Imissyou
21.12.2023 11:57
Gyş barada täsin faktlar

 Gyş pasly täsin pasyl bolup onuň başlanyşy 3 hili düşündirilýär. Kalendarda gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýar. Meteorologlaryň hasaby bilen howa sowanda gyş pasly başlanýar. Astronomiýada bolsa 21-22-nji dekabrda başlanýar. Howanyň iň sowuk hasaba alynmagy taryhda   – 91.2 gradusa deň boldy. Ol Antraktida materiginde Sputnikden hasaba alnandyr.Rus dilindäki “zima” sözi grekleriň çhemiýa sözünden gelip çykyp şemal , tüweleý diýmekligi aňladýar. Gresiýada gyş paslynda gar ýagmaýar, köplenç ýagyş ýagýar, şonuň üçin howanyň iň sowuk wagtyna ýagyşly döwrüne gyş pasly diýip atlandyrýarlar. Iňlisleriň winter sözi nemes dilinden “Wintar-suw” diýen sözden gelip çykypdyr.Gyş paslynda hemmämize mälim bolan gar tozgajyklary ýer ýüzüni gaplap alýar. Olar gurak gaty gar tozgajyklaryna hem-de öl ýa-da çygly gar tozgajyklaryna bölünýärler. Gar bölejikleriniň düzümindäki suwuň mukdary dürli dürli bolup şol bir wagtyň özünde olaryň şekilleri hem bir birine meňzemeýär. Ýer ýüzünde näçe adam bar bolup olaryň biri-birine meňzemeýşi ýaly gar tozgajyklarynyň şekilleri hem dürli-dürli bolýar. Olaryň düzüminiň 95% howadan ybarat bolup ol suw damjasynda has ýeňil bolýar. Gyş paslynda Gün Ýer planetasyna has golaýlaşýar we muňa seretmezden howa sowuk bolýar.
34
199
Imissyou
21.12.2023 08:24
«Donor» latyn sözi bolup, türkmen diline terjime edilende «peşgeş bermek» diýmegi aňladýar. Donor öz ganyny peşgeş berýän adamdyr. Donorlaryň ynsan ömrüni halas etmek üçin öz ganyny bermegi «donor­çylyk hereketi» diýlip, atlandyrylýar. Gan tabşyrmagyň peýdaly tarapy diňe bir agyr derde duçar bolan hassa ikinji ömrüň peşgeş berilýändigi bilen baglanyşykly däldir. Munuň özi gan donorynyň özi üçin hem peýdalydyr.

Donorlyk – bedeniň öz-özünden täzelenmeginiň hasabyna juwanlygy saklamak, garrylygy yza tesdirmek üçin şert döreýär. Oňurga ýiliginde bedeniň ähli dokumalaryna we agzalaryna kislorod eltýän gyzyl gan öýjükleriniň, ýagny eritrositleriň öndürilişi işjeňleşýär, sütün öýjükleri döreýär. Olardan ähli beden öýjükleriniň emele gelýändigi mälimdir. Gyzyl gan öýjükleriniň işjeňleşmegi, immunitetiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Ganyň donorlygy immun, aşgazan-içege ulgamlarynyň işine itergi berýär, bu ulgamlaryň işiniň bozulmagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Dürli tebigy ýa-da durmuşda duş gelýän beýleki pajygaly hadysalarda, agyr operasiýalarda ýüze çykmagy mümkin bolan ganyň ýitgisine durnuklylygy ýokarlandyrýar.

Kimdir birine ýagşylyk etmek, haýyr işe şärik bolmak bagty adamyň göwnüni galkyndyrýar, oňa ruhy güýç berýär. Şeýlelikde, hemişe gan tabşyrýan donorlar sagdyn adamlar hasaplanylýar. Ganyň donorlygy hakynda söz açylanda kimiň ganyň donory bolup biljekdigi hakyndaky sowal ýüze çykýar. Elbetde, milletine, jynsyna, ýaşaýan ýerine, durmuş ýagdaýyna garamazdan, 18-60 ýaş aralygyndaky islendik adam (eger, saglygy boýunça gan we onuň düzüm böleklerini tabşyrmaga garşy görkezmeler ýok bolsa) ganyň donory bolup bilýär.
32
45
Imissyou
21.12.2023 05:14
Bizi goldap bu günlere ýetirdiň,
Kadyr Alla, özüň ýene medet ber.
Huzuryňda kabul bolsun dilegim:
Uly pähim, kiçilere edep ber.

Eşretem eçildi ýyllarym, aýym,
Ezýetdenem ýetik berildi paýym.
Herne senden daş düşmedim Hudaýym,
Öňde görjek günlerime sähet ber.

Nämäň ýalandygy, nämäň çyndygy,
Kimiň düzüwdigi, kimiň şumdygy.
Görnüp durawersin kimiň kimdigi
Agyň, garaň arasynda serhet ber.

