Imissyou
07.09.2024 22:00
NYRH KADASY

Gadym eýýamlarda bir patyşa awa-şikara çykypdyr, aw awlapdyr, guş guşlapdyr. Ýörüp-ýörüp ahyr giň ýaýlada düşlemeli bolupdyr. Goş-golamlaryny ýazdyryp, ýaňy ornaşypdyrlaram welin, serenjamçylaryň biri onuň gaşyna gelip, gol gowşuryp durupdyr. «Şahy-älem, bir katra  ganymyzy geçiň, saý-sebäp bilen duz torbamyz boşapdyr» diýip, ol boýun sunup, uzur geçip, aýdypdyr.

Patyşa  oňa iň ýyndam atlaryň birini bermegi, haýdan-haý golaý-goltumdaky obadan duz getirmäge ýollanmagy buýrupdyr. At eýerlenip, serenjamçy ýola  häzirlenipdirem welin, ony patyşa saklapdyr: «Herki zadyň nyrhynyň bolşy ýaly, duzuňam öz bahasy bardyr – diýip, ol ata atlanan ýigide tabşyrypdyr. – Duzy bahasyndan gymmat alaýmagyn”. Ýigit geň galypdyr: «Patyşahym, baýlygyňyz ýedi yklyma syganok welin, duza az-kem gymmadyrak tölänimde-de bolman durmaz-a».

Patyşa segreýän atyň üstündäki ýigide gaharly garapdyr. “Dünýede adalatsyzlyga sähel zat sebäp bolýandyr – diýip, ol delilli dillenipdir. –  Adalatsyzlygyň peltesine bu gün bir damja damsa, ertesi ikisi damýandyr. Ine, şuny bek bellegin”.
10
55
beghanym
10 Sentýabr 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.