Islam_Atayew
22.03.2024 00:29
Adamyñ başynda bolsa kyn güni,
Bir sözi gaýtalar adamyñ dili.
Öz eliñde bolman diýilýär ol söz,
Şaýat bolansyñyz sizem niçe gez.
Aýdaly, ýykylsa kiçijek çaga,
" - Eje-e" diýip derrew başlaýar aga.
Çünki eje, derde derman - däridir,
Eje her bir kişiñ halasgäridir.
Arada hassadym, lukmana bardym,
Ýeñletmäge sanjymlar bilen derdim.
Menden öñ otagda biri ýatyrdy,
Oña gelni hem garaşyp otyrdy.
Ýaşyndan çen tutsam 30 töwerek,
Sanjymdan gorkýardy gözün tegeläp.
Lukman abzal alyp sanjymy etdi,
" Waý Eje-e... " diýen ses ýañlanyp gitdi.
Ýigitler has çuñrak söýse-de ýaryn,
Dertlikä çekerler ejeleñ zaryn.
Soñra ýola düşdüm, awtobus geldi,
Meñ bilen garryja daýzada mündi.
Münende, düşende synladym ony,
" Ejem " diýp uludan alýardy demi.
Isle kiçi bolsun, isle-de uly,
Eje diýer eken adamyñ dili.
Ýekeje zat yza beräýse Jana,
Şo mahal has gerek eje ynsana.


Şanazar Hydyrow.
44
89
sima
22 Mart 2024
❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️
awgust
22 Mart 2024
"Eje" sözüne mynasyp däl ejelerem bar yone şondada çagasynyň ilkinji we iň eziz sözi "eje" bolayyar eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.