HangeldiAmanberdiýew
16.03.2023 18:04
Muny dolylygyna okanlar köpdür araňyzda menem köp ýyllar mundan öň okap görüpdim ýöne her gezek okaňda täsiri hasda güýçlenýär eken gysgajyk bölejigini siz bilen paýlaşmak isledim
Bar, git-de, bägüllere gaýtadanam bir göz aýla. Öz gülüň dünýäde ýeke-täkdigine düşünersiň. Meniň bilen hoşlaşmaga yzyňa gaýdyp geleniňde bolsa, saňa bir syry aýan etjek. Bu menden sowgat bolar — diýýär.
Kiçijik şazada baryp bägüllere syn edýär.
— Siz birjigem meniň bägülime meňzäňzok. Siz hiç zat. Hiç kim sizi özüne bendi etmedi, sizem hiç kimi ýesir etmediňiz. Tilkijigimem öň şeýledi. Ol beýleki müňlerçe tilkilerden birjigem tapawutlananokdy. Emma onuň bilen dostlaşdym, indi ol meniň üçin dünýäde ýeke-täk — diýip, sözüni dowam edýär.
— Siz owadan, ýöne ýeke-täk däl. Siziň üçin janymy töwekgelçilige salasym gelenok. Elbetde, ötegçiler meniň bägülime seredip, adaty bägüllerden tapawudyny görmezler. Ýöne ol maňa ähli zatdan gymmatly. Sebäbi men sizi däl-de, ony günde suwaryp, ýel-ýagmyrdan goradym. Hatda men onuň üçin kebelek gurçuklaryny-da öldürdim (kebelek öner ýaly iki-üç sanysyndan başgasyny). Men onuň zeýrençdir öwnüşini dykgat bilen diňleýärdim. Ol meniň bägülim, ol diňe meniňki.
Kiçijik şazada Tilkiniň ýanyna baryp:
— Hoş gal! — diýýär.
— Bolýar-da! — diýip, Tilkem hoşlaşýar.
— Saňa aýtjak syrym örän ýönekeý. Ýürek bilen duýanyňy, gözüň bilen görmersiň.
— Esasy zady gözüň bilen görüp bilmersiň diýjek bolýaňmy? — diýip, Kiçijik şazada Tilkä ýaňzydyp gaýtalaýar.
— Öz bägüliňe gaty köp wagtyňy sarp etdiň, şol sebäplem, ol seniň üçin aýratyn ähmiýetli.
— Hawa, ummasyz wagtymy sarp etdim — diýip,
Kiçijik şazada onuň diýenini tekrarlaýar.
— Adamlar bu ynanjy unudýarlar. Emma sen unutma! Sen özüňe höwrükdirenleriň öňünde elmydama jogapkärsiň. Hatda öz bägüliňe-de...
Antuan de Sent Ekzüperi
Kiçijik şazada (powest)
Fransuz dilinden terjime eden
Serdar Hojaýew.
7
356
4
HangeldiAmanberdiýew
15.01.2023 00:10
Bir akyldaryň aýdyşy ýaly
Eý biçäre akyl meni menden alan zatlaryň bilen meni çüýretmäge çalyşýarsyň.
Şu söze kim nähili düşünýä pikirleriňizi paýlaşsaňyz
12
181
25
HangeldiAmanberdiýew
28.12.2022 12:23
Bürgüdiň mynajady
Özgerdip biljek zatlarymy özgertmek üçin maňa güýç-kuwwat ber,
özgerdip bilmejek zatlaryma kaýyl bolmak üçin parahatlyk ber, şeýle-de
bularyň birini beýlekisinden parhlandyryp bilerim ýaly, akyl-paýhas ber.
Ardeşir Hagmaýer Ördek we bürgüt
15
68
12
HangeldiAmanberdiýew
21.12.2022 10:04
Gulakda saz, içimde gam
Uklayan, geçende dañ
Seni göremde
Dolandy yaşym 16y
Yöne düşünyänä
Duygy saña beter garañky
Wi, VIP-i duranja barbi
Sanap beräyin
söyüşyänleñ baryny
Gayyn bolup bilmeyä
ynan saña her Eje
Yokyamy saña
bir gunlik "gelinlik" dereje
"Bolya oglanlar,
men barden yörejek,
Hiç zat bolanok,
ynanayyñ yöneje
Gayday söygülim,
yol puluñy tölejek
Gözüme görünip,
oyarma duygyny köneje
Ya bolmasa gürrüñ ber,
nämeler bolup geçdi
Edil GÜL yaly ynsan
nädip solup öçdi!?"
"Söygi gerek däl entek,
okajak" diyerdi ozal
Söygi lukmany bolup,
yetişipdir gözel.
