Islam_Atayew
23.03.2024 00:11
Merdan öýine gije sagat 2de gelýä. Aýaly
sagady görkezip diýyä:
-näme beýle öýe giç geldiñ?
Merdan:
- Sen şükür et entägem maña sagady
görkezyäñ.
Öýlenmäkäm öýe giç gelemde ejem maña kalendary görkezýädi.


Morgda aýnañ içindäki adam gygyrýar:
-Çykaryñ meni, men ölmedim...
lçinde işläp ýören süpirji daýza:
- Ýatsana meýit, sen doktordan gowy
bilýäñmi?
48
204
Islam_Atayew
22.03.2024 12:16
Durmuşda bagtly ýaşamak üçin okuw
okamak şert däl. Men durmuşumda iñ ýokary bilim derejesi bolan adamlaryň, bilim derejesi bolmadyk biznesmenleriñ elinde işleýändigine köp gezek şaýat boldum. Esasy zat bilim dereje däl esasy zat ugurtapyjylyk.

#Elon Musk
52
108
Islam_Atayew
22.03.2024 00:29
Adamyñ başynda bolsa kyn güni,
Bir sözi gaýtalar adamyñ dili.
Öz eliñde bolman diýilýär ol söz,
Şaýat bolansyñyz sizem niçe gez.
Aýdaly, ýykylsa kiçijek çaga,
" - Eje-e" diýip derrew başlaýar aga.
Çünki eje, derde derman - däridir,
Eje her bir kişiñ halasgäridir.
Arada hassadym, lukmana bardym,
Ýeñletmäge sanjymlar bilen derdim.
Menden öñ otagda biri ýatyrdy,
Oña gelni hem garaşyp otyrdy.
Ýaşyndan çen tutsam 30 töwerek,
Sanjymdan gorkýardy gözün tegeläp.
Lukman abzal alyp sanjymy etdi,
" Waý Eje-e... " diýen ses ýañlanyp gitdi.
Ýigitler has çuñrak söýse-de ýaryn,
Dertlikä çekerler ejeleñ zaryn.
Soñra ýola düşdüm, awtobus geldi,
Meñ bilen garryja daýzada mündi.
Münende, düşende synladym ony,
" Ejem " diýp uludan alýardy demi.
Isle kiçi bolsun, isle-de uly,
Eje diýer eken adamyñ dili.
Ýekeje zat yza beräýse Jana,
Şo mahal has gerek eje ynsana.


Şanazar Hydyrow.
44
89
Islam_Atayew
21.03.2024 18:48
Aklyň bolsa, märekede az sözle,

Köp söz seni il içinde har eýlär.


Magtymguly Pyragy.
38
51
Islam_Atayew
21.03.2024 00:46
Suratlar.
48
284
Islam_Atayew
20.03.2024 21:55
Stresiñ iñ esasy sebäbi, günlik durmuşyñyzda düşinjesiz adamlar bilen edýän jedellerñizdir.

Albert Einştein
43
75
Islam_Atayew
19.03.2024 13:39
Eger-de siz söýýän adamyñyza söýgiñiz barada aýtmana utanýan bolsañyz onda siz gaty ýalñyşýañyz, meselem; Albert Eýnşteýn öz aýalyna 11 ýaşda aşyk bolýa, ýöne öz söýgisi barada 21 ýaşynda aýtýar, emma Alberdiñ aýaly hem ony öñden bäri söýip gelýän eken. Siz nirden bilýäñiz, belki ol adam hem sizi gowy görýändir, şonuñ üçin hem öz
duýgularyñyzy aýtmakdan çekinmäñ, soñ giç bolmagy ahmal.
44
122
Islam_Atayew
19.03.2024 00:25
Men ýaşlygymda kän aglardym, sebäbi
mende futbol oýnamak üçin butsi almana pul ýokdy. Ýöne men bir adamy gördüm onuň aýaklary hem ýokdy, şol wagt men özümiň nähili baýdygyma göz ýetirdim.

