Imissyou
11.05.2024 17:01
Eýnş­teýniň ýalňyşlyk dersi (tymsal)

Dün­ýä meş­hur tym­sal­da aý­dy­ly­şy­na gö­rä, bir gün Eýnş­teýn sa­pak ge­çip otu­ran ma­ha­ly ders tag­ta­synda 9x1=9, 9x2=18 di­ýip, kö­pelt­mek tab­li­sa­sy­ny so­ňu­na çen­li ýa­zyp­dyrda, 9x10=91 di­ýip jem­läp­dir. Ta­lyp­la­ryň bir to­pa­ry mu­gal­ly­myň ýal­ňy­şy­na gül­se­ler, beý­le­ki bir topa­ry onuň ýal­ňy­şy­ny ýaň­zyt­ma­ga baş­lap­dyr­lar. Eýnş­teýn bir­sel­lem syn edip du­rup­dyr-da, adam­zat ta­ry­hy­nyň meş­hur der­si­ni be­rip­dir:
«10-a ýet­ýän­çäm, 9 sa­ny­sy­ny dog­ry ýaz­dym. Dog­ru­lar üçin hiç kim me­ni gut­la­ma­dy, ýö­ne il­kin­ji ýal­ňy­şym­da köp ki­şi der­rew he­re­ke­te geç­di. Ýal­ňyş­mak işiň do­wa­myn­da ýü­ze çyk­ýan te­bi­gy ýag­daý­. Ýal­ňyş­man iş öw­ren­mek müm­kin däl. Di­ňe hiç zat et­me­ýän adam­ ýal­ňyş­ýan däl­dir. Ýö­ne iş­siz otur­ma­gyň özi dü­ze­dip bol­ma­jak ýal­ňyş­lyk­dyr».

Çeşme: "Türkmen dünýäsi" gazeti.
26
107
ideallider
11 May 2024
Ak kagyzda gara nokat👍
4982
11 May 2024
Gaty dogry aýdypdyr. Gynansakda durmuşda şeýle adamlar bar. Ýeten üstünligiñi,eden ýagşylygyñy ýatlanoklar. Birden ýalñyşaýsañ weli oooooo hudaý saklasyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.