“Ýuwentusyň” täze ýyldyzy Italiýanyň soňky 9 ýylynyň çempiony “Ýuwentus” Duglas Kostany “Bawariýa” ugradyp, ornuna “Fiorentinanyň” ýaş italýan futbolçysy, gapdal hüjümçi Federiko Kiezany transfer
Elektron resminama dolanyşygy (ERD) – elektron görnüşde döredilen we ulanylýan resminamalaryň görnüşleri bilen işlemek üçin ýeke-täk guraldyr. Elektron resminama dolanyşygyny ulanmak, elektron resminamalary we beýleki amallary kagyz ulanmasyz üýtgedilmegini aňladýar. Döwrebap tehnologiýalaryň täsiri, “kagyzsyz ofis işi” düşünjesiniň esasy özeni bolup, elektron resminama dolanyşygynyň artykmaçlyklaryny açýar:
wagty tygşytlamak;
saklamak howpsuzlygy;
kagyza çap etmek we ş.m. çykdaýjylaryny azaltmak;
giňişligi we tehnologiýany seresaply ulanmak;
işdäki aýdyňlyk;
şahsy faýl taryhyny yzarlamak;
işde çeýelik;
Elektron resminama dolanyşygynyň ulanylmagy iri we kiçi guramalaryň işgärleriniň kagyz resminamalary döretmek, gözlemek we tassyklamak üçin az wagt sarp etmegine mümkinçilik berýär. Eýsem, bu iş ýüzünde nähili amala aşýar? 1. resminamalar sanly gurşawda döredilýär – düşündiriş, hat, hasap-faktura we ş.m. 2. resminama elektron gol bilen gol çekilýär we ERD ulgamyndaky salga ugradylýar; 3. resminamany alyjy oňa elektron gol bilen gol çekýär. Ikinji tarap gol çeken badyna, birinji tarap bu baradaky habarnamany alýar we resminama boýunça hereket edip bilýär: tölegi geçirmek, harytlary ugratmak we ş.m.
Maglumatlar bazasynyň elektron görnüşde bolmagy bilen resminamalar hemişe ätiýaçlykda saklanýar. Bu bolsa maglumatlaryň yzyna gaýtaryp bolmajak derejede ýitmek howpuny aradan aýyrýar. ERD ulgamy, ofislerde käwagt ýitip biljek resminamalar bilen doly bukjalary aradan aýyrýar. Ähli resminamalar eliň aşagynda boljak howpsuz ulgamda saklanýar. ERD, guramalaryň ýolbaşçylaryna resminamanyň ýagdaýyna, tassyklamagyň we ylalaşmagyň ähli ýagdaýalarynyň haýsy prosesde dowam edýänligine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Elektron elýeterlilik we aragatnaşyk, işgärlere uzakdan işlemäge mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanda elektron maglumat dolanyşygyna aýratyn uly üns berilýär. “Elektron resminamalar, elektron resminama dolanşyk we sanly hyzmatlar” baradaky kanun elektron resminamalaryň kanuny ýagdaýyny, elektron resminamalary dolandyrmak we sanly hyzmatlar üçin esasy talaplary kesgitleýär we şol sanda bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda birnäçe kärhanalar eýýäm ERD ulgamyny ulanýar. Şeýlelik bilen, Ahal welaýaty Türkmenistanda elektron maglumat dolanyşygy ýaly sanly maglumat tehnologiýalarynyň döwlet dolandyryş ulgamyna girizilen şeýle-de zerur enjamlar we programma üpjünçiligi oturdylan ilkinji sebit boldy. Şuňa meňzeş pudagara täsiriň netijeliligini ýokarlandyrýan, sebit derejesinde çalt karar bermäge mümkinçilik berýän, döwletde pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge şert döredýän işler, Ahal welaýatynyň düzümindäki kärhanalary we edaralary elektron maglumat dolanyşygy arkaly baglanyşdyrmak üçin dowam edýär. Şeýle hem, degişli gurluşlar bilen baglanyşykly kabul edilen kararlar boýunça resminamalary gowşurmak üçin sarp edilýän wagt tygşytlanar. Munuň üçin ýörite ulaglara ýangyç paýlamak zerurlygy aradan aýyrylar. Ykdysady peýdalardan başga-da, bu iş netijeliliginiň ýokarlanmagyna göniden-göni täsir edýär.
Häzirki wagtda elektron maglumat dolanyşygyny amala aşyrmak üçin hyzmatlary hödürleýän birnäçe kompaniýalar bar. Şeýle kompaniýalaryň biri “Türkmen Tranzit” kompaniýasydyr. Elektron maglumat dolanyşygy “NETIJE” tarapyndan patentleşdirilen hyzmatlary turkmen-tranzit.com web saýtyndan tapyp bilersiňiz. Bu sistema resminamalary döretmek, gaýtadan işlemek, kabul etmek, ibermek, saklamak we arhiwlemek üçin ulgam bolup durýar. Birnäçe synagdan geçensoň, “NETIJE” sanly kömekçisi aşakdaky aýratynlyklara eýedir:
iki görnüşli şahsyýeti tassyklamak arkaly maglumat bazasyny goramak;
maglumatlary hasaba almak we gözegçilikde saklamak;
her bir müşderä ;
ofis işini awtomatlaşdyrmak;
wezipeleri kesgitlemek.
Amatly we ulanmagyň aňsatlygyndan başga-da, bu programma üpjünçiliginiň aşakdaky funksiýalary bar:
resminamalary islendik formatda möhletsiz saklamak, görmek we gözlemek;
resminamalary utgaşdyrmak we garşy tarapyň maglumatlaryny saklamak;
çäksiz ulanyjylaryň goşulmagy;
berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;
türkmen we rus dillerinde interfeýs.
Bu çözgüt döwlet we hususy kärhanalar üçin amatlydyr. “NETIJE” elektron maglumat dolanyşygyny döretmegiň esasy maksady, ýurduň innowasiýa tehnologiýalaryny ösdürmäge gönükdirilen syýasatyna goşant goşmakdyr. "NETIJE" önümi, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, kärhanalaryň maddy we tehniki binýadyny berkitmek, kärhananyň gelýän we gidýän hat alyşmalarynyň elektron hasabyny üpjün etmek, ýolbaşçylar we işgärler bilen hat alyşmak arhiwiniň howpsuzlygyny we elýeterliligini goramak, işgärleriň gözegçiligini güýçlendirmek, iş prosesini çaltlaşdyrmak üçin esas hökmünde ulanylmaga niýetlenendir.
Dünýäniň iň uly klublarynyň sanawynda öňdäki orny eýeleýän “Real Madrid” 40 ýyldan soň taryhy wakany başdan geçirýär. Topar 40 ýyldan soň ilkinji gezek 1 oýunçy hem transfer etmezden möwsüme başlady. Olar soňky gezek 1980-1981 möwsümine ýeke oýunçy hem transfer etmezden başlapdylar. Tälimçi Zinedin Zidan toparyň düzüminiň juda gowudygyny belläp, ol geçen möwsümi kärendesine geçiren oýunçylary hem-de ýaşlaryň arasyndan 1–2 futbolçyny esasy düzüme çagyrmak bilen çäklendi. Ýagny geçen möwsümi kärendesine geçiren Martin Odegaard, Alwaro Odriozola hem-de ýaşlar düzüminden ukrainaly derwezeçi Andreý Lunin dagy esasy düzümde çykyş etjek täze oýunçylar boldy. Şeýle-de topardan Serhio Reguilon, Aşraf Hakimi, Hames Rodriges hem-de Garet Beýl ýaly oýunçylar bolsa başga klublara geçdi.