Imissyou
29.01.2024 19:15
Nokia 1100 taryhda iň köp satylantelefon boldy.

Düwmeli «Nokia 1100» taryhda iň meşhur jübi telefony boldy. «Visual Capitalist» portaly iň köp satylan enjamlaryň sanawyny düzdi.
Çeşmä görä, sanawyň birinji ornuny 2003-nji ýylda çykan «Nokia 1100» eýeledi, alty ýylda onuň 250 million nusgasy satylypdyr. Ikinji orny 248 million enjamdan biraz pes görkezijisi bolan, bu brendiň ýene bir düwmeli modeli – «Nokia 1110» eýeledi.
Iň meşhur enjamlaryň üçlüginde «iPhone 6» we «6 Plus» (222 million nusga) hem orun aldy. Onuň uly sensorly ekrany bolan jübi telefonlarynyň eýýamyny açandygy we häzirki döwürde iň köp satylan smartfon bolmagynda galýandygy bellenilýär.
Ilkinji bäşlige «Nokia 105» (200 million nusgada satyldy), şeýle hem «iPhone 6s» we «6s Plus» (174 million nusga) girdi. Olardan aşakda fin we amerikan brendleriniň beýleki modelleri ýerleşdi. Şol bir wagtyň özünde, düwmeli «Samsung E1100» ilkinji ýigrimilikde 11-nji orny, eplenýän «Motorola Razr V3» bolsa 17-nji orny eýeledi.
26
47
Imissyou
25.01.2024 19:07
Ýagyş, nämä ýagýarsyň?!

Ýa­gyş di­ňe bir ösüm­lik­ler üçin däl, adam­lar we jan­ly-jan­dar­lar üçin hem mö­hüm­dir. Ýa­gyş ýa­gan­da ho­wa aras­sa­la­nyp, adam­lar­da şat­lyk­ly duý­gu­lar dö­re­ýär. Dün­ýä­niň bir­nä­çe ýur­dun­da ýa­gyş su­wy içim­lik su­wy hök­mün­de, şeý­le hem ekin­le­ri we bag­la­ry su­war­mak üçin ula­nyl­ýar. Eý­sem, ýag­şyň nä­hi­li peý­da­sy bar­ka?

Kö­şeş­di­ri­ji ys. Bi­ler­men­ler ýa­gyş ýa­gan­da peý­da bol­ýan ýa­kym­ly ysyň adam be­de­ni­ne we aňy­na kö­şeş­di­ri­ji tä­sir ed­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar. Ýa­gyş ýa­gan­da we ýa­gyş di­ňen­den soň da­şar­da ge­ze­lenç et­me­giň, ýag­şyň ysyn­dan dem al­ma­gyň sag­lyk üçin äh­mi­ýet­li­di­gi bel­le­nil­ýär.
Aras­sa ho­wa. Ýa­gyş dam­ja­la­ry ho­wa­da­ky to­zan­ly bö­le­jik­le­ri özü­ne çek­ýär. Ýa­gyş ýa­gan­da ha­pa­lar aýrylyp, ho­wa has aras­sa­lan­ýar. Bi­ler­men­ler ho­wa­da­ky ha­pa­la­ryň azal­ma­gy­na ýag­şyň ýag­ma­gy­nyň uly peý­da­sy­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Ala­da­ny azalt­mak. Jy­bar­lap ýag­ýan ýa­gyş­ly ho­wa­da ýö­re­mek ala­da­la­ry we stre­si azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bi­ler­men­ler gys­ga möh­let­li bol­sa-da, ýa­gyş­ly ho­wa­da ge­ze­lenç et­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Ýö­ne ge­ze­len­je çyk­maz­dan öň ho­wa şer­ti­ne la­ýyk­lyk­da ge­ýin­me­gi, sa­ýa­wan al­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl.
Te­bi­ga­tyň mö­hüm çeş­me­si. Ýa­gyş ösüm­lik­le­riň we jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin mö­hüm­dir. Ýa­gyş çeş­me­le­ri we der­ýa­la­ry süý­ji suw bi­len üp­jün edip, ýa­şyl ekoul­ga­my eme­le ge­tir­ýär.
Äti­ýaç­lyk suw. Ýa­gyş su­wu­ny ýyg­na­mak, esa­san hem, köp ilat­ly şä­her­ler üçin mö­hüm­dir. Kä­bir ýurt­da suw ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak üçin ýa­gyş su­wun­dan peý­da­la­nyl­ýar. Ýa­gyş su­wu­ny ýyg­na­mak we gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly ila­ty agyz su­wy bi­len üp­jün edip bol­ýar. Şeý­le hem oba ho­ja­ly­gyn­da peý­da­la­nyp bol­ýar.
23
27
Imissyou
13.01.2024 19:04
Haýwanat dünýäsinden geň maglumatlar

