Guller___
29.09.2024 20:53
Güller – ömrüniň ähli döwürlerinde adama ýoldaş tebigatyň ajaýyp döredijiligidir. Dürli gülleriň dürli nyşanlary bar, söýgi, wepalylyk, dostluk we hormat.

Dünýäde ýaşy iň uly gül 2001-nji ýylda Hytaýda ýüze  çykaryldy. Alymlaryň çaklamagyna görä, bu gülüň 125 million ýaşy bar.

Safran -- dünýäde iň kyn açylýan gül. Ýöne ol bir açyldymy, ep-esli işe ýaraýar.Ýekeje safran öz agramyndan 100 müň esse agyrlykdaky suwuklygy sary reňke boýamaga ýeterlikdir. Ol kosmetika serişdelerinde,iýmit taýýarlamakda we derman önümçiliginde hem ulanylýar.

Boliwiýada ýetişýän Puýa Raimondii atly täsin gül 150 ýylda bir gezek açylýar.

Dünýädäki iň uzyn Orkida güliniň boýy 20 metre ýetýär.

Bägüller gyrkylandan soň hem ösüp bilýän ýeke-täk güldür.

Dünýädäki iň köne gül Germaniýada ösýär. 1000 ýyldan gowrak wagt bäri “Hildesheim soborynda” her ýyl gülleýär.

Müsürde gül ösdürip ýetişdirmek 4 müň ýyldan gowrak ozal başlandy.

Gollandiýa çigildemleriň ýurdy. Ýüzlerçe, hatda müňlerçe owadan güller bu döwletiň meýdanlarynda ösýär. Emma Gollandiýada çigildem ýok wagtlary hem bolýar.

Dünýäde iň çalt ösýän gülleriň biri çigildemdir. Çigildemler diňe bir günde 2 santimetr ösüp biler.

Gadymy Müsürde “lotos” mukaddes gül, direliş nyşany hasaplanýar. Oňa ybadat edilip, jaýlanyş dessurlarynda ulanylýar. Bu, esasan, lotosyň köp ýyllyk gurakçylyk wagtynda ýaşap bilmek ukyby bilen baglanyşykly bolup durýar.

Hytaýyň milli gülü “pion”-dyr. Bu ýurtda hakykatdanam pionlaryň jadyly häsiýetler bar. Hytaýlylar, piony erbet ruhlary öýlerinden kowýar diýip hasaplaýarlar.

Iň gadymy gül, “ähli gülleriň enesi” 2002-nji ýylda häzirki Hytaýyň çäginde arheologlar tarapyndan tapyldy. Onuň ýaşy 125,000,000 ýyldan gowrak.

Amerikanyň tropiki ýerlerinde ösýän ,,Aý güli” diýlip atlandyrylýan gül özboluşlylygy, gülleriniň gülläp ösmegi üçin günüň däl-de, aýyň ýagtylygynyň bolmagy, ösümligiň diňe garaňkyda gülleýänligi bilen tapawutlanýar.

Laçyn Alymbaýewa
10
47
Guller___
28.09.2024 23:39
Dünýäde dürli yklymlarda dürli sebitlerde ýaşaýan arylaryň 20 müňe golaý görnüşi bar. Bu jandarlar Antarktikadan başga dünýäniň ähli yklymynda tozgalanýan ösümlikleriň bar ýerlerinde gabat gelýär.

Balarylar öýlerini hem-de iýmit çeşmelerini, ýagny gülli ösümlikleri ösen GPS (Global Positioning System-Global ýerleşme ulgamy) ulgamyndan peýdalanýan ýaly, azaşmazdan tapyp bilýärler.

Bir ary bir gezekde iňňäniň ujy ýaly bal toplaýar. Muňa garamazdan, käbir ary sürüsi her günde bir kilograma barabar bal ýygnap bilýär.

Erigiň ýa-da islendik başga bir ösümligiň güllänini gören bolsaňyz gerek. Olaryň ählisi biri-birine meňzeş. Şeýle bolansoň, olary tapawutlandyryp bolmaýar. Emma arylar beýle däl.

Öň gonan gülüni ýadynda saklap, ikinji gezek şol güle gonmaýar. Balarylar diňe gonan güllerini däl, eýsem, adamlaryň ýüz keşbini hem ýadynda saklaýar.

Balary öýjükleriniň galyňlygy bir millimetriň ondan birine barabar. Muňa garamazdan, öz agramyndan ýüzlerçe agyr ýüki göterýär.

Keselleriň, pestisidleriň we tebigy ýaşaýyş ýerleriniň azalmagy sebäpli olaryň sany barha azalýar. Alymlar bu mör-möjekler barada bar bolan maglumatlary ulgamlaşdyrmak kararyna geldiler we arylaryň global kartasyny döretdiler. Bu kartanyň üsti bilen olaryň görnüşleriniň dürlüligini gorap bolar.

Arylaryň biziň tebigatymyza has takygy ösümliklere ýetirýän täsiri örän uludyr. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp indi ençeme ýyldan bäri Bütindünýä arylar güni giň gerimde bellenilip geçilýär. BMG-nyň senenamasynda 20-nji maý Bütindünýä arylar güni hökmünde hasaba alyndy.

