Imissyou
09.12.2023 06:34
Antarktika pingwinleri 4 sekunt wagt bilen günde 10 müň gezek uklaýarlar.

Antarktika pingwinleri günde 11 sagatdan gowrak wagt uklaýarlar. Täze gözlegiň netijesine görä, bu guşlar günde müňlerçe gezek, ýöne bary-ýogy 4 sekunt dowamlylykda uklaýarlar. Bu höwürtgelerine yzygiderli gözegçilik etmek bilen, gündelik uky zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Biologlar inwaziw däl datçikleriň kömegi bilen Antarktika pingwinleriniň (Pygoscelis antarcticus) koloniýasynda guşlaryň uky döwründe özüni alyp barşyny öwrendiler. Höwürtgeleýän wagtynda pingwin höwürtgesini ýyrtyjy guşlardan we beýleki pingwinlerden goramaly bolýar, onuň ýoldaşy bolsa birnäçe günläp iýmitlenýär.
Uzak wagtlap uklamak höwürtgelerini we nesillerini howp astynda goýup biler. Şonuň üçin alymlar guşlaryň uzak wagtlap uklamaýandyklaryny, tersine, ýygy-ýygydan (takmynan 10 000 gezek) uklap, günde 11 sagatdan gowrak ukuda bolýandyklaryny anykladylar.
Alnan netijeler mikro ukynyň uzak wagtlap uklamagyň, azyndan, käbir peýdalaryny gazanmaga kömek edýändigini görkezýär.
25
52
Imissyou
08.12.2023 20:53
Ýaltanman teswire diss basýan dostym,
Bir ýüzüň göreýin tanap galaýyn.
Minnetdar men saňa sözlesem rastym,
Aç ýüzüň göreýin tanap galaýyn.

Bir wajyp gürrüň bar "men" diýip çyksaň,
Sowalym agyr däl, sebäbin bilsem,
Dowam et özüňçe dogrydyr öýtseň,
Sözle gardaş sözle tanap galaýyn.
41
327
Imissyou
08.12.2023 17:30
2023-nji ýylyň Noýabr aýy taryhda iň yssy aý boldy.

2023-nji ýylyň noýabr aýy dünýä gözegçilikleriniň taryhynda iň yssy noýabr, howanyň ortaça temperaturasy +14,22 dereje boldy. Bu barada Copernicus howanyň üýtgemegi gullugyna salgylanýan FOBOS howa merkezi habar berdi.

Ýewropanyň orta gyssagly howa çaklamalary merkezi tarapyndan döredilen Copernicus (C3S) howanyň üýtgemegi gullugy howanyň we deňziň ählumumy ýerüsti temperaturasynda, deňiz buz örtüginde we gidrologiki üýtgeýjilerde gözegçilik edilýän üýtgeşmeler barada habar berýän aýlyk howa býulletenlerini yzygiderli çap edýär.
Olaryň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň noýabr aýy 1991–2020-nji ýylyň noýabr görkezijilerinden 0,85 dereje, geçen iň yssy noýabr aýyndan - 2020-nji ýylyňkydan 0,32 dereje ýokary boldy. Şeýle hem gözlegçiler Arktikadaky deňiz buzunyň uzaklygynyň noýabr aýy üçin iň pes sekizinji derejä ýetendigini anykladylar.
31
56
Imissyou
08.12.2023 13:24
Ädikçi (hekaýa) 2 nji bölüm