Zinedine Zidane
40
90
Islam_Atayew
18.03.2024 16:08
Haçan Pitre zekatyny bermeli?

-Baýram namazyna gidilende ýol ugry berip geçmeli, ýöne bir-iki gün ýagny 29-njy we 30-njy Remezanda berse bolar, yöne ondan ir däl, sebäbi Allahyň Resuly Sallalahu aleýhi wesellem şo wagt beremegi buýurdy, soñam ony bermegiň inçe syry:
1-Remezanda göýberilen kemçilikleri örtmegi üçin.
2.Garyp musulmanlar Baýram güni eklenjiniň aladysyny etmän, Baýram bellemekleri üçin.

Ondan ir bermek ya-da Baýram namazdan soň bermeklik sadakalardan bir sadaka, pitre zekady däl.


Orazañyz we beren sadaklarñyz Allahyñ dergähinde kabul bolsun!
39
72
Islam_Atayew
18.03.2024 00:17
• Türkmenistanyň çäginiň ýerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eýeleýärler.

• Italýan raýaty bolmak isleýän biri, hemme şertleri ýerine ýetiren bolsada,
eger zenana el galdyran bolsa Italiýanyñ raýatlygy berilmeýär.

• Pablo Escobar gyzynyñ üşemezligi üçin takmynan 2 milýon dollarny ýakandyr.

• Dünýäniñ iñ kelte boýly aty, 35 sm boýy bolan Einstein atly atdyr.

• Şol sanda dünýädäki iñ uly at Sampson atly bedewdir. Onuň boýy 2, 20 sm, agramy bolsa - 1,52 tonnadyr.

• Eger adamlar bürgüdiñ gözlerine eýe bolan bolsady, 10 gatly binanyñ depesinden aşakda duran garynjany
doly ýagdaýda görüp bilerdi.

• Dizel matoryny oýlap tapan Rudolf
Diesel, 1913-nji ýylda oýlap tapyşynyň
näsaz boljagny añyp özüni asandyr.

• Dünýäde iň köp olimpia medallarynyň
eýesi Michel Phelips atly türgendir.Onda
23 altyn, 3 kümüş, 2 bürünç we jemi 28
sany medaly bardyr.

• Alýaskanyň Borrow şäherinde 18-nji
noýabrda gün batýar we 23-nji ýanwarda
täzeden dogýar. Ýagny ol ýerde takmynan 67 günläp gije dowam edýar.

• Trakýa Uniwersiteti, gülden ýasalan, iýilýän atyr döretdiler. Olar: "Bedeniňiziň gowy yslara mynasyp boluşy ýaly, hajathanalaryňyzyň hem gowy ysly
bolmasyny niýetledik."

• Zenanlar erkeklere garanyňda 4 esse ýalta bolýarlar.

• Maglumatlara görä çepbekeýler saglakaýlara garanyñda 9 ýyl az ýaşaýarlar.

• Adatça birinji çaga öz jigilerinden
akylly bolýar.

• Awariýa ýa-da beýleki hadysalar ýüze çykanda, jebir çeken çagany köşeşdirmek üçin Golland polisiýasyna öz ýanynda mahmal mişga aýyjygy götermäge borçly edilýär.

• 20 % telefon ulanyjylar klawiatura
seretmezden ýazyp bilyärler.

• Adam beýnisi ajaýypdyr. Dogan günümizden başlap günde 24 sagat işleýär we diňe egzamine girenimizde ýa-da aşyk bolanymyzda durýar.

• Matematikada rim sifri bilen ýazyp
bolmaýan ýeketäk san NOL (0).

• Birini gyjyklamak aslynda ezýet bermegiñ bir görnüşidir.

• Teoriýa taýdan, haçan sen gamgyn
bolsañ, töwregiñdäkileriñ hemmesi
öñkilerden has şadyýan bolýar.

Täsin_dünýäm.
44
135