Karaleva_
27.06.2024 21:02
Dünýädäki in gowy adamlar - gözelligi duýup bilýän adamlar.

Olar mert bolýar we hakykaty aýtmagy başarýar.

Ine, hut şu häsiýetleri sebäpli hem olary ynjytmak aňsat bolýar.



Ernest Hemiňweý
D_G
25
148
Karaleva_
27.06.2024 16:29
DURMUŞYŇ ERBEDE ÖWRÜLİP BAŞLAN


BOLSA

YADYŇDAN ÇYKARMA,


RULDA OTURAN ÖZÜŇSİŇ.
27
96
Karaleva_
27.06.2024 13:07
ÖZ ARZUWLARYNY DURMUŞA GEÇIR,

BOLMASA AÝLYK ÜÇIN

BAŞGALARYŇ ARZUWNY DURMUŞA GEÇIRERSIŇ
23
57
Karaleva_
27.06.2024 06:49
OpenAI kompaniýasy doly derejede Sora neýroulgamy tarapyndan döredilen ilkinji mahabat wideosyny hödürledi. Toys “R” Us brendini mahabatlandyrýan wideoda Çarlz atly oglanjygyň barýan welosiped dükany görkezilýär. Ol uklaýar we çaga oýnawaçlaryndan doly dünýä düşýär.

Täzeçil çemeleşmä garamazdan, wideo dürli seslenmeleri aldy. Köp tomaşaçylar wideonyň janly aktýorlaryň ýoklugy sebäpli jansyz we boş görünýändigini bellediler. Ulanyjylaryň pikiriçe, emeli aň adamlaryň döredijilik işleri bilen deňleşip biljek mahabat wideolaryny döretmekden heniz uzakda.

Tmcars
21
33
Karaleva_
27.06.2024 01:24
Post-ýaryňa asla ikilik etme Ilki kyn gününde bukulyp ýatma Başarsaň ýardam ber jamanlyk etme Ol hem kyn gününde dayanar gider

Dona hormat goýsaň meýlisde törde Rastmydyr yörelgäň akyl bar serde Don hormaty rahat ýatyrmaz görde Hayrlaryň don üçin döküler gider

Hakykat oldurki jogabyn alar Zerre haýryň ýitmez sogabyn alar Zerre şerin hökman hasaby bolar Toba etseň kalbyň päklener gider

Eneňi-ataňy başyňa täç et Watany ezizle ömrüňi bagş et Mirasa sarpa goý, eserler nagş et Möhleti dolanlar undular gider

Ham Seljukly tamam eýle goşgyny Tämiz tutgul edebiyat yşgyňy Göwün içre duran wyždan joşguny Pinlesem ham aklym haýrana gider
17
35
Karaleva_
26.06.2024 23:59
Ejemem igenýär: "Yüzüň ýok seniň Gyza söz aýtmaga. Barmy ýa kemiň?" Igenjinden dynmak üçin ejemiň Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Sebäp bar ejemiň nalap ýörmegne, Gyzlaň ýanda dilim gidýär damagma. Baha berip ýörmän görki-görmegne, Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Birine söz aýtsam, "Okajak" diýýär, Başgasy "Men sizden kiçijik" diýýär. Garaz, maňa galsa gapyşýar dünýä, Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Elbetde, okamak gowy zat weli, Degmedimikä şu güne çen eli?! Yaşyna seretmen kiçimi, uly?! Kim bolsa-da öýlenmeli birine.
18
78
Karaleva_
26.06.2024 20:53
27-nji iýunda Ýere 2011 UL21 asteroidi ýakynlaşar. Onuň diametri 2,3 kilometre ýetip, ol soňky 125 ýylyň içinde planetamyzyň golaýyndan geçen iň uly obýektleriň biri bolar diýip, Ýewropa kosmos gullugynyň (ESA) maglumatlaryna salgylanýan TASS habar berýär.

Asteroid planetamyza howp salmaýar, sebäbi ol Aýa çenli aralyk bilen deňeşdirilende, 17 esse daşlykdan uçup geçer.

2011 UL21-iň Ýeriň töwereginde ýerleşýän beýleki mälim bolan asteroidleriň 99% -inden uludygyny bellemelidiris.

Gabarasynyň örän uludygyna garamazdan, 2011 UL21 asteroidi ýakynda - 2011-nji ýylda tapyldy.

ESA hünärmenleri Ýeriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin şeýle kosmos obýektlerini yzarlamagyň möhümdigini nygtaýarlar.
Tmcars
22
48
Karaleva_
26.06.2024 16:00
Aktýor we režissýor Mel Gibson Warner Bros studiýasynyň 90-njy ýyllaryň meşhur franşizasy “Ölüm howply ýarag 5-iň” (“Смертельное оружие 5”) dowamyny surata düşürmegini meýilleşdirýändigini tassyklady. Gibson Martin Riggsiň roluna gaýdyp geler diýip, Collider habar berýär.