– Çüý­ler se­niň ag­zy­ňa çüm­me­ýär­mi? – di­ýe­ni­ni bil­män gal­dy.
Ädik­çi haý­ran gal­mak bi­len edip otu­ran işi­ne dyn­gy be­rip, ba­şy­ny gal­dyr­dy. Ol Ha­sa­nyň ýü­zü­ne es­li wagt­lap se­ret­di-de:
– Og­lan­jyk, sen nä­me türk­mi asyl? – di­ýip, so­ra­dy.
– Ha­wa, Stam­bul­dan gel­dim.
– Me­nem şo ta­rap­lar­dan. Iz­mit­den!
Ädik­çi­niň saç-sak­ga­ly buýr-bu­la­şyk­dy, dö­şi açyk­dy, diş­le­ri sel­çeň­di, ýü­zi-gö­zi-de zag­py­ran dek sa­ry­dy. Türk di­li­ni bil­ýän­di­gi we Stam­bul ta­rap­lar­dan ge­len­di­gi se­bäp­li Ha­san in­di onuň di­ňe edip otu­ran işi­ne däl-de, ýü­zü­ne-de dyk­gat bi­len se­red­ýär­di.
Diş­le­ri­niň seý­rek­li­gi se­bäp­li ha­ýal çyk­ýan se­si bi­len us­sa ýe­ne-de so­ra­dy:
– Sen bu je­le­gaý­la­ra nä­dip dü­şüp ýör­süň?
Ha­san ba­şar­dy­gyn­dan gür­rüň ber­di.
Soň­ra Kan­ly­ja­da­ky öý­le­ri ba­ra­da gür­rüň ber­di: goň­şu­sy­nyň og­ly Mah­myt bi­len ba­lyk tut­ma­ga gi­diş­le­ri­ni, eje­si bi­len luk­ma­nyň ýa­ny­na bar­ýar­ka ýe­ras­ty ge­çel­ge­den ge­çiş­le­ri­ni, bir ýo­la ak reňk­li tiz kö­mek ula­gy­nyň ga­pa gel­şi­ni, onuň için­de dü­şek­le­riň bar­dy­gy­ny gür­rüň ber­di. Bir­den-kä hem so­rag ber­di.
– Sen nä­me üçin bär­de?
Us­sa ba­şy­ny sal­lap:
– Bu uzyn he­ka­ýa – di­ýip py­şyr­da­dy-da: – Bir saý-se­bäp bi­len bi­zem bu ýer­le­re düş­dük-dä – di­ýip, ba­şy­ny ýaý­ka­dy.
Al­ty aý­dan bä­ri dy­myp gel­ýän Ha­san dil açyp­dy… Şat­lyk­dan ýa­ňa ýa­ňa­jyk­la­ry gy­za­ran Ha­san sä­gin­män, do­da­jyk­la­ry­ny çöm­mel­dip, ýa­kym­ly­ja se­si bi­len üz­nük­siz je­dir­de­ýär­di. Ol ýa­dy­na dü­şen äh­li za­dy gür­rüň ber­ýär­di.
Ädik­çi hem iş­le­ýär­di, hem-de kä­wagt «Hä! Bäh? Şeý­le­mi?» di­ýip, ony diň­le­ýän­di­gi­ni bil­dir­ýän söz­le­ri bi­len göw­nü­ni gö­ter­ýär­di. Ol in­di ge­çen gün­le­rini, ge­zen ýer­le­ri­ni, uzak­da ga­lan ýur­du­nyň dag-de­re­le­ri­ni, ne­sim ýel­le­ri­ni ýatlap, Wa­ta­ny­nyň aý­dym-sa­zy­na diň sal­ýan ýa­ly bir­de he­zil edip, bir­de gam­la­nyp bü­tin dur­ky bi­len gal­pyl­dap diň­le­ýär­di.
Ädik­çi og­lan­jy­gy köp­räk diň­le­mek üçin eli­ni ha­ýal­jak­dan iş­led­ýär­di.
Em­ma ahyr­so­ňy, äh­li aýak­gap­lar abat­la­nyp, iş gu­tar­dy. Ol de­mir çi­şi ýer­den so­gur­dy, te­le­ti­ni düýr­le­di, çüý­li gu­tu­sy­ny ýap­dy, ýe­lim­li ga­by­nyň ag­zy­ny sa­ra­dy. Ol bu iş­le­riň hem­me­si­ni as­sa-as­sa­dan et­di.
Ha­san, ga­ty gy­na­nyp:
– Gid­ýä­ňiz­mi? – diýip, sorady.
– Ha­wa, gid­ýä­rin, işim gu­tar­dy.
Şol wagt ädik­çi ki­çi­jik il­de­şi­niň ag­la­ýan­dy­gy­ny gör­di. Ol tit­räp, ses­siz­je ag­la­ýar­dy. Göz­ýaş­la­ry ýa­ňak­la­ryn­dan tir­keş gu­rap, wa­go­nyň tä­miz pen­ji­re­le­rin­dä­ki ýa­gyş dam­ja­la­ry te­bi­ga­tyň dur­ku­ny, gö­zel man­za­ry­ny özün­de şöh­le­len­di­rip, ni­çik­si gys­san­maç bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ne urup ak­ýan bol­sa, edil şo­nuň ýa­ly için­dä­ki gü­neş­li ma­wy as­man ýü­re­gin­de gop­ýan ha­ra­sat­lar bi­len dar­kaş gu­rup, bul­du­rap sy­ryg­ýar­dy.
– Ag­la­ma­sa­na! Ag­la­ma, goý ha­ny!
Ädik­çi­niň da­ma­gy do­lup, baş­ga söz ta­pyp bil­me­di. Mu­ny eşi­den ça­ga so­jap, hü­nü­bir­ýan ag­la­dy, ol in­di öz di­lin­de gür­le­ýän ada­ma hiç ha­çan duş­ma­ja­gy­ny bi­lip ag­la­ýar­dy.
– Ag­la­ma diý­ýän sa­ňa! Goý, ag­la­ma!
Bu söz­le­ri diý­ýän wag­ty onuň birmahallar ga­tap, so­wan ýü­re­gi ýum­şap, giň­lik ara­la­şyp­dy. Öňün­den geç­jek bol­dy, ýö­ne ba­şar­ma­dy, gaý­ra­ty çat­ma­dy. Göz­le­ri­niň owa­sy­nyň ýaş­dan do­lan­dy­gy­ny, sak­ga­lyn­dan sy­ry­gyp gaýd­ýan göz­ýaş­la­ry­nyň ys­sa ýa­nan gyz­gyn dö­şü­ne şil­di­räp ak­ýan bu­lak ýa­ly sal­kyn­lyk we ra­hat­lyk be­rip dam­ýan­dy­gy­ny duý­dy.
23
64
Imissyou
08.12.2023 10:16
Barwinok – ýazylyp ýatýan baldaklary bolan ösümlikleriň bir görnüşi bolup, hemişe gök öwüsýän owadan ýapraklary bardyr. Ol köpýyllyk ösümlik hasaplanýar. Onuň uly, owadan reňkli gülleriniň her biri aýratyn bir baldakda ýerleşýär. Gülleri 5 sany aýry-aýry bolan gül ýapraklardan durandyr.

