Karaleva_
19.06.2024 12:16
Apple bazardaky bar bolan modellerden tapawutly boljak ilkinji eplenýän iPhone Fold smartfonyny satuwa çykarmaga taýýara meňzeýär. Seljeriji Jeff Pu-nyň berýän maglumatlaryna görä, täze iPhone-da Huawei Mate Xs 2-ä meňzeş görnüşde daşyna tarap eplenýän 7,9 dýuýmlyk OLED ekrany bolar diýip, Gizmochina ýazýar.

Öň Huawei tarapyndan ulanylan bu tehnologiýa has inçe we has ýeňil korpusy öz içine alýan birnäçe artykmaçlygy hödürleýär we munda ikinji ekrana zerurlyk ýok. Üstesine, eplemek arkaly esasy kamerany selefi üçin ulanyp bilersiňiz.
Emma daşa eplenýän dizaýny ulanyjylardan seresaply bolmagy talap edip, çünki ekrana zeper ýetmek howpunyň ýokarlanýandygyny bellemelidiris.
iPhone Fold-yň 2026-njy ýylda, iPhone 18 bilen bir wagtda bazara çykmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, 20,3 dýuýmlyk eplenýän ekranly MacBook-yň çykmagyna garaşylýar.
Eplenýän MacBook-yň takyk çykjak wagty entek belli däl, ýöne käbir çeşmeler onuň köpçülikleýin önümçiliginiň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli başlap biljekdigini aýdýarlar, emma käbirleri 2027-nji ýyldan soň çykaryljakdygyny çaklaýarlar.
Tmcars
16
17
Karaleva_
18.06.2024 15:43
Italiýaly alymlaryň geçiren barlagynyň netijelerine görä, wäşilik duýgusy we ösen döredijilikli pikirleniş ukyby garrylykda özüňi bagtly duýmaga gönüden-göni täsirini ýetirýär. Işiň netijeleri Neuroscience Letters žurnalynda çap edildi.
“Ýaşyň gitmegi bilen IQ peselýändir öýdülýär, ýöne bu diňe käbir akyl funksiýalaryna degişlidir. Döredijilikli pikirleniş we wäşilik hiç haçan hem garrylyga ýan bermeýär"-diýip, gözlegiň awtorlaryndan biri Alessandro Antoniýetti aýdýar.
Ozal alymlar bu iki häsiýetiň arasyndaky baglanyşygy eýýäm kesgitläpdiler, ýöne bu gatnaşyklaryň takyk sebäbini tapyp bilmändiler. Täze gözleg hut şunuň sebäbini tapmaga bagyşlandy.
Psihologlar iki häsiýet hem pikirlenişiň çeýeliginiň beýany diýen çaklamany öňe sürdüler. Degişme hem, döredijilik hem adamlary dünýäniň adaty çygryndan çykmaga mejbur edýär. Döredijilik ýaşuly adamlara gündelik kynçylyklary we ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleri ýeňip geçmäge we şeýlelik bilen, şahsy abadançylygyny saklamaga ýardam edýär. Wäşilik bolsa garrylyk çagynda durmuşyň manysyny täzeden saldarlap görmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem gözlegçiler döredijilikli pikirlenmek ukybynyň ýaşyň gitmegi bilen peselmeýändigini anykladylar. Gözlegiň görkezişi ýaly, garry adamlar diňe bir tanyş ülňülere görä hereket etmek bilen çäklenmän, meseleleri çözmekde has döredijilikli çemeleşmäni hem tapyp bilýärler.
Gözlegiň netijeleri garry adamlarda pikirlenişiň çeýeligini, wäşilik duýgusyny we döredijilikli pikirlenişi ösdürmäge gönükdirilen täze okuw meýilnamalaryny döretmekde ulanylar. Alymlar garry adamlaryň gündelik işleri, hakyky durmuşy bilen ýakyndan baglanyşykly maşklary işläp taýýarlamaga başladylar.
Tmcars
20
51