lord
17.04.2022 13:17
Bir uniwersitetiň kitaphanasynda, oglan gyzyň stoluna ýakynlaşyp ýuwaşjadan soraýar: "Siziň ýanyňyzda oturyp bilerinmi?!". Gyz: "Gijämi siziň bilen bozuk etmek islemen!...".
Gyzyň diýen sözüni hemme eşidipdi, başlaryny galdyryp oglana seredýärdiler. Oglan gaty erbet utanyp hiç zat diýip bilmän, gamly ýagdaýda öz stoluna tarap gaýdýar... Birnäçe minut geçensoň, gyz sessizje ýerinden turýar we ýaňky oglanyň stoluna ýakynlaşyp oňa şeýle diýýär: "Men psihologiýa öwrenýänçidim, häzir men bir erkege gödek jogabyň nähili täsir edýändigini bilmek isläpdim. Bu ýerde sizide köpçüligiň içinde utandyrdym öýtýän, ötünç soraýan!". Bu gezek oglan ony gödek ses bilen: "Bir gijesine 100 dollarmy?, gaty gymmat!"... Oglanyň bu diýenlerini kitaphanadakylaryň hemmesi eşidipdi we olar gyza seredýärdiler. Oglan erbet bolan bolup gyzyň gulagyna şeýle pyşyrdaýar: "Mende hukuk öwreniji. Aýlap birini günäkär ýaly edip görkezip bilýänimi öwrenmek isläpdim, ötünç soraýan".


Adamlara täsir etmek üçin psihologiýa öwrenmek dogry bolsa, onda adamlara mahsus bolan sendäki edep, mylaýymlyk, adamkärçilik, utanç saňa nämä gerek. Adamlary duýgular beýgeldýär aslynda...
16
142
lord
16.04.2022 08:10


Smartfonyňyzy zarýad berende hem zarýad beriji enjamyňyzyň hili ýokary bolan ýagdaýynda zarýad alýarka-da ulanyp bilersiňiz.

Smartfon we zarýad beriji abraýly öndüriji firmalar tarapyndan öndürilen bolsa, zarýad berlende telefony ulanmak batareýa kän bir zyýan bermez, diňe zarýad beriş wagtyny artdyrar.

Smartfonyňyzyň ýa-da zarýad berijiniň hiline ynamyňyz ýok bolsa, zarýad berlende telefony ulanmagy maslahat berilmeýär.

Eger siz telefonyňy zarýad alýan wagty ulanan halatyňyzda smartfon batareýasy şol bir wagtyň özünde zarýad alýar we zarýad berýär, has köp gyzýar. Bu ýagdaý batareýanyň ýa-da zarýad berijiniň hiliniň zaýalanmagyna sebäp bolup biler.

 Eger telefonyňyz şeýle ýagdaýa düşse hat-da  partlap  hem bilýär.

22
1 521
lord
lord
15.04.2022 12:08
Mozambikiň baýdagy dünýäde Kalaşnikowyň tüpeňiniň şekili bolan ýeke-täk gerbdir. Pulemýot Mozambikiň gerbine, şeýle hem Zimbabwe we Gündogar Timoryň gerbine ýerleşdirilendir.
lord
15.04.2022 12:00

Gwineýadaky erkekleriň haçan başga biriniň aýaly bilen ýatmaga hukugy bardy?
 Gwineýanyň ýaşaýjylarynyň arasynda aýaly zyna eden bir adamyň jenaýatçynyň aýaly bilen şol bir jenaýaty etmäge hukugy bardy.

11
113
lord
11.04.2022 08:16
Mugallym:
-Edebiň başy nämeden başlanýar?.
Men:
-E
16
91
lord
lord
11.04.2022 00:29
Dünýädäki iň kirli adam. Eýranyň günortasynda ýaşaýan Amu Hady atly bir adam, iň hapa (kirli) adamy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Ol 83 ýaşynda we 20 ýaşyndan bäri hiç haçan
lord
10.04.2022 23:31

Sylaşyk iki taraplaýyn bolýandyr. Sylasaň sylan adamyň tarapyndan sylanarsyň. Ýöne söýgi beýle däldir. Her söýen hem şol söýen adamy tarapyndan söýlüberenok...

13
105
lord
10.04.2022 23:03

  Eşegiň toýy

Öýerdiler eşegi,
Özi ýaly eşege,
Toýda aýynyň garny
Sygmaýardy guşagna.

Diýen zadyň saçakda,
Bezegli saman küme.
Ähli haýwan sabyrsyz,
Garaşýardy bu güne.

Durmuşa çykýan eşek,
Begenjinden gülüp dur.
Kirpi, towşan hem şagal,
Toýuň sazyn çalyp dur.

Gurbaga aýdym aýdýar,
Sesiniň ýetdiginden.
Tans edip ýör çal möjek,
Tutup tilkiň elinden.

Dünýe döräli bäri,
Ne beýle toý görüldi.
Durmuş gurýan eşege,
Jemleýji söz berildi.

Öýlenýän eşek diýdi:
"Bolsa-da dostlar günä,
Eger at razy bolsa,
Şoňa öýlenjek menä".

Gelin eşek ýaş döküp,
Kümeden çykyp gitdi.
Eşek diýseň eşekdä
Diýip hemme gaýtdy.

Aýdypdy atam maňa:
"Parasatly bol ogul.
Gürleseň eşek ýaly,
 Toý güni galarsyň dul".

16
111
lord
04.04.2022 09:50
Ahmediň ejesi jigisini tamdyryň başyndan aýlaýarmyş.
Ahmet ejesine= "Näme üçin beýle edýäň" diýse, ejesi= "Jigiň neşe edýär. Onsaň menem, Külal baba tamdyryň piri, oduň ýanýan ýeri hemem keramatly ýer. Onsaň şuň şol pişesini goýdurar diýýän" diýip jogap berýär. Ahmet öz ýanyndan= "ejem meňem edýänimi bilse, menä göni äkidip pekarniyden aýlar" diýýärmiş..
17
113
lord
04.04.2022 09:36
Bir hili ýyly 75 gezek gaýtalap, ony "ömür" diýip aytmaň.

Robin Sharma
11
46