Käbir häzirki zaman enjamyny görüp, aňymyzda onuň nähili döredilendigi baradaky pikir peýda bolýar. Mysal üçin, özboluşlyja kompýuter syçanjygy. Ol bolmasa kompýuteri ulanyp bolmaýar diýen ýaly. Aslynda, kompýuter syçanjygyny kim, haçan döretdikä?
1968-nji ýylyň 9-njy dekabrynda kompýuter ylymlary boýunça geçirilen maslahatda amerikaly oýlap tapyjy Duglas Engelbart ekranda obýektleri görkezmek üçin manipulýatory köpçülige hödürledi.
Täsin fakt — Duglas Engelbart syçanjygy Nasa-nyň görkezmesi boýunça taýýarlap belli bir derejede kämilleşdirdi, ýöne ol nol agyrlyk güýjünde işlemeýändigi sebäpli oýlap tapyş kän bir giň baha eýe bolmady.
Näme üçin «syçanjyk» diýildikä?
Onuň adynyň syçanjyk bolmagynyň esasy sebäbi enjamyň siminiň bolmagy. Ol oýlap tapyja adaty syçany ýatladypdyr we onuň ilkinji görnüşi ýekeje düwmeli agaç bölejik bolupdyr. Oýlap tapyjy enjam diňe wagtlaýyn şeýle atlandyrylyp, soňlugy bilen has ýerlikli atlandyrylar diýip pikir edipdir.
Ilkinji meşhurlyk
Kompýuter syçanjygy diňe 1980-nji ýyllarda meşhurlyga eýe bolup başlaýar. Syçanjygyň önümçiligi üçin «Apple» kompaniýasy patent alyp, ony has ýönekeý görnüşe getiripdir.
Birinji syçanjygyň bahasy
Syçanjygyň bahasy ilkibada 1000 ABŞ dollaryna barabar bolupdyr, ýöne «Apple» onuň bahasyny 25 dollara çenli arzanladypdyr.
Syçanjygyň özgeriş taryhy
«Xerox» kompaniýasy 1981-nji ýylda tigirçekli syçanjygy hödürledi. Onda syçanjygyň ekrandaky kursory syçanjygyň aşak böleginde goýlan tigirçek we ondaky iki rolik bilen dolandyrylýardy. Ol ýeňil we ulanmak üçin amatlydy, ýöne rolikleri ýapýan tigirçekde ýygy-ýygydan tozan ýygnanyp durýardy.
1996-njy ýylda «Microsoft» kompaniýasy resminamalaryň bir sahypasyndan beýlekisine geçmäge mümkinçilik berýän ýa-da suratlary ulaldyp bilýän aýlaw tigirli syçanjygy köpçülikleýin öndürip başlady.
Ony ýörite halyçasyz hem ulanyp bolýardy we onuň bahasy 84,95 ABŞ dollaryna barabardy.
90-njy ýyllaryň ahyrynda tozan ýygnaýan tigirçekler we rolikler öz funksiýasyny LED we sanly optiki syçanjyklar bilen çalyşdy. Olaryň içinde ýagtylyk çykaryjy we wideo kamera çalym edýän ýörite datçik işleýär. Onuň ýetmezçiligi bolsa syçanjygyň aýna, ýalpyldawuk hem-de o diýen tekiz bolmadyk ýerlerde kadasyz işleýänligidir.
Ilkinji köpçülikleýin öndürilen simsiz syçanjyklar 2001-nji ýylda jemgyýetçilige ýetirildi. Soňra 2004-nji ýylda «Logitech» kompaniýasy optiki datçikden on esse duýgur bolan lazer datçigi bilen işleýän syçanjygy oýlap tapdy.
Şondan soň ekrandaky kursor has takyk şöhlelendi we ýerini üýtgetmedi. Bu hili syçanjygy dolandyrmak bolsa aýnanyň üstünden başga islendik ýerde mümkindi.
Tehnologiýanyň ösmegi bilen simsiz syçanjyklar gitdigiçe meşhurlygyny artdyrýar, sebäbi olary kompýutere fiziki baglanyşyksyz ulanyp bolýar. Eger ilkinji syçanjygy oýlap tapan Duglas Engelbart sumbar-computer.com saýtyna girip gören bolsady, ol bir ýerde näçe täsin enjamyň ýygnanandygyna geň galardy.
Bu dükandan işlemek we oýun oýnamak üçin niýetlenen dürli görnüşli — simli, simsiz syçanlary we kombinasiýa enjamlaryny tapmak bolýar. «Sumbar Computer» dükanynyň maslahatçy hünärmenleri size islegiňize görä kysymdaky enjamlary saýlamaga, olaryň tapawutly aýratynlyklaryny düşündirmäge hem-de onuň islendik bahadaky görnüşlerini tanyşdyrmaga ýardam eder.
Çeşmeler: vc.ru; www.pnp.ru; ichip.ruTaýýarlan: Hangeldi A