiktoriýa" bary-ýogy 18 adam bilen ýetip gelýär. Dünýä taryhynda ilkinji bolup diňe 18 adam Ýer şarynyň daşyndan aýlanyp çykýar. İne-de, şol ykbaly çüwen 18 adamyň sanawy:
1. Huan Sebastýan de El-Kano
2. Fransisko Albo
3. Migel Rodos
4. Huan de Akurýo
5. Antonio Pigaffetta
6. Wasko Gamiş Galýego
7. Emando de Bustamente
8. Nikolaý Grek
9. Migel Sançes de Rodos
10. Gans (Aýres)
11. Antonio Ernandes
12. Martin de Ýudisibus
13. Huan de Santadres
14. Fransisko Rodrigis
15. Huan Rodrigis
16. Diego Karmona
17. Huan de Aratýa
 18. Huan de Sibuleta (14 ýaşly ýetginjek ekeni)

10
654
lord
31.01.2022 12:07
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmuş ornuma indi düşünýän.

Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim.
Kyn pursatym medet berdi kalbyma,
Jadyly däl — seniň ynsan gözleriň,

«Kim men?» Jogap tapman
şu günlere çen,
Seni söýüp, kimdigimi bildim men,
Ýeňil gopdum başyňdaky öýme dek,
Diýdim: «Ejiz bu dünýäde söýmedik!»

Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok,
Ejizlik bar dünýäde.


Gurbannazar Ezizow.
9
57
lord
lord
30.01.2022 09:09
Düýn irräk ýatjak diýemde, gije 03:20-de men:
lord
lord
29.01.2022 23:30
Puluň ýoklugyny şeýdip düşündirmeli:
lord
lord
29.01.2022 14:37
Daşlar käbir adamlaryň ýüreklerinden ýumşakdyr.
lord
23.01.2022 19:37
-dos bilyaňmi name, maňa durmuş onsuz garaňky.
+dos, kim ol?!
-gözümlaý
15
231
lord
18.01.2022 13:59

Hiç wagt ýaramaz we binamys adamlardan ar alyjy bolmaň. Diňe üstünlikli boluň, olar muňa çydap bilmezler.


    Ýuriý Nikulin.
11
70
lord
18.01.2022 13:50

Ynsan ogly käwagtjyk bolsa-da aýnada özüni görmeli. Görmegeýmikäm diýp däl, adammykam diýp.

     Tuncel Kurbs
11
54
lord
lord
17.01.2022 19:04
Windows-da con ady bilen papka döredip bolmaýar. Sebäbi, con sözi Bill Gatesiň çagalykdaky lakamy bolupdyr.
lord
15.01.2022 17:16

“YouTube” taryhynda ilkinji gezek çagalaryň aýdym wideosyny 10 milliarddan gowrak tomaşa etdi


Meşhur wideo hyzmaty “YouTube” öz taryhynda düýpgöter rekord goýdy.


Bu wideo görnüşleri hakda. Rekord goýýan wideo Günorta Koreýadan Pinkfong (Pink Phone) tarapyndan öndürilen klip boldy.

Wideo: Baby Shark Dance (“Çaga akula tansy”) diýilýär. Hyzmatda peýda bolan gününden başlap, 10 milliarddan gowrak tomaşa ýygnady.

“YouTube” -yň wekilleri muny 13-nji ýanwarda, sosial ulgam Twitterde yglan etdiler.

Bu gün taryhy üstünliklerimizi belleýäris. "Baby Shark Dance", YouTube-da 10 milliard tomaşa eden taryhda ilkinji wideo boldy.

Theeri gelende aýtsak, bu wideo 11 dilde ýüzden gowrak üýtgeşiklikde surata düşürildi.

Klipiň baş gahrymanlary oglan we gyz - tans maşklaryny ýerine ýetirýän mahaly, çaga akula we maşgalasy hakda aýdym aýdýarlar. Animasiýa fonda.

Bu wideo ilkinji gezek 2016-njy ýylda YouTube-da çap edildi. Birnäçe ýyldan soň, wideo Despacito (Luis Fonsi) ýaly tomaşaçylaryň sany boýunça iň meşhur aýdym-saz wideolaryndan öňe geçdi.

“Baby Shark Dance” wideosynyň Ginnesiň Rekordlar kitabynda YouTube-da iň köp görülýän wideo hökmünde ýazga alnandygyny bellemelidiris.

Awtory: Pawel Gospodarik
Çeşme: belnovosti.by@yandex.ru

9
1 318