"Uff" diyip, zeyrenip, başlady-la meñ balym
"Okuwam gidip durdy,
birinji yylym
Oña aldandym,
muña oynaldym
Başda gynandym
Soñam oylandym...
Okuwam taşladym
Atasyz çagam boldy
Ömrüme dert,
Yürekde yaram boldy
Ene-atama aydamda
Adym:am "Haram" boldy
Yekeje Biribar
şo pursat yaran boldy
Çykalga tapmadym
Lolylyk netijedi
Özüm üçin edemok
Çagamyñ eklenjidi
Yüregim aglaya
Tenimem yigrenjidi
Çagamy taşlajak
Yöne adym:ama "Eje"di.
Yalanlar, içim yananda
Ynanmarsyñ,
hiç kim yokdy yanymda
Gitjegem boldum kän,
özüme kast edip
Şeylebir içim yanyady,
bilemok wasp edip
Indi ökünyän,
gaytalaman, söz beryän
Diñe mertler
kyn yollara döz gelyär
Käbir zenan yalñyşy
görene yüz beryär
Agras bolan zenanyñ
durmuşy düz bolyar"
Hiç kim bilenok
bu yollaryñ soñyny
Allam päk edeweri
yalñyşanlañ yolyny
Saygaryp başarsadym
sagy-solumy
Yalñyşana, yykylana
uzatmaly golyñy
Orazzzi goyaly
çeniñi bilip yörseñ
Hiç zada düşünmän
samsyk dey gülüp yörseñ
Yykjagam tapylar
köp zady diyip yörseñ
Yöne nädeyin goşgular
içimi iyip yörse...
Yazyan garaz
Köşeşyän biraz
Diyyäñ Oraz
Goyyañ sowal
Hiç kime degişli däl
Yönekey oylama
Hayyşym,
gardaşym,
zenany oynama!!!
DarkRaY.
14
92
5
HangeldiAmanberdiýew
14.12.2022 23:58
Pul gowy hyzmatçy ýöne erbet hojaýyn
20
57
7
HangeldiAmanberdiýew
26.11.2022 16:27
65- ýyl bile ýaşaşan ýaşy bir çene baran maşgaladan sorapdyrlar, munça ýyl birek-birekden aýrylman nädip bile ýaşaşdyňyz?.
Ýaşuly jogap beripdir.
Biziň döwrümizde bir zatlar döwüldi diýip zibile taşlanmazdy bejerlerdi. Emma häzirki döwürde beýle däl. Häzirki döwürde ynsanlar birek- biregiň kemçiligini gözleýärler. Durmuşuňa kabul eden ynsanyň ýetmezçiliklerini kemçiliklerni eliňden geldigiçe bejermeli.
19
137
10
HangeldiAmanberdiýew
17.11.2022 13:01
Topragym
Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,
Galplygam etmedim, hudaýa şükür.
Käte göge galdym, kä gökden indim,
Emma hiç ýitmedim, hudaýa şükür.
Ilkinji sözümi senden başladym,
Duzuňy syladym — ýalan ýazmadym.
Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym,
Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym.
Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim,
Tapanymam seň goýnuňda tapdym men.
Sen bolaňsoň dünýä akyl ýetirdim
Onuň ähli peslik, şatlygy bilen.
Hol, gaýanyň eteginde oturan
Bagyň deňesinden tabytly geçdim.
Ýene bir gün, gökden sowulyp duman,
Şol bagyň düýbünde al şerap içdim.
Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen.
Sen, seretsem, öňki süňňüm ekeniň.
Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen
Aýakda yz goýan seniň tikeniň.
Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş, —
Ýollaryň ak bolsun, uzaga gitsin.
Baky uka batsam bir gazaply gyş,
Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin!
Gurbannazar Ezizow
18
49
3
HangeldiAmanberdiýew
22.10.2022 12:00
GÜNLER GEÇIP BARÝAR Şu gün saňa telwas etdim ýene men, Eý, sen, päklik hem gözellik ölçegi. Azary ýetikdir gaýyn eneňem, Belli däl, pahyryň haçan öljegi. Öňden belli zadyň gyzygam bolmaz,
12
71
6
HangeldiAmanberdiýew
21.10.2022 09:45
Bu günki akylym bolan bolsady düýnki edenlerimi etmezdim ýöne düýnki edenlerimi etmedik bolsam bu günki akylym bolmazdy.
13
80
8
HangeldiAmanberdiýew
19.10.2022 10:17
Haçanda siziň pikiriňizçe bagyşlap bolmaýan wagty näçe gezek sizi bagyşlanlaryny ýatlaň...
11
90
8