Bäşinji bölümiň ssenariýesi 2021-nji ýylda aradan çykan Riçard Donneriň işlerine esaslanýar.
Gibson: “Bilşiňiz ýaly, galan filmlere gatnaşan Riçard Donner gynansakda aradan çykdy - ol meniň gowy dostumdy we maňa muny dowam etdirmegimi ynandy, şonuň üçin bu işi bitirmek meniň üçin mertebedir. Ol ssenariýesini gowy taýýarlady, şonuň üçin elimizdäki zady ulanyp, onuň üstünde işleýäris”.
“Ölüm howply ýarag 5” iki polisiýa işgäri - dost Martin Riggs (Gibson) we Rojer Mýort (Denny Glower) hakyndaky komediýa filmidir. Franşizanyň birinji bölümi 1987-nji ýylda, soňky bölümi 1998-nji ýylda çykdy. Filmiň dördünji bölüminde başga bir boýewik ýyldyzy Jet Li çykyş etdi.
Franşiza esaslanyp, Fox teleýaýlymy 2016-2019-njy ýyllarda şol bir atly filmi surata düşürdi, ýöne oňa asyl filmdäki aktýorlar gatnaşmady.
“Ölüm howply ýarag 5” filminiň surata düşürilmegi şu güýzde başlap biler.

tmcars
18
56
Karaleva_
26.06.2024 10:46
Meşhur komediýa aktýory, “Şrek” multfilminde Eşege ses beriji Eddi Mýorfi bu multfilmiň täze bölüminiň önümçilikdedigini habar berdi. Ol “Şrek-5-iň” birinji bölümi üçin Eşege ses berendigini, häzir bolsa finala we täze taslama – ses berýän gahrymanyna bagyşlanan doly derejeli multfilme taýýarlyk görýändigini aýtdy.

Täze “Şrek” bäş aý mundan öň surata düşürilip başlandy, ol 2025-nji ýylda ekrana çykyp biler. Mýorfi ilki “Şrek-5-iň” çykjakdygyny, soň bolsa Eşege bagyşlanan aýratyn multfilmiň surata düşüriljekdigini aýtdy.
Adamhor Şrek we onuň ýakyn dosty Eşek baradaky multfilm ilkinji gezek 2001-nji ýylda uly ekrana çykdy we şol ýylyň iň girdejili relizleriniň biri boldy. Ol iň gowy doly metražly animasion film hökmünde “Oskar” baýragyny-da aldy.
Belläp geçsek, geçen ýylyň ahyrynda Dreamworks studiýasy gozgalmaýan emläk gözlegi boýunça serwis bilen bilelikde batgalykda Şregiň öýüni açdy – multfilmiň äheňinde stilleşdirilen jaýy islendik adam kärendesine alyp biler.
Tmcars
19
56
Karaleva_
25.06.2024 19:08
Italiýanyň Gerkulanum şäherinde b.e. öňki 79-njy ýylda Wezuwiýanyň atylmasy wagtynda weýran bolan suwa düşülýän kenar myhmanlar üçin açyldy. Dikeldiş işlerinden soň syýahatçylara bu sebitiň iki müň ýyl ozal nähili bolandygyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän kenar deslapky durkuna gaýdyp geldi diýip, The Washington Post ýazýar.

Gerkulanumyň arheologiki seýilgähiniň müdiri Françesko Sirano: "Bu ýere gelýänler ötükden aşak düşýärler we iki müň ýyl yza dolanan ýaly, birden deňziň  kenarynda peýda bolýarlar" – diýip gürrüň berýär.
Gerkulan, goňşy Pompeýe garanda, o diýen tanymal bolmasa-da, artefaktlara baýdyr. 1980-nji we 1990-njy ýyllarda bu ýerde weýran bolan gämi duralgalarynyň aşagyndan 300-den gowrak adamyň we haýwanlaryň galyndylary tapyldy. Rimiň deňiz serkerdesi uly Plininiň gämilerine garaşyp, adamlar bu ýerde külden we lawadan gizlenmäge synanyşandyr diýip çaklanýar.
Çeşmelerden mälim bolşuna görä, Pliniý adamlary halas etmäge synanyşypdyr, ol gämili Stabiýa (Wezuwiýadan 15 km uzaklykda ýerleşýän şäher) gelip, howsala düşen ýerli ilaty köşeşdirmäge çalşypdyr hem-de ýeliň ugrunyň üýtgemegine we deňziň köşeşmegine garaşypdyr, emma ahyrynda özi kataklizmiň pidasy bolupdyr.
Dikeldiş işleri wagtynda kenara täze çäge getirilip ýazylypdyr, bu bolsa gadymy kenaryň hakyky howasyny döretmäge mümkinçilik beripdir. Indi bu ýere gelýänler Gerkulanumyň ýaşaýjylarynyň bir mahallar ýörän kenaryndaky zolakda gezelenç etmäge mümkinçilik aldylar
Tmcars.
18
38