Imissyou
11.03.2024 14:27
Mähek Myradowa:

Aglady zenan - söýdim söýmedi diýip

Aglady zenan -söýgim taşlady diýip
Aglady zenan -bu gün toý günüm diýip
Aglady zenan - men agyr aýak diýip
Aglady zenan - men ene boldym diýip
Aglady zenan - öýe giç gelýäñ diýip
Aglady zenan - sähelçe zatlar üçin
Begensede, gynansada ol aglady
Çagasyna tiken çümsede aglady
Görýän welin zenanlara mahsusmyka aglamak,
Aglap aglap ýürek bagry daglamak
Heý görüpmidiñ aglamaýan zenany
Göz ýaş bilen ýeñjek bolýar bar zady.
Näme üçin aglaýar gözel zenanlar.
Ýada siz şeýlebir ejizmikàñiz
Ýok ejiz hem dàl ýeri gelende
Dagy daşy eredip dur o gözýaşlar
Titreder zemini göz ýaşy bilen
Ýöne ejiz görünsede onuñ daş keşbi
Ýeke damja nähäk daman göz ýaşy
Biliñ büküp ýassyga goýdurar başy
Ejizleme zenan goragçyñ bardyr
Haýat kimin daşyñda seniñ galañ bardyr
Enàniñ süýdin emen adamzat ogly
Zenan gózýaşlarna bergisi bardyr
26
41
rahimowa
11 Mart 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.