Karaleva_
18.06.2024 21:53
Barlaglara görä, dünýäniň uly ýaşly ilatynyň 80%-i uky babatda belli bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu zerurlygy kanagatlandyrmak üçin Elemind kompaniýasy Massaçusets Tehnologiýalar institutynyň (MIT) ýardam bermeginde adamlara derman serişdelerini ulanmazdan uklamaga kömek edýän kellä dakylýan daňy öndürdi. Bu barada Interesting Engineering žurnalynda habar berildi.



Elemind – bu maňlaýyňa dakylýan we bütin gije işläp durýan, geýilýän ýumşak we çeýe enjam. Ol beýni tolkunlaryna täsir etmek üçin neýromodulýasiýany ulanýar, olary oýalykdan çuňňur uka gönükdirýär. Aslynda, kelle daňysy ses basyjy ulgam bolup, ulanyja daşky gyjyndyrmalardan saplanmaga we çalt uka gitmäge kömek edýär.
Elemind bilen geçirilen kliniki synaglarda gatnaşyjylaryň 76%-i adatdakysyndan has çalt uklap bildiler. Uka batmagyň ortaça wagty 48% azaldy we käbir ýagdaýlarda 74%-e ýetdi. Daňynyň, ulanyjy duýdansyz oýanan ýagdaýynda, gaýtadan  çalt uka gitmäge mümkinçilik berýän ukladyş aýratynlygy hem bar.
Geljekde işläp düzüjiler topary daňa has netijeli işlemegi we ony her ulanyja şahsylaşdyrmak üçin emeli aň (AI) ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Tmcars
18
75
Arslan_Alaýew
18 Iýun 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.