Imissyou
10.09.2024 10:27
Lukmanyň telefonyna jaň geler, jaň eden
hassahana sekretarydyr, Yetişiň, agyr hassa
bar diýer lukmana Âhli işiňizi taşlap
geliň!
-Ynha barýan diýip lukman gyssagy
ýola düşdi, Lukmany hassahanada
hassanyň kakasy garsylady.
-Meniň oglum ölüm ýassygynda ýatyr, Nâme üçin beyýle giç galdyňyz?
Eğer ol öz ogluňyz bolsady, beýle
edermidiňiz?
Lukman jogap berdi: maňa habar berilip
berilmez gyssagly geldim, bir-de unutnaň
ýaşamak we ölüm Allanyň elindedir.
Operatsiýa iki sagat dowam etdi, Lukman operasiýa otagyndan cykyp, Koridordaky kakanyň ýanyndan, ýuwaşja
geçip gitdi. Yzyndan kömekçi lukman cykyp ogluňyz ýaşar diýdi, adam muňa begendi, soňra ýene gaharlandy,
-Bu lukman nähili erbet we gedem, ýagny otagdan çykanda maňa gowy habary
kâşgân ol aytsady, Yardamçy lukmanyň
gözi ýaşa doldy we adama, bütün ömrüne
puşman edip gezjek şu jogaby berdi Yalňysýaňyz Lukman şeyle gowy adam Onuň ogly ýol hâlâkçiliginde bu gün aradan çykdy biz ony ýas ýerinden çagyrdyk, Oglunyň üstüne bir gysym güm atman Siziň ogluňyzyň janyny saklajak bolup hassahana geldi.
Hekaýanyň asyl masysy şu, Yüregiň sadaja özüňden bolana ýanýan bolsa YNSAN dâlsiň, hassanyň kakasy hiç zat gepleman
bir nokada seredip dymdy.
Siz nâhili Pikirde?
16
93
Imissyou
07.09.2024 22:00
NYRH KADASY
Gadym eýýamlarda bir patyşa awa-şikara çykypdyr, aw awlapdyr, guş guşlapdyr. Ýörüp-ýörüp ahyr giň ýaýlada düşlemeli bolupdyr. Goş-golamlaryny ýazdyryp, ýaňy ornaşypdyrlaram welin, serenjamçylaryň biri onuň gaşyna gelip, gol gowşuryp durupdyr. «Şahy-älem, bir katra ganymyzy geçiň, saý-sebäp bilen duz torbamyz boşapdyr» diýip, ol boýun sunup, uzur geçip, aýdypdyr.
Patyşa oňa iň ýyndam atlaryň birini bermegi, haýdan-haý golaý-goltumdaky obadan duz getirmäge ýollanmagy buýrupdyr. At eýerlenip, serenjamçy ýola häzirlenipdirem welin, ony patyşa saklapdyr: «Herki zadyň nyrhynyň bolşy ýaly, duzuňam öz bahasy bardyr – diýip, ol ata atlanan ýigide tabşyrypdyr. – Duzy bahasyndan gymmat alaýmagyn”. Ýigit geň galypdyr: «Patyşahym, baýlygyňyz ýedi yklyma syganok welin, duza az-kem gymmadyrak tölänimde-de bolman durmaz-a».
Patyşa segreýän atyň üstündäki ýigide gaharly garapdyr. “Dünýede adalatsyzlyga sähel zat sebäp bolýandyr – diýip, ol delilli dillenipdir. – Adalatsyzlygyň peltesine bu gün bir damja damsa, ertesi ikisi damýandyr. Ine, şuny bek bellegin”.
10
55
Imissyou
04.09.2024 15:21
𝐒𝐓𝐑𝐄𝐒 𝐍ä𝐌𝐄 :
𝘽𝙪 𝙗𝙞𝙯𝙞ň 𝙜ü𝙣𝙙𝙚𝙡𝙞𝙠 𝙙𝙪𝙧𝙢𝙪ş𝙙𝙖 𝙙üşü𝙣𝙟𝙚𝙨𝙞𝙯 𝙖𝙙𝙖𝙢𝙡𝙖𝙧 𝙗𝙞𝙡𝙚𝙣 𝙙üşü𝙣𝙞ş𝙟𝙚𝙠 𝙗𝙤𝙡𝙪𝙥 𝙜ö𝙧ýä𝙣 𝙜ö𝙧𝙜ü𝙢𝙞𝙯𝙙𝙞𝙧...
𝙰𝚐𝚊𝚓𝚢ň çüý𝚛ü𝚐𝚒 ö𝚣𝚎𝚗𝚒𝚗𝚍𝚎𝚗,𝚊𝚍𝚊𝚖𝚢ň çüý𝚛ü𝚐𝚒 𝚜ö𝚣ü𝚗𝚍𝚎𝚗 𝚋𝚎𝚕𝚕𝚒 𝚋𝚘𝚕𝚊𝚛...
Ýamanlyk etmedik ýeriňden biri seni sebäpsiz ýigrenýän bolsa,özünde ýok zadyň sende barlygydyr...
📖 Durmuş hakykatlary 📖.
Adamzat iki görnüşden ybarat:
Özleriniň samsykdygyny bilýän akyllylar we akyllydyryn öýtýän samsyklar...
Sokrates.
Egerde başyňa kynçylyk gelse,ýakynlaryň gapysyna bar.Gapy açylman biler,ýöne gözüň açylar...
Denzil W.
Edebi bolan ynsan,iýen taýagynyň eýesini gözlemez sebäbini gözlär...
Mevlana.
,,Aç galyp çörek ogurladym,zyndana atdylar we 6 aý mugt çörek berdiler,bu dünýäniň adalaty..."🥺
Wiktor Hugo.
Bir göz,bir göze nämeler düşündirip biler bilemmok,ýöne bir söz,bir gözi ýyllar boýy agladyp biler...
Le.Ckarlo.
Durmuş -bir sapakdyr.Onda iň akylly okuwçy bolsa:geçmişinden sapak alýan kişidir...
Robin Şarma.
14
108