Düýäniň süýdüniň aşgazana melhem bolşy ýaly, çalydyr agarany hem müň derdiň dermany hasaplanýar. Düýe süýdünden, düýe çalyndan başga-da halkymyz agaran, süzme, gurt ýaly önümleri taýýarlapdyr. Şeýle-de, düýe ýüňünden dokalan guşak böwregiň sowuklamasyny aýyrýar, biloňurga duz ýygnanmagyň öňüni alýar, guragyryny köşeşdirýär. Olaryň hemmesi-de adamyň gündelik ýaşaýşynda giňden peýdalanylýar. Tomsuň jöwzaly yssysynda düýe çaly teşneligiňi gandyrýar. Düýe çaly inçekesel, aşgazan keselleri bilen kesellänler üçin hem örän peýdaly içgi hasaplanýar. Düýe çalynyň ynsan saglygyny berkitmekdäki ähmiýetiniň uludygyny gadymyýetden şu günlere gelip ýeten rowaýatlaram, halkyň hakydasynda mäkäm orun alan ynançlardyr ýörelgelerem doly tassyklaýar.
Serdar Gapurow