Söhbet Durdyýew
9
30
Guller___
28.09.2024 19:02
Düýäniň süýdüniň aşgazana melhem bolşy ýaly, çalydyr agarany hem müň derdiň dermany hasaplanýar. Düýe süýdünden, düýe çalyndan başga-da halkymyz agaran, süzme, gurt ýaly önümleri taýýarlapdyr. Şeýle-de, düýe ýüňünden dokalan guşak böwregiň sowuklamasyny aýyrýar, biloňurga duz ýygnanmagyň öňüni alýar, guragyryny köşeşdirýär. Olaryň hemmesi-de adamyň gündelik ýaşaýşynda giňden peýdalanylýar. Tomsuň jöwzaly yssysynda düýe çaly teşneligiňi gandyrýar. Düýe çaly inçekesel, aşgazan keselleri bilen kesellänler üçin hem örän peýdaly içgi hasaplanýar. Düýe çalynyň ynsan saglygyny berkitmekdäki ähmiýetiniň uludygyny gadymyýetden şu günlere gelip ýeten rowaýatlaram, halkyň hakydasynda mäkäm orun alan ynançlardyr ýörelgelerem doly tassyklaýar.

Serdar Gapurow
9
18
Guller___
27.09.2024 14:01
Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerleşýän 252 sany biologik önümçilik laboratoriýalary gowaçany zyýankeşlerden goraýan mör-möjekleri ösdürip ýetişdirmek işini işjeň alyp barýarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Demirgazyk sebitiň 122 sany biologik laboratoriýalary trihogram, gabrobrakon we altyngözlüje atly peýdaly mör-möjekleri ösdürip ýetişdirýärler. Şolaryň 12 sany döwrebap laboratoriýalarynda Köneürgenç, Şabat we S.Türkmenbaşy etraplaryndaky gowaça meýdanlaryny zyýankeşlerden goramak üçin peýdaly mör-möjekleri ösdürmek boýunça gyzgalaňly işler alnyp barylýar.

Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barylýan döwründe 1 gektar gowaça meýdanyna 300 sany altyngözlüje, 1 gram trihogram we 1 müň töweregi hem gabrobrakon goýberilýär. Gündogar sebitiň 130 sany biolaborotoriýalarynda şu görnüşli peýdaly mör-möjekler ösdürilip, gowaça meýdanlaryna goýberilýär. Bellenişine görä, ekin meýdanlaryny şu görnüşdäki usul bilen goramak beýleki usullardan has peýdaly we netijeli bolýar.

Trihogram we gabrobrakon ýaly peýdaly mör-möjekler dünýä oba hojalyk ulgamynda giňden ulanylyp, olar zyýankeşleri we olaryň taşlaýan ýumurtgalaryny iýip ýok edýärler. Altyngözlüje ýitmek howpy abanýan peýdaly mör-möjek bolup, ol ösümlikleri şirejelerden goraýar.

ORİENT NEWS
12
31
Guller___
26.09.2024 20:03
Üns berilmeýän hemme zat öler: Duýgylar, söýgüler hat-da güllerem...))

Agşamyñyz haýyrly bolsun mähribanlar!
11
91
Guller___
25.09.2024 15:21
Hiç haçan geçmişde ýaşama, ýöne elmydama geçmişden özüñe sapak al.
12
72
Guller___
25.09.2024 01:19
Durmuş näçe kyn görünse-de, Elmydama üstünlik gazanyp boljak bir zat bar..))
14
53
Guller___
24.09.2024 22:01
"Sadalyk gaty seýrek duşýan gymmatbaha daşlardanam gymmatly häsiýet bolýar".

Hydyr Amangeldi
19
301
Guller___
23.09.2024 20:50
Bilemezsin kim dost kim düşman, bazen tuttuğun eldir seni arkandan vuran, o yüzden hiç kimseye güvenmeyın!
Terjimesi:
Bilmersiñ kim dost kim duşman, käwagt tutan eliñdir seniñ arkañdan uran, şonuñ üçin hiç kime guwanmañ!💯💫
13
68
Guller___
21.09.2024 21:53
BU GİJE

Bu gije gussa kän kalby gemirýän,
Tebigat dem alýar agyr hem tukat.
Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda,
Şemallar ses edip gidýärler uka.

Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman,
Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün.
Oýunçylja guşlar näme,
Şolaňam
bu gün göwünleri birgeňsi çökgün.

Dagyň agraslygy artana meňzeş,
Boýny buruk çüw-ýalaňaç baglaňam.
…Menem gidip barýan çola köçeden —
Iň bir näzik duýgulary talanan.

Hyýallarym uçup ýörler düýnde,
Ahmyr bilen penjeleýän saçymy.
Öz-özüme ezýet berip — kötekläp,
Sowatmaga meýil edýän içimi.

Bu gije duýgulam şam boldy gussa,
Bu gije ýüregim boşatdy için.
Käbir zatlar pida etdi özüni
Käbir zatlar üçin…

Sapa Hommadow
11
55