Albatroslaryň uçmagy üçin ganatlaryny şemala garşy dolulygyna açyp, howada saklanmagy ýeterlikdir. Olar şeýle görnüşde ganat kakmazdan, juda nuzak wagtlap uçup bilýärler.

Gülli meýdanyň üstünden baran bal arysy haýal etmän öz öýjügine dolanýar. Onuň yzyna dolanmagy gülli meýdanyň bardygyny maşgalasyna habar bermek üçindir.

Pişigiň murtunyň gyljagazlary onuň üçin örän möhümdir. Beýleki duýgy organlary ony ýeterlik derejede habarlar bilen üpjün etmedik halatynda ol murtyna bil baglamaly bolýar. Ol murtynyň kömegi bilen daş-töwerekdäki bolýan zatlary duýýar hem-deaw gözlegine çykýar.

Arwana tohumly düýeler ortaça 20-25 ýyl ýaşaýarlar. Olar şol döwrüňiçinde 8-10 köşek berip bilýärler.Itiň iň sýrek görnüşi çinuhdyr. Onuň tohumy Amerikada ulag hökmünde ýetişdirilipdir. Dünýäde olaryň sany bary-ýogy 70 töweregidir.

Ene zebra çagasyny sesinden tanap bilýär.

Garagum çölünde guşlaryň 220-den gowrak görnüşine duşmak bolýar.Olaryň diňe 60 görnüşi bizde höwürtgeleýär, galany uçup geçýän guşlardyr.

Pandalar günüň 12 sagadyny iýmitlenmäge sarp edýärler.

Iň awyly ýylan suw kepjebaşydyr. Ýuwaş ummanynyň Awstraliýa golaý basseýninde duş gelýän bu ýylanlaryň awusy beýleki ýylan laryňkydan 100 esse güýçlüdir.

Içýan howply jandardyr. Ol özüni goramak we awuny awlamak üçin töweregindäkileri çakýar. Guýrugyndaky iňňesiniňkömegi bilen zäherini garşysyndaky jandara geçirýär. Bu jandaryň hemme görnüşleriniň zäheri täsirli bolmaýar. Çöllerde ýa-da has yssy ýerlerde ýaşaýanlaryň zäheri örän güýçlüdir.

Krokodilleriň gözleriniň örtügi iki gatdan durýar. Bularyň birisi ugurdaş, beýlekisi bolsa dikligine hereket edýär.

Keýigiň şahynyň şahalarynyň sany tötänlikden däldir. Şahynyň näçe şahasy bar bolsa, onuň şonça-da ýaşy bardyr. Ýaşyna ýetmedik keýiklerde şah bolmaýar.

Jandarlaryň arasynda iň doýmaz-dolmazy Demirgazyk Amerikada duş gelýän liçinkanyň bir görnüşidir. Ol dünýä gelenden soň ilkinji 48 sagatda öz agramyndan 86 müň esse agyr zat iýýär.

Piller köplenç topar-topar bolup gezýärler. Eger-de içinde biri ýalňyş iş edäýse, onda olar ol pili öz aralaryndan kowup, oňa ýeke gezmek jezasyny berýärler. Bu bolsa pillerüçin iň uly jezadyr.

Gunduzlar suwdan çykanlaryndan soň daranýarlar. Şonda olar darak hökmünde yzky aýaklaryny ulanýarlar.

