Islam_Atayew
07.03.2024 00:01
Bir wagtlar öz döwrüniň häkimi gol
astyndaky ýolbaşçylar bilen at üstünde
şähere gelýär. Ýoluň gyrasyndaky adamlar iki bükülip, häkime salam berýärler. Olaryň arasynda bir çetde oturan adamyň weli hiç zat bilen işi ýokmuş. Häkimiň hem bu adama gözi düşýär. Häkim atyny saçy-sakgaly buýr-bulaşyk, üst-başy sal-sal bolan bu adamyň ýanyna sürýär. Atyndan düşmän, gaty ses bilen oňa gygyryp, şeýle diýýär:
- Eý, adam! Her kim meniň şähere
gelenimi görüp, eglip salam berýär, sen
näme üçin ýeriňdenem butnaňok Sen kim bolarsyň özi?
Sal-sal geýnüwli adam durkuny hem
üýtgetmän, häkimiň ýüzúne seredip:
- Men hiç kim - diýýär.
Häkimiň muña has-da gahary gelýär:
-O nähili "hiç kim", seň adyň, şan-
şöhratyň ýokmudyr?
- Seňki barmy?
Häkim hälkisindenem beter haýran geň
galýar, ýöne soraga jogap berýär:
- Nä, sen meni tanaňokmy? Men häkim.
Ol adam şol bir durkuny saklap, ýene-de
şeýle diýýär:
- Soň näme boljak?
- Wezir boljak.
- Ondan soň näme boljak?
- Patyşa boljak.
- Onsoň?
Häkim biraz pikirlenip durýar-da:
- Hiç kim - diýip jogap berýär.
Sal-sal geýnüwli adam ýylgyrýar.


***


Bu dünýädäki derejämiz, egin-eşigimiz,
baýlygymyz - hemmesi wagtlaýyn. Soňy
bilen aljak galamyz bir gysym toprak. Şony ýatdan çykarman, adamlara hemişe ýagşy çemeleşeliň - baýlygymyz bilen däl-de, adamkärçiligimiz bilen. Sebäbi bir gün hemmämimiz deňleşeris... Ähli babatda.

Çeşme: "Bilýärdiñizmi"app.
42
111
Islam_Atayew
06.03.2024 10:32
Gyzlar geljegi gowy bolan oglany gözleýärler. Oglanlar geçmişi gowy bolan gyzy gözleýärler.
Ýöne ýadyñda bolsun.
Oglanlaryñ geljegini gyzlar gowlaýar,
gyzlaryñ geçmişini bolsa oglanlar bulaýar!
55
151
Islam_Atayew
06.03.2024 00:09
Planetada ähli adamlaryň 10%-den azy dogry dem almagy başarýar. Dem almakda diňe bir döş kletkalaryny dälde, garny hem herekete getirmeli.

Ýene-de 2 milliard ýyldan ýer ýaşardan
has yssy bolar.

German maşyn firmasy Volkswagen şol bir wagtda: Seat, Audi, Škoda, Bugatti, Bentley, Lamborghini, Ducati, Porsche, Scania ve Man maşyn firmalarynyñ hem eýesidir.

Awstriýada tizligini kadadan artdyran sürüjileriň awtomobilleri elinden alnyp
biler.

Dünýäde iñ köp ogurlanan önüm peýnirdir, her ýyl dünýäde öndürilen
peynirleñ 4% yitýändir.


Sofofobiýa - okamak gorkusy.

Bir çaý çemçesi bal - bu 12 arynyň
ömri boýunça işiniň netijesi.

Şagalaňda atylýąn şampan çüýşesindäki
dyky her ýyl ortaça 25 adam öldirýär.

Internetde deathclock.com atly saýta girseñiz, talaplarny berjaý edeniñizden soñ, takmynan siziñ öljek güniñizi aýdyp biler.


täsin_dünýäm
49
282
Islam_Atayew
05.03.2024 19:59
Gündiz gumra bolup haram işlere.
Agşam Tarawada durany gördüm.
Garyp ölse ony bilmedik bolup.
Baý ölse kowlynça durany gördüm.

Ömrüni geçirip keýpi sapada.
Bu gün Jumgadyrow diýeni gördüm.
Takwasyran bolup tahýa atyp kellä.
Ýetimiň hakynam iýeni gördüm.
48
118
Islam_Atayew
05.03.2024 00:28
Käteler agladym, käteler güldüm,
Käteler ýykyldym, käte-de galdym.
Ykbalymdan närza bolmadym çünki
Şol günlerde kimiñ kimdigin bildim.

Şanazar Hydyrow.
38
63
Islam_Atayew
04.03.2024 14:01
Öz arzuwlaryñy durmuşa geçir, bolmasa aýlyk üçin başgalaryñ arzuwny durmuşa geçirersiñ.
38
40
Islam_Atayew
04.03.2024 00:39
Synagda bolanyňy we hemme zadyň bir gün gutarjagyny asla unutma.
Başyňa gelenlere şeýle bir sabyr et welin,
Derdiň sabryňa haýran galsyn.
41
47
Islam_Atayew
03.03.2024 09:35
Herkim gadyr biler, ýa gidensoñ,
ýa bitensoñ, garaz hemme zat
gutaransoñ.
39
51
Islam_Atayew
03.03.2024 00:04
Güýmenje.
38
139
Islam_Atayew
02.03.2024 16:04
Gowşak tarapy pul bolan zenandan, gowşak tarapy zenan bolan erkekden daşda dur.

- Sigmund Freud
48
127