Barwinok gülüniň ýapraklary ajaýyp güýç we janlylyk bilen beýleki ösümliklerden tapawutlanýar. Olar hat-da garyň aşagynda-da täze görnüşini saklaýarlar. Şonuň üçin hem olar tokaýlardan baglara we seýilgählere geçirilýär, bezeg hökmünde ulanylýar. Hoşboý ysly gyrmyzy gülleri ýazyň başynda açyp başlaýar, ýöne adamlar onuň güllerine köp üns bermeýärler. Bu ösümlik hakda birnäçe rowaýatlar hem bardyr.

Bu güller esasan hem bezeg üçin ösdürilýär. Olar güllän wagtynda örän owadan bolýarlar. Şonuň üçin hem Awstraliýa we Germaniýa ýaly ýurtlarda olary adamlar penjirelerinden asyp goýýarlar. Bu gülüň ýyldyrym çakanda öýleri gorajakdygyny hem aýdýarlar. Barwinok zäherli ösümlikdir. Halk lukmançylygynda ony içgeçmede, diş agyryda, gan akmada ulanýarlar.

Barwinok çornobrids, kalino, malwo bilen bir hatarda Ukrainanyň nyşany hasaplanýan ösümliklerden biridir. Rowaýata görä, ol aşyklar – Bar atly ýigit bilen Winkin atly gyzyň hormatyna ,,barwinok’’ adyny beripdirler. Bu gül gyşyna hem solmaýanlygy, hemişe gök öwsüp durýandygy sebäpli ol nikalaşmagyň, söýginiň nyşany hasaplanýar. Alymlar hem bu gülüň halk döredijiligindäki orny barada köp eserler ýazyp geçipdirler.
25
27
Imissyou
08.12.2023 06:29
Şaýy pullar – iň gadymy pul görnüşidir. Olar taýak, halka, tegelek ýa-da haýwanlaryň kellesine meňzeş görnüşdäki, misden, kümüşden we gymmat bahaly metallardan ýasalan teňňelere çenli ösüş ýoluny geçdiler. Ilkibaşdaky teňňelerde hiç hili şekilleri bolmandyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen olaryň ýüzlerinde şekiller döredilip başlandy. Teňňeler döredilende olar arzan bahaly metallardan ýasalypdyr. Soňra onuň hümmeti ýokarlanyp gymmat bahaly metallar, ýagny kümüş we altyn ýaly metallar ulanylyp başlandy.
Gadymy grekler teňňeleriň ýüzünde mifleriň gahrymanlarynyň, rimlileriň Ýanus ýa-da Saturn taňrylarynyň suratlaryny şekillendiripdirler. Olaryň gahrymanlaryň, taňrylaryň şekillerini teňňeleriň ýüzünde şekillendirmekleriniň hem özüniň sebäpleri we taryhy bardyr.
Şaýy pullaryň köp ýasalmagy onuň ezilmezliginiň we birleşmeginiň amatlylygy bilen baglanyşykly bolupdyr. Olar alyş-çalyş üçin örän amatly bolup, pes agram we göwrüm bilen deňeşdirilende gaty gymmatdyr. Aýry-aýry ýurtlaryň taryhynda teňňeleriň bir sebäbe görä ulanylmagy bes edilen belli bir döwürleri hem bar. Şeýlelik bilen, Russiýada XII-XIV asyrlarda teňňesiz döwür bolup geçdi. Sebäbi daşary ýurtlardan gelýän kümüş akymlary gutardy we şol döwürlerde Russiýanyň özünde kümüş ýataklary ýokdy.
Häzirki wagtda diňe esasy metallardan ýasalan ownuk pul teňňeleri dolanyşykda ulanylýar, olar ownuk tölegler üçin peýdalanylýar. Beýleki döwletler ýaly hem, Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy pullarymyzy öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi. Taryhy tapyndylarymyzy halka görkezmek üçin dünýä ülňülerine gabat gelýän muzeýler döredildi. Muzeýlerde beýleki milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, geçmişde ulanylan pullar we Garaşsyzlyk döwründe dolanyşyga girizilen hem-de ýurdumyzyň şanly senelerine bagyşlanyp çykarylýan ýadygärlik pullar saklanylýar.
