Ýeriň şar şekildedigini subut etmek üçin Ýeriň daş-töweregine bolan syýahat 20. 09. 1519-njy ýyldan 07. 09. 1522-nji ýyla çenli, ýagny 1081 gün dowam edipdir. Syýahat üçin ispan koroly Karl 1 bäş sany ulakan gämi we 265 adamdan ybarat ekipaž hem beripdir. Syýahatyň başynda asly portogaliýaly bolan Fernando Magellan (1480-1521-nji ýyllar) durupdyr. Onuň hakyky familiýasy Magalýanf bolupdyr.
Döwürdeşleri ony Magellan diýp atlandyrypdyrlar. Magellanyň syýahaty 16-njy asyryň örän ähmiýetli wakasyndyr. Sebäbi, ekspedisiýa günbatara gidip, yzyna dolanan wagtynda gündogar tarapdan gelipdir. Şeýlelikde, bu syýahat Ýeriň şar şekildedigini örän gowy subut edipdir. Syýahatyň netijesinde Dünýä okeanynyñ bütewiligi anyklanypdyr. Ýer hakyndaky bilimleriň mundan beýläkde ösmegi üçin syýahatyň ähmiyeti juda uly bolupdyr.
Flippin adalar toplumynda ýerleşen Matan adasynda Magellan 27. 05. 1521-nji ýylda ýerli ýaşaýjylar bilen özara tire-taýpa çaknyşygynda heläk bolupdyr. Syýahatyň taryhçysy Pigaffettanyň ýazmagyna görä, Magellan ýüzi aşak ýagdaýda ýere ýykylypdyr, emma ol şonda-da yzyna öwrülip, öz adamlaryna seredipdir, senenamaçy bu barada şeýle ýazýar:"Meniň adamalarym gämä mündimikä?"- diýip komandir gaty gygyrýardy. Magellandan başgada bu ýerde ispanlardan ýene-de 8 adamyň heläk bolandygyny Pigaffetta ýazypdyr.
Magellan heläk bolandan soňra "Wiktoriýa" gämisiniñ kapitany syýahatyň baştutany Huan Sebestýan de El-Kano (1487-1526) bolýar. Syýahatçylar El-Kanonyň ýolbaşçylygynda 1522-nji ýylyň 7-nji Sentýabrynda ispan gämi duralgasy bolan San-Lukara gelip ýetipdir. Şondan 5 gämi hem-de 265 adamdan ybarat syýahatçylardan diñe 1 gämi "Wiktoriýa" bary-ýogy 18 adam bilen ýetip gelýär. Dünýä taryhynda ilkinji bolup diňe 18 adam Ýer şarynyň daşyndan aýlanyp çykýar. İne-de, şol ykbaly çüwen 18 adamyň sanawy: 1. Huan Sebastýan de El-Kano 2. Fransisko Albo 3. Migel Rodos 4. Huan de Akurýo 5. Antonio Pigaffetta 6. Wasko Gamiş Galýego 7. Emando de Bustamente 8. Nikolaý Grek 9. Migel Sançes de Rodos 10. Gans (Aýres) 11. Antonio Ernandes 12. Martin de Ýudisibus 13. Huan de Santadres 14. Fransisko Rodrigis 15. Huan Rodrigis 16. Diego Karmona 17. Huan de Aratýa 18. Huan de Sibuleta (14 ýaşly ýetginjek ekeni)