https://owrenmeli.app/22342-esegi-toyy.html#comment
lord
10.04.2022 23:03
Eşegiň toýy
Öýerdiler eşegi,
Özi ýaly eşege,
Toýda aýynyň garny
Sygmaýardy guşagna.
Diýen zadyň saçakda,
Bezegli saman küme.
Ähli haýwan sabyrsyz,
Garaşýardy bu güne.
Durmuşa çykýan eşek,
Begenjinden gülüp dur.
Kirpi, towşan hem şagal,
Toýuň sazyn çalyp dur.
Gurbaga aýdym aýdýar,
Sesiniň ýetdiginden.
Tans edip ýör çal möjek,
Tutup tilkiň elinden.
Dünýe döräli bäri,
Ne beýle toý görüldi.
Durmuş gurýan eşege,
Jemleýji söz berildi.
Öýlenýän eşek diýdi:
"Bolsa-da dostlar günä,
Eger at razy bolsa,
Şoňa öýlenjek menä".
Gelin eşek ýaş döküp,
Kümeden çykyp gitdi.
Eşek diýseň eşekdä
Diýip hemme gaýtdy.
Aýdypdy atam maňa:
"Parasatly bol ogul.
Gürleseň eşek ýaly,
Toý güni galarsyň dul".
16
111