Bu topraga däldirin men bigäne,
Geldim ony ömürboýy söýmäge.
Owal-ahyr dogry sözi diýmäge
Gaýrat berdiň, Allam, ýene gaýrat ber.

Biri kesek atsa barýan ýoluma,
Ykbal ony duçar etsin päline.
Ownamazlyk üçin eziz ilime,
Mahal-mahal Göroglyny sowgat ber.

Gurbat gerek menzillerden ötmäge,
Zürýat gerek ömri dowam etmäge.
Ýetilmedik ak daňlara ýetmäge
Yzymyzda galjaklara müddet ber.

Göwünlere giňlik bersin kanagat,
Gözümizden gaýyp bolsun gabahat.
Görüp dursuň, göçüp barýar tebehet,
Adamlara sabyr bilen takat ber.

Gynansak-da, gökden ýol saldy berim.
Ýerden göterilýär haýadyr şerim.
Belany dep etjek bir seniň emriň,
Ýigde namys, gözellere uýat ber.

Ýagşy äre ýagşy ýarlar nesip däl.
Bu çyn. Ýöne agzap durmak uslyp däl.
Gara garnyň dolulygy hesip däl —
Çep gursaga sahawat ber, ganat ber.

Duşundan geçmäýin toýuň-u-ýasyň.
Biderek gitmesin çeken yhlasym.
Ata-babaň demi siňen mirasym —
Asly halal ojagyma döwlet ber.

Siňňin bolsun ýazda ýagan ýagyşlar.
Indikime sapak bolsun ýalňyşlar.
Maýsa bolup çogup çyksyn alkyşlar,
Saçagyma bereket ber, hümmet ber.

Çisňäp duran damja entek ýagmyr däl.
Ol kim bolýar: çarwa-da däl, çomur däl.
Berjek bolsaň bir bikeşp ömür däl —
Ojar ýaly lowlap duran kysmat ber.

Mertebedir iň bir beýik şygarym,
Biribarym, iki dünýe çyragym.
Öz başymy çarap bilmedik çagym
Bakyýete ugramaga rugsat ber!
30
33
Imissyou
20.12.2023 18:43
Soňky döwür çilimiň zyýanlary barada kän ýazyp başladylar, indi özüme erk etjek, mundan beýläk okajak däl"🤣🤣

Bir adama erbet söz aýdyp göwnüne
degmezden ozal saklanyñ, bir minut oýlanyp görüň. Belki hasam erbet sözler kelläñize geler.🤣🤣

Türkmen owazy radiosyna jañ gelýär:
"'Salowmaleýkim, men düýn, içinde 7 müñ
dollar bolan gapjyk tapdym we içinde Şatlyk Meredowyñ paspordy bar eken. Shol adama "kaýfuýe" diýen aýdymy meniñ adymdan diñledäýiñ.🤣🤣
45
412
Imissyou
20.12.2023 15:38
ELIŇDEDIR

Şükürüm kän, keremiňe, eý, Allam,
ykbala nur çaýýan ýaz eliňdedir.
Ömür günler bilen atyp ýör hallan,
emma, soňra galjak yz eliňdedir.

Bilmän galýan niçik duşumdan geçdi,
günler bir-birine şeýle bir gysby,
gursaga guýupsyň egsilmez yşgy,
körügin köretjek köz eliňdedir.

Aýdyň,
nirde yşkdan ýüzün sowan bar?!
Mähre – ýatlar ýakyn,
dostlar dogan bo:r.
Köp atsaň şor,
az atsaňam ýuwan bo:r,
ömre tagam berjek duz eliňdedir.

Öwütdir şü,
görelde şü pederden,
gahryn ýuwdan – iň ullakan edermen.
Haýsy ýana sürseň, şoňa gidermen,
ykbalyň jylawy ÖZ eliňdedir.

Aşyrmat GARLY.
35
36
Imissyou
20.12.2023 12:31
Düzüminde witaminleriň köp möçberini saklaýan we wirusdyr ýakymsyz howa şertlerine garşy göreşýän miweleriň biri-de armytdyr.

Armyt şähdiňi açmaga kömek edýär, bu miwe bedende dartgynlylygyň derejesini peseldýän we ony energiýa bilen üpjün edýän gurplandyryjy täsire eýedir.

Lukmanlar nämedir bir zat ynjalyksyzlandyrýan bolsa, birnäçe armyt iýmegi maslahat berýärler.

Armydyň düzüminde kalsiý, kletçatka, demir we kaliý ýaly maddalar bar.

Armyt bedeniň saglygy üçin zerur bolan A, C, B we E witaminlerine eýe.

