Imissyou
08.12.2023 13:24
Ädikçi (hekaýa) 2 nji bölüm

– Çüý­ler se­niň ag­zy­ňa çüm­me­ýär­mi? – di­ýe­ni­ni bil­män gal­dy.
Ädik­çi haý­ran gal­mak bi­len edip otu­ran işi­ne dyn­gy be­rip, ba­şy­ny gal­dyr­dy. Ol Ha­sa­nyň ýü­zü­ne es­li wagt­lap se­ret­di-de:
– Og­lan­jyk, sen nä­me türk­mi asyl? – di­ýip, so­ra­dy.
– Ha­wa, Stam­bul­dan gel­dim.
– Me­nem şo ta­rap­lar­dan. Iz­mit­den!
Ädik­çi­niň saç-sak­ga­ly buýr-bu­la­şyk­dy, dö­şi açyk­dy, diş­le­ri sel­çeň­di, ýü­zi-gö­zi-de zag­py­ran dek sa­ry­dy. Türk di­li­ni bil­ýän­di­gi we Stam­bul ta­rap­lar­dan ge­len­di­gi se­bäp­li Ha­san in­di onuň di­ňe edip otu­ran işi­ne däl-de, ýü­zü­ne-de dyk­gat bi­len se­red­ýär­di.
Diş­le­ri­niň seý­rek­li­gi se­bäp­li ha­ýal çyk­ýan se­si bi­len us­sa ýe­ne-de so­ra­dy:
– Sen bu je­le­gaý­la­ra nä­dip dü­şüp ýör­süň?
Ha­san ba­şar­dy­gyn­dan gür­rüň ber­di.
Soň­ra Kan­ly­ja­da­ky öý­le­ri ba­ra­da gür­rüň ber­di: goň­şu­sy­nyň og­ly Mah­myt bi­len ba­lyk tut­ma­ga gi­diş­le­ri­ni, eje­si bi­len luk­ma­nyň ýa­ny­na bar­ýar­ka ýe­ras­ty ge­çel­ge­den ge­çiş­le­ri­ni, bir ýo­la ak reňk­li tiz kö­mek ula­gy­nyň ga­pa gel­şi­ni, onuň için­de dü­şek­le­riň bar­dy­gy­ny gür­rüň ber­di. Bir­den-kä hem so­rag ber­di.
– Sen nä­me üçin bär­de?
Us­sa ba­şy­ny sal­lap:
– Bu uzyn he­ka­ýa – di­ýip py­şyr­da­dy-da: – Bir saý-se­bäp bi­len bi­zem bu ýer­le­re düş­dük-dä – di­ýip, ba­şy­ny ýaý­ka­dy.
Al­ty aý­dan bä­ri dy­myp gel­ýän Ha­san dil açyp­dy… Şat­lyk­dan ýa­ňa ýa­ňa­jyk­la­ry gy­za­ran Ha­san sä­gin­män, do­da­jyk­la­ry­ny çöm­mel­dip, ýa­kym­ly­ja se­si bi­len üz­nük­siz je­dir­de­ýär­di. Ol ýa­dy­na dü­şen äh­li za­dy gür­rüň ber­ýär­di.
Ädik­çi hem iş­le­ýär­di, hem-de kä­wagt «Hä! Bäh? Şeý­le­mi?» di­ýip, ony diň­le­ýän­di­gi­ni bil­dir­ýän söz­le­ri bi­len göw­nü­ni gö­ter­ýär­di. Ol in­di ge­çen gün­le­rini, ge­zen ýer­le­ri­ni, uzak­da ga­lan ýur­du­nyň dag-de­re­le­ri­ni, ne­sim ýel­le­ri­ni ýatlap, Wa­ta­ny­nyň aý­dym-sa­zy­na diň sal­ýan ýa­ly bir­de he­zil edip, bir­de gam­la­nyp bü­tin dur­ky bi­len gal­pyl­dap diň­le­ýär­di.
Ädik­çi og­lan­jy­gy köp­räk diň­le­mek üçin eli­ni ha­ýal­jak­dan iş­led­ýär­di.
Em­ma ahyr­so­ňy, äh­li aýak­gap­lar abat­la­nyp, iş gu­tar­dy. Ol de­mir çi­şi ýer­den so­gur­dy, te­le­ti­ni düýr­le­di, çüý­li gu­tu­sy­ny ýap­dy, ýe­lim­li ga­by­nyň ag­zy­ny sa­ra­dy. Ol bu iş­le­riň hem­me­si­ni as­sa-as­sa­dan et­di.
Ha­san, ga­ty gy­na­nyp:
– Gid­ýä­ňiz­mi? – diýip, sorady.
– Ha­wa, gid­ýä­rin, işim gu­tar­dy.
Şol wagt ädik­çi ki­çi­jik il­de­şi­niň ag­la­ýan­dy­gy­ny gör­di. Ol tit­räp, ses­siz­je ag­la­ýar­dy. Göz­ýaş­la­ry ýa­ňak­la­ryn­dan tir­keş gu­rap, wa­go­nyň tä­miz pen­ji­re­le­rin­dä­ki ýa­gyş dam­ja­la­ry te­bi­ga­tyň dur­ku­ny, gö­zel man­za­ry­ny özün­de şöh­le­len­di­rip, ni­çik­si gys­san­maç bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ne urup ak­ýan bol­sa, edil şo­nuň ýa­ly için­dä­ki gü­neş­li ma­wy as­man ýü­re­gin­de gop­ýan ha­ra­sat­lar bi­len dar­kaş gu­rup, bul­du­rap sy­ryg­ýar­dy.
– Ag­la­ma­sa­na! Ag­la­ma, goý ha­ny!
Ädik­çi­niň da­ma­gy do­lup, baş­ga söz ta­pyp bil­me­di. Mu­ny eşi­den ça­ga so­jap, hü­nü­bir­ýan ag­la­dy, ol in­di öz di­lin­de gür­le­ýän ada­ma hiç ha­çan duş­ma­ja­gy­ny bi­lip ag­la­ýar­dy.
– Ag­la­ma diý­ýän sa­ňa! Goý, ag­la­ma!
Bu söz­le­ri diý­ýän wag­ty onuň birmahallar ga­tap, so­wan ýü­re­gi ýum­şap, giň­lik ara­la­şyp­dy. Öňün­den geç­jek bol­dy, ýö­ne ba­şar­ma­dy, gaý­ra­ty çat­ma­dy. Göz­le­ri­niň owa­sy­nyň ýaş­dan do­lan­dy­gy­ny, sak­ga­lyn­dan sy­ry­gyp gaýd­ýan göz­ýaş­la­ry­nyň ys­sa ýa­nan gyz­gyn dö­şü­ne şil­di­räp ak­ýan bu­lak ýa­ly sal­kyn­lyk we ra­hat­lyk be­rip dam­ýan­dy­gy­ny duý­dy.
23
64
byibo
11 Dekabr 2023
Ya sonuna cenli goysanyz yada goyup bilmeyan bolsanz cesme diyip asagnda bir sozlemjikler yazsanz gowy bolarmyka diyyan mena su postada👎goymaly sonunyn yoklugy sebapli
byibo
11 Dekabr 2023
Indi nm bollyka
mail
8 Dekabr 2023
dowamy ýokmu
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.