23
57
Imissyou
07.12.2023 18:03
Rosýanka – batgalykda, gum daşlarynda, daglarda, tokaýlarda, ýagny topragyň islendik görnüşinde duş gelýän ýyrtyjy ösümlikleriň bir görnüşidir. Bu ösümlik köpýyllykdyr. Ýapragynyň gyrasy we ýokary ýüzi tüýjagazlar bilen örtülendir. Olar gyjyndyrylanda gaharlanýar we mör-möjeklere duzak bolup hyzmat edýän sferik damjalara öwrülýär. Olaryň şol tüýjagazlarynyň uzynlygy 5 millimetrdir.
Rosýankanyň kiçi ýa-da uly, açyk gülgüne reňkli gülleri bardyr. Olaryň ähli görnüşleri hem ýyrtyjydyr. Ýapraklarynyň öndürýän ýeliminde mör-möjeklere we fermentlerine ysmaz täsir edýän maddalary bardyr. Mör-möjek tutulandan soň, ýapragyň gyralary ýapylýar we tutuşlygyna gurşalýar. Şol mör-möjek siňdirilenden soň , ýaprak ýene-de açylýar. Onuň iýmitini siňdirmesi hem birnäçe gün dowam edýär. Ösümligi iýmitlendirmegiň bu usuly, tükenen toprak şertlerinde iýmit üçin zerur bolan zatlary, ýagny natriý, kaliý, magniý, fosfor we azot ýaly maddalary siňdirmäge mümkinçilik berýär. Ýapragy epmegiň mehanizmi saýlanýar we diňe belokly iýmitlere täsir edýär, bir damja suwy ýa-da düşen ýaprak görnüşdäki tötänleýin täsirler iýmit siňdiriş işine sebäp bolmaýar.
Rosýankalar tohumlary, kesilen ýapraklary arkaly köpelýärler. Güllemek döwri rosýankanyň sortuna baglylykda üýtgäp durýar. Olar köplenç ýaz we tomus aýlarynda gülleýärler. Adatça, rosýankalaryň gülleri ösümlikleriň tozanlarynyň üstüne düşmezligi üçin uzyn baldakda ýerleşýär. Ony emeli usul bilen köpeltmek üçin bir baldajygyny kesip almaly we bir stakan suwa salyp goýmaly. Kökleri emele gelýänçä garaşmaly. Kökleri 1 hepdäniň içinde çykyp başlar. Üç ýa-da dört hepdeden soň ony toprakly gutujyga oturtsa bolar.
29
58
Imissyou
07.12.2023 13:32
Madagaskar aý-aýysy gara-goňur sütükli süýdemdiriji, uzyn guýrugy we gaty uzyn barmaklary bolan Daubentonia maşgalasynyň ýeke-täk döwrebap görnüşidir. Madagaskaryň tropiki tokaýlarynda gijelerine işjeň bolýarlar. Olar gijeki primatlaryň iň uly wekili. Onuň ak ýa-da goňur reňkli uly guýrugy bar. Olar Madagaskaryň demirgazygynda ýaşap, sanlyja görnüşleri saklanyp galypdyr. Olar hem Gyzyl kitaba girizilendir. Bu görnüş 1780-nji ýylda Madagaskaryň günbatar kenarynda işleýän gözegçi Pýer Sonnera tarapyndan tapyldy. Bu haýwanyň dişleriniň üýtgeşik gurluşynyň barlygy sebäpli, aý-aýyň ýagdaýy barada yzygiderli uzak çekeleşikler bolupdyr. Bu jandaryň agramy takmynan 3 kg-a ,uzynlygy bolsa 36-44 sm-e ýetýär. Onuň bedeni inçe we gatydyr, reňki goýy goňur ýa-da gara saçly, galyň tüý gatlagy bilen örtülen. Guýrugynyň uzynlygy 60 sm-e ýetýär, ýüzi gysgaldylan uly tegelek kellesi, uly gözleri we ullakan saçsyz gulaklary bilen bezelen. Olaryň dişleri gemrijileriň dişlerine meňzeşdir. Öň aýaklary arka aýaklaryndan has gysga, barmaklar gaty uzyn we birneme egilen dyrnaklary bar, orta barmagyň soňky iki bogunlary uzyn. Ol bu barmagyny garynjalary we beýleki mör-möjekleri tutmak we bokurdaga iteklemek üçin ulanýar. Beýleki primatlar ýaly aýagyndaky uly barmak beýleki dört barmaga garşy, ýöne ellerde beýle garşylyk ýok diýen ýaly.

