Imissyou
24.05.2024 11:53
Gelniñ bolsun törüñde👰♂️
Saña yüregni berjek,
Gelniñ bolsun törüñde.
Gussañ bölüşip biljek,
Gelniñ bolsun törüñde👰♂️
Edep-terbiye gören,
Gyzgyn mährini beren.
Abraÿyn saklap yören,
Gelniñ bolsun törüñde👰♂️
Biş-düş işini bilyän,
Berlen galyña degyän.
Bir señ üçin bezenyän,
Gelniñ bolsun törüñde👰♂️
Gep-gybata gyzmajak,
Hyzmatyñda ylgajak.
Az sowup kän ÿygnajak,
Gelniñ bolsun törüñde👰♂️
Yere baksyn didesi,
Wada bolsun wadasy.
Sadanyñam sadasy,
Gelniñ bolsun törüñde👰♂️
18
53
Imissyou
18.05.2024 15:38
Ilki saňa duşamda söýgi döredi,
Gara saçlaryň janam maňa ýarady,
Kalbymda saňa bolan söýgim kän,
Ýatlap gezgin meni gülüm unutman!
Söýgi bir açylan gül,
Göwnimiň hyýaly bol,
Duşuşyga çagyrsam gel,
Söýenim sen Sähragül.
Aýlanaly gel ikimiz gözel ýerlere,
Söýgi döretsin görküň söýen ýaryňa,
Ýüregimde saňa bolan söýgim kän,
Ýatlap gezgin meni gülüm unutman!
Söýgi bir açylan gül,
Göwnimiň hyýaly bol,
Duşuşyga çagyrsam gel,
Söýenim sen Sähragül.
Göwnüm gider näzi bilen gujak baglasa,
Gözlerim gözüne bakyp görüp doýmasa,
Kalbymda saňa bolan söýgim kän,
Ýatlap gezgin meni gülüm unutman!
Söýgi bir açylan gül,
Göwnimiň hyýaly bol,
Duşuşyga çagyrsam gel,
Söýenim sen Sähragül.
22
134