Gyzgyny duýdansyz galan, şeýle-de böwreginiň işleýşi we iýmit siňdiriş agzalarynyň işi bozulan adamlara hem armyt iýmek peýdalydyr.
33
22
Imissyou
20.12.2023 08:50
Bilermenler her günüň jemini jemlemegiň, geçen günden netije çykarmagyň geljekdäki maksatlaryň amala aşyrylmagynda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtaýarlar. Edil şonuň ýaly ýylyň jemini jemlemek hem geljek ýyly meýilnamalaşdyrmak durmuşymyzda oňyn netijeleriň gazanylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Netije çykarmagyň ilkinji basgançagynda geçen ýyl täze ýyl üçin düzen meýilnamaňyzy seljeriň. Edilen işleriň üstüni çyzyp ýetişilmedikleriniň ýa-da başa barmadyklarynyň deňine bellik ediň. Gazanan üstünlikleriňizi aýratyn sahypa uly harplar bilen ýazyň. Soňra goýberen ýalňyşlaryňyzy belläň. Gündeligiňizde bu bellikleri aýratynlandyryp reňkli galam bilen çyzyň.

Ikinji basgançakda geljek täze ýyl üçin maksatlaryňyzy meýilnamalaşdyryň. Geçen ýyldan galan işleriňizi sanawyň ýokarsyndan ýazyň. Iň ownujak işlerden beýiklerine garşy beýgeliň. Şonda her başarnykly maksadyňyz sizi täze ýeňişlere ruhlandyrar.

Iň esasy zat arzuw etmekden dänmäň. Maksatlaryňyzy mydama belentden tutuň. Şonda meýilnamaňyzyň üçden ikisini berjaý edeniňizde-de durmuşyňyzda ýeten sepgitleriňiz göwne makul bolar.
24
23
Imissyou
20.12.2023 05:02
151 ýyllyk ylym žurnaly ömrüni tamamlady.

Dünýäde meşhur ylym žurnallarynyň biri bolan “Popüler Science” birnäçe ýyl bäri diňe elektron görnüşde neşir edilýärdi. Golaýda žurnalyň elektron görnüşi hem ömrüni tamamlady.

Popüler Science – 1872-nji ýylda çap edilip başlanda, ylym, tehnologiýa we tebigat mazmuny bilen ünsi özüne çekdi. Žurnal gysga wagtyň içinde jemgyýeti özüne çekip, öz ugrundaky iň abraýly neşirleriň birine öwrüldi.

Dünýä uruşlaryny, epidemiýalary, krizisleri we sowuk söweşi başdan geçiren žurnal 151 ýyllyk syýahatyny tamamlady. Gysgaça “PopSci” diýlip atlandyrylýan žurnalyň soňky ýyllarda kynçylyk çekýändigi mälimdi. Žurnal 2018-nji ýyldan başlap, öň aýda bir gezek çykýan bolsa, her 3 aýda bir gezek çap edilip başlandy. 2021-nji ýylda žurnal doly elektron ýagdaýa geçdi.

Mundan beýläk “Populer Science” diňe öz web sahypasynda makalalary çap eder. Şeýle hem “PopSci” üçin wideo mazmunlarynyň öndüriljekdigi mälim edilýär.
26
31
Imissyou
19.12.2023 19:07
Her gezek parehmahera girenimizde, name uçin nahili etmeli diyip sorayalar?

Name uçin her gezek biri bilen ursanda,
gerekli aytmaly sözler diňe oyune gidip
baryakan yadyna dusyar??

Name uçin her gezek bankomatda senden on duran adam, hiczada dusinmeyan adam bolup çykya?

Name uçin gyzlar başda gasyny utyaler son bolsa galam bilen cyzyalar?

Name uçin "babek yaltjak yatyr" diyilya,
babekler polkadan tozan ucsa turyalara?
60
1 123
Imissyou
19.12.2023 15:54
Mango – iň peýdaly miweleriň sanawyna girizildi. Süýji şireli miweler diňe bir iýmit üçin däl, eýsem keselleri bejermek üçinem sarp edilýär. Mangony iýmitlenmek boýunça hünärmenler köp maslahat berýärler, ol köp kaloriýany öz içine alýar. Onuň düzümi esasan A we B witaminlere baýdyr. Şeýlelik bilen B witaminiň köp konsentrasiýasynyň saklanmagy energiýa bilen üpjünçiligi ýokarlandyrýar, ukynyň hilini ýokarlandyrýar.

Mangonyň 100 gramynda saklanýan ýokumly iýmitlik maddalar:

kaloriýa – 60 kkal;
belok – 0.82 g;
ýag – 0,38 g;
uglewod – 13,38 g;
kletçatka -1,6 g.

Miwäniň holeritiki, diuretiki aýratynlyklary bar. Ol dem alyş, aşgazan kesellerini bejermekde, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlamakda ähmiýeti örän uludyr.

Nutrisiologlar günde bir mango iýmegi maslahat berýärler. Bu ýagdaýda beden disbioz, içgeçme, gemorroý we bagry arassalamak ýaly peýdalary berýär. Ol ýürek myşsasyny güýçlendirýär we beýniniň işini gowulandyrýar.
29
53