Imissyou
19.03.2024 14:50
Eger søýýän adamyñyz siz hakda
pikir etmeýän bolsa, ondan
karzyna pul alyň. Göý ömür boýy
sizi pikir edip gezsin😄
35
247
Imissyou
15.03.2024 10:00
Köpçilik ýerlerde ýa-da bazarlaryň hajathanasyny ýuwýan gelnejäniň
hajathanada ýazyp giden ýazgysy:
👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇

Amerka 3447 km-den Sirýany bombalaýar.... Sen bolsa 5 sm-e dogrylap bileňokmy?🤣🤣🤣
30
212
Imissyou
14.03.2024 22:48


Hemme oglanlar bir meňzeş diýen sözi bazarda ärini ýitiren Hytaýly aýal oýlap tapypdyr🤣
30
252
Imissyou
13.03.2024 20:40
Haçanda men söýgülimi göresim gelip gün-günden tapdan düşüp horlanyp barýanymy @medik_ bilip derdimi anyklajak bolanda aýdylan aýdym😄😄😄

Lukman sen degme,
Bu ýaram senlik däl,
Meň derdim dermanlyk däl,
Ýok tebiplik däl.

Aýdyň ýaryma hökman
Gelsin ýanyma,
Deminden dem bersin maňa
Başga şypa gerek däl.
37
287
Imissyou
13.03.2024 11:23

Bire biri goşsaň iki bolýarmy?!

Men bu hut beýle-dir dälmikä diýýän.

Sebäp, ynha, biz ikimiz goşulup,

Dokuz aýdan soňra üç bolduk eýýäm,


Bu ömüriň hasabyna düşerden

Ynsan ogly ilki ýaş bolýan eken.

Bildim, üç çaganyň atasy bolup,

Bire biri goşsaň bäş bolýan eken.


Durmuşda ähli zat özüňe bagly,

Özüňe göräräk üýtgeýär jemler:

Kimse bire biri goşup bir bolýar,

Bire biri goşup on bolýar kimler!

33
128
Imissyou
12.03.2024 20:57
Ýadyňyzdamy, kiçi wagtymyz 8-nji martda ejemize bulam-bujar surat çekip berýädik, ol gaty begenýärdi. Näme üçindir bu fokus aýalym bilen geçenok.

35
210
Imissyou
12.03.2024 00:53


Däliler bilen jedel edenden, açyk agzyň bilen
"P" harpyny aýdanyň ýeňildir.
33
281
Imissyou
11.03.2024 22:41


-Eýjejigim, gel çynymyz bilen gürleşeli.
-Hudaýa şükür, ahyr sen ulalypsyň, kelläñe akyl girip ugrapdyr.
Gel gürleşeli.
-Sen nähili pikir
etýäň, akula güýçlimi ýa-da aýy?!
36
277
Imissyou
11.03.2024 14:27
Mähek Myradowa:

Aglady zenan - söýdim söýmedi diýip

Aglady zenan -söýgim taşlady diýip
Aglady zenan -bu gün toý günüm diýip
Aglady zenan - men agyr aýak diýip
Aglady zenan - men ene boldym diýip
Aglady zenan - öýe giç gelýäñ diýip
Aglady zenan - sähelçe zatlar üçin
Begensede, gynansada ol aglady
Çagasyna tiken çümsede aglady
Görýän welin zenanlara mahsusmyka aglamak,
Aglap aglap ýürek bagry daglamak
Heý görüpmidiñ aglamaýan zenany
Göz ýaş bilen ýeñjek bolýar bar zady.
Näme üçin aglaýar gözel zenanlar.
Ýada siz şeýlebir ejizmikàñiz
Ýok ejiz hem dàl ýeri gelende
Dagy daşy eredip dur o gözýaşlar
Titreder zemini göz ýaşy bilen
Ýöne ejiz görünsede onuñ daş keşbi
Ýeke damja nähäk daman göz ýaşy
Biliñ büküp ýassyga goýdurar başy
Ejizleme zenan goragçyñ bardyr
Haýat kimin daşyñda seniñ galañ bardyr
Enàniñ süýdin emen adamzat ogly
Zenan gózýaşlarna bergisi bardyr
26
41
Imissyou
10.03.2024 12:58



Bahany döwdiler, rekordy döwdiler, seret bu
işi gaýdanyň dutarynam döwdiler.
👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇👇
33
299