Imissyou
25.01.2024 19:07
Ýagyş, nämä ýagýarsyň?!

Ýa­gyş di­ňe bir ösüm­lik­ler üçin däl, adam­lar we jan­ly-jan­dar­lar üçin hem mö­hüm­dir. Ýa­gyş ýa­gan­da ho­wa aras­sa­la­nyp, adam­lar­da şat­lyk­ly duý­gu­lar dö­re­ýär. Dün­ýä­niň bir­nä­çe ýur­dun­da ýa­gyş su­wy içim­lik su­wy hök­mün­de, şeý­le hem ekin­le­ri we bag­la­ry su­war­mak üçin ula­nyl­ýar. Eý­sem, ýag­şyň nä­hi­li peý­da­sy bar­ka?

Kö­şeş­di­ri­ji ys. Bi­ler­men­ler ýa­gyş ýa­gan­da peý­da bol­ýan ýa­kym­ly ysyň adam be­de­ni­ne we aňy­na kö­şeş­di­ri­ji tä­sir ed­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar. Ýa­gyş ýa­gan­da we ýa­gyş di­ňen­den soň da­şar­da ge­ze­lenç et­me­giň, ýag­şyň ysyn­dan dem al­ma­gyň sag­lyk üçin äh­mi­ýet­li­di­gi bel­le­nil­ýär.
Aras­sa ho­wa. Ýa­gyş dam­ja­la­ry ho­wa­da­ky to­zan­ly bö­le­jik­le­ri özü­ne çek­ýär. Ýa­gyş ýa­gan­da ha­pa­lar aýrylyp, ho­wa has aras­sa­lan­ýar. Bi­ler­men­ler ho­wa­da­ky ha­pa­la­ryň azal­ma­gy­na ýag­şyň ýag­ma­gy­nyň uly peý­da­sy­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Ala­da­ny azalt­mak. Jy­bar­lap ýag­ýan ýa­gyş­ly ho­wa­da ýö­re­mek ala­da­la­ry we stre­si azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Bi­ler­men­ler gys­ga möh­let­li bol­sa-da, ýa­gyş­ly ho­wa­da ge­ze­lenç et­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Ýö­ne ge­ze­len­je çyk­maz­dan öň ho­wa şer­ti­ne la­ýyk­lyk­da ge­ýin­me­gi, sa­ýa­wan al­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl.
Te­bi­ga­tyň mö­hüm çeş­me­si. Ýa­gyş ösüm­lik­le­riň we jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin mö­hüm­dir. Ýa­gyş çeş­me­le­ri we der­ýa­la­ry süý­ji suw bi­len üp­jün edip, ýa­şyl ekoul­ga­my eme­le ge­tir­ýär.
Äti­ýaç­lyk suw. Ýa­gyş su­wu­ny ýyg­na­mak, esa­san hem, köp ilat­ly şä­her­ler üçin mö­hüm­dir. Kä­bir ýurt­da suw ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak üçin ýa­gyş su­wun­dan peý­da­la­nyl­ýar. Ýa­gyş su­wu­ny ýyg­na­mak we gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly ila­ty agyz su­wy bi­len üp­jün edip bol­ýar. Şeý­le hem oba ho­ja­ly­gyn­da peý­da­la­nyp bol­ýar.
23
27
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.