VPN (Virtual Private Network) – iňlis dilinden terjime edilende “Wirtual şahsy tor” diýmegi aňladýar. Sözüň doly manysynda, ýapyk, ýagny açyk bolmadyk, goragly tor diýilmegidir.
VPN-ler nirelerde ulanylýar?Adatça VPN torlary tejribede bir edara-kärhananyň beýleki edara-kärhanalar bilen, şahamçalary bilen, ýa-da ulanyjy bilen belli serweriň arasyndaky tory şifrlemek, goragly etmek üçin ulanylýar.
VPN tory aslynda goragly tor ýasaýar we içindäki alyş-çalyş edilýän maglumatlary şifrleýär. Belläp geçişimiz ýaly, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, esasan hem korporatiw torlarda ulanylýar.
VPN-leri ulanmak ygtybarlymy?Eger korporatiw torda maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ulanylsa we sazlamalar özüňiz tarapyndan (özüňize aýan, düşünikli) edilen bolsa, onda ygtybarly.
Eger näbelli ýa-da mugt VPN-ler ulanylsa – ygtybarly hasaplanmaýar. Sebäbi, siziň ähli maglumatlaryňyz üçünji şahslara aýan bolup biler.
Mysal üçin, ykjam telefonda VPN ulananyňyzda iň azyndan siziň şu aşakdaky maglumatlaryňyz VPN-i döreden tarapyň eline geçýär:
- Ähli giren web-saýtlaryňyz;
- Gyzyklanýan maglumatlaryňyz;
- Töleg, kart maglumatlaryňyz;
- IP salgyňyz.
Mundan başga-da, ýaňy ýakynda internet habarlarynda mugt VPN-leri alyp ulanýanlaryň şahsy maglumatlary, suratlary we ş.m. hakerler tarapyndan dürli internet saýtlarynda paýlaşylandygy barada aýdyldy. Bular barada internetde içgin okap bilersiňiz.
Şol sebäpden, maglumat howpsuzlygyny berjaý etmegiňiz, programma üpjünçilikleri we tehnologiýalary ylmy çemeleşmeler esasynda ulanmagyňyz maslahat berilýär.
Taýýarlan: Hangeldi Akbayew