Meşhur komediýa aktýory, “Şrek” multfilminde Eşege ses beriji Eddi Mýorfi bu multfilmiň täze bölüminiň önümçilikdedigini habar berdi. Ol “Şrek-5-iň” birinji bölümi üçin Eşege ses berendigini, häzir bolsa finala we täze taslama – ses berýän gahrymanyna bagyşlanan doly derejeli multfilme taýýarlyk görýändigini aýtdy.
Täze “Şrek” bäş aý mundan öň surata düşürilip başlandy, ol 2025-nji ýylda ekrana çykyp biler. Mýorfi ilki “Şrek-5-iň” çykjakdygyny, soň bolsa Eşege bagyşlanan aýratyn multfilmiň surata düşüriljekdigini aýtdy.
Adamhor Şrek we onuň ýakyn dosty Eşek baradaky multfilm ilkinji gezek 2001-nji ýylda uly ekrana çykdy we şol ýylyň iň girdejili relizleriniň biri boldy. Ol iň gowy doly metražly animasion film hökmünde “Oskar” baýragyny-da aldy.
Belläp geçsek, geçen ýylyň ahyrynda Dreamworks studiýasy gozgalmaýan emläk gözlegi boýunça serwis bilen bilelikde batgalykda Şregiň öýüni açdy – multfilmiň äheňinde stilleşdirilen jaýy islendik adam kärendesine alyp biler.
Tmcars