Kepjebaşyň boýy 5,58 metre ýetýänleri hem bar.

Syrtlan öz güýçli äňi we dişleri bilen pilden başga ähli haýwanlaryň süňkini owradyp bilýän ýeke-täk haýwandyr.

Balarysy 48 dereje gyzgynlykda ýaşap bilmeýär.

Limuryň (maýmynpisntli haýwan) uzyn barmaklary bar. Ol şol barmaklary bilen agajyň gabygyny tarkyldayp, gurçuklaryň we tomzaklaryň nirededigini anyklaýar.

Ýekeje siňek 24 sagadyň dowamynda müňlerçe esse köpelýär.

Garynjalar tarapyndan goralýan baglar beýlekilere garanyňda ep-esli ýogyn bolýar. Şeýle-de olar baglary dürli hili mör-möjeklerden we kesellerden goraýanlygy üçin şol baglar beýlekilere görä 75 göterim suwuklyk az ýitirýär.

Krokodilleriň deri dokumalary ýokdur. Şol sebäpli hem bu suw jandarlary derläp bilmeýärler.

Ençeme asyr ýaşap geçen krokodiller diňe ösümlikler bilen iýmitlenipdir hem-de hin gazynmaga ukyply bolupdyrlar.

Delfin çagasyny dünýä inen badyna üýşüp, ony ýyrtyjy balyklardan goraýarlar.

Şagal sagatda 55 kilometr tizlikde ylgaýar.

Şimpanzeleriň iň gowy görýän iýmiti garynjadyr.
22
201
Imissyou
08.01.2024 17:01
- Dost seň aýalyň gaty gülkünçlaý! Ol diňe hemişe ýylgyryp gezýär!

- Hawa dost, oňa nädogry ululykdaky protez goýdular!🤣🤣🤣



Rus dilinden Terjime eden:
@Imissyou
32
403
Imissyou
08.01.2024 13:13
- Dişleriňiziň ikisi hem çişýär, olary aýyrmaly bolarsyňyz.
- Näçe bolar?
- Bir ýüz elli dollar.
- Iki minutlyk iş üçin bir ýüz elli dollarmy?
- Bolýar, isleseňiz, azyndan iki sagatda aýyryp bilerin!🤣🤣🤣
25
362
Imissyou
08.01.2024 07:42
Assalamaleýkum mähribanlar, ertiriňiz haýyrly bolsun! Siziň her biriňize asly halal ojaklarňyzda agzybirlik höküm sürsün, öýlerňizde çaga gülkileri ýaňlansyn, rysgal döwletiňiz egsilmesin, janyňyzam lukmanlary haýran galdyrjak sagdyn bolmagyňyzy arzuw etýän.
29
73
Imissyou
07.01.2024 20:12
Suratdaky ýaly kim edip gördi?
Geliň hemmämiz teswirde belläp geçeliň!

Degişmeler...

- Diş agyrysyndan ýadasaňyz, diş lukmany bilen duşuşyň we garaşylýan otagda biraz oturyň - agyry ýok bolar.

- Örän gyssagly operasiýa etmeli.
- Lukman, operasiýa mugtmy?
- Netije bilen gyzyklanmaýan bolsaňyz, hawa.


📌Bellik: Rus dilinden terjime eden: Ýazgeldi Berdiýew
37
376
Imissyou
07.01.2024 15:29
Eger başyňyza kynçylyk gelse, ony gülüp garşy alyň, şonda kynçylyk dälimi bu diýip özi gider🤣🤣
41
317
Imissyou
07.01.2024 11:52
Durmuşda iň ajy we agyr aýralyk, ir bilen turup ýorganyňdan aýrylyp işe gitmekdir.🤣🤣
35
241
Imissyou
06.01.2024 20:09
Şu gün söýgülim bilen ýazyşan SMS-im
👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇

🙎‍♂️Gowymy

🙎‍♀️Hm

🙎‍♂️Öýdemi

🙎‍♀️Hm

🙎‍♂️Burnyňy gysyp Hm diýseň Iphone 15 pro alyp berjek.

🙎‍♀️Eý 😄 öz telefonymam bolýalaý😂
42
493