Islam_Atayew
07.03.2024 00:01
Bir wagtlar öz döwrüniň häkimi gol
astyndaky ýolbaşçylar bilen at üstünde
şähere gelýär. Ýoluň gyrasyndaky adamlar iki bükülip, häkime salam berýärler. Olaryň arasynda bir çetde oturan adamyň weli hiç zat bilen işi ýokmuş. Häkimiň hem bu adama gözi düşýär. Häkim atyny saçy-sakgaly buýr-bulaşyk, üst-başy sal-sal bolan bu adamyň ýanyna sürýär. Atyndan düşmän, gaty ses bilen oňa gygyryp, şeýle diýýär:
- Eý, adam! Her kim meniň şähere
gelenimi görüp, eglip salam berýär, sen
näme üçin ýeriňdenem butnaňok Sen kim bolarsyň özi?
Sal-sal geýnüwli adam durkuny hem
üýtgetmän, häkimiň ýüzúne seredip:
- Men hiç kim - diýýär.
Häkimiň muña has-da gahary gelýär:
-O nähili "hiç kim", seň adyň, şan-
şöhratyň ýokmudyr?
- Seňki barmy?
Häkim hälkisindenem beter haýran geň
galýar, ýöne soraga jogap berýär:
- Nä, sen meni tanaňokmy? Men häkim.
Ol adam şol bir durkuny saklap, ýene-de
şeýle diýýär:
- Soň näme boljak?
- Wezir boljak.
- Ondan soň näme boljak?
- Patyşa boljak.
- Onsoň?
Häkim biraz pikirlenip durýar-da:
- Hiç kim - diýip jogap berýär.
Sal-sal geýnüwli adam ýylgyrýar.


***


Bu dünýädäki derejämiz, egin-eşigimiz,
baýlygymyz - hemmesi wagtlaýyn. Soňy
bilen aljak galamyz bir gysym toprak. Şony ýatdan çykarman, adamlara hemişe ýagşy çemeleşeliň - baýlygymyz bilen däl-de, adamkärçiligimiz bilen. Sebäbi bir gün hemmämimiz deňleşeris... Ähli babatda.

Çeşme: "Bilýärdiñizmi"app.
42
111
bitanem
9 Mart 2024
Senem Eneş agzamyz ýaly goty manyly zatlar goýañ diñe òñe
gùl🦋__
7 Mart 2024
gùl🦋__
7 Mart 2024
Gysga dùşnùkli manyly hekaýa🙂👍
flowers_
7 Mart 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.