Uzak wagtlap aý-aýlaryň ýeke-täk durmuş ýörelgesine we diňe iýmit gözleýändigine ynanýardylar. Emma tebigatda bu lemurlaryň durmuşyny öwrenen gözegçi Elinor Sterling käbir haýwanlaryň iýmit gözlemek üçin jübüt hereket edýändigini anyklady. Mundan başga-da, olaryň biri indiki agaja geçmek islese , ýoldaşyny kömege çagyryp, hökman belli bir ses çykarýarlar.
28
62
Imissyou
07.12.2023 10:17
Grandala – Aziýa ýurtlarynda duş gelýän, daşky görnüşi serçelere meňzeş bolan bir guş görnüşidir. Bu görnüş Gimalaý daglarynyň demirgazyk-günbatarynda Butana, şeýle hem Hytaýyň merkezi ýerlerinde köp duş gelýär. Olar göçüp gidýän guşlara degişli. Gyşyna bu guşlar maýyl ýerlere, ýagny günorta Mýanma sebitlerine gidýärler. Bu guşlar subtropiki we tropiki pes çygly tokaýlarda we meýdanlarda, şeýle hem 41-nji sowuk zonanyň meýdanlarynda ýaşaýarlar.

Grandala guşlarynyň bedeniniň uzynlygy 20,5-23 santimetr, agramy bolsa 38-52 gram aralygynda bolýar. Bu guşlaryň erkekleri we urkaçylary daşky görnüşi boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Erkek grandalaryň bedeni gök-çal reňkde bolup, diňe guýrugy we ganatlary garamtyldyr. Urkaçylarynyň bedeni bolsa ak zolaklary bolan goňur reňkli ýeleklerden ybarat. Ýelekleriniň ujy we aşaklary ak reňkli. Olaryň guýruk ýelekleriniň üstünde gök zolaklary hem bar. Ýaş guşlaryň daşky görnüşi urkaçy guşlara meňzeýär, ýöne olaryň guýruk ýelekleriniň üstünde gök reňkli zolaklary ýok. Bu guş görnüşi 3900-5500 metr belentlikdäki agaç çyzygynyň üstünde, dag gerişli çemenliklerde we derýa gyrymsylarynyň üstündäki gerişlerde köp duş gelýärler. Gyş aýlarynda 3000 – 4300 metr aralygynda dag eňňitlerinde ýaşaýarlar.

Grandala guşlary mör-möjekler we miweler bilen iýmitlenýärler. Olaryň köpelmek möwsümi maý aýy bilen iýul aýlarynyň aralygynda bolýar. Gaba şekilli höwürtgeleri gury otlardan, mohlardan düzülen we ýelekler bilen örtülen bolup, dik gaýalaryň gyralarynda bolýar. Olaryň ýumurtgalary agymtyl-ýaşyl reňde bolup, üstünde gyzyl- goňur tegmilleri bar.
29
61
Imissyou
07.12.2023 05:37
Assalamaleýkum mähribanlar, ertiriňiz haýyrly bolsun, siziň her biriňize asly halal ojaklarňyzda agzybirlik höküm sürsün, öýlerňizde çaga gülkileri ýaňlansyn, rysgal döwletiňiz egsilmesin, janyňyzam lukmanlary haýran galdyrjak sagdyn bolmagyňyzy arzuw etýän,
28
46