Guljeren
06.03.2020 20:24
Dostluk we söýgi

Ýadymda
Şol gün gara saçlaryňy penjeläp
Gözleriňe gan öýdürip,ýürekden
Ýakyp giden ilki söýgiň barada
Gürrüň beripdiň…
-----
Gahar jemlenipdi göreçleriňe
Ýigrençden dodagyň titredi durdy
Bilseň, şol gün duýgularym gorjalap
Ýüregmiň burçuny pytradyberdi.
-----
Söýmek hakda ýa-da söýülmek hakda
Jinnijek ýaljagam ýokdy pikiriň
Diýdiň “Söýşüp bagtly bolunýan bolsa
Goý,men bu dünýäden bagtsyz öteýin”
-----
Gepiňe “hä” berip otyrdym menem
Ýüregmiň törüne hasrat gapladyp
Şol günden soň ne oýundan,ne çyndan
Saňa söýgi hakda söhbet atmadym.
-----
Ýollar aýra düşdi-
Ýodalar gaýra
Meni gör nireden çykardy ykbal,
Eger,ilki söýgi ýakmadyk bolsa
Sen meňki bolardyň,bolardyň ahmal
-----
Ýadymda,şol gije aýyň yşgynda
Ilkinji söýgüňi ýa-da salanmam,
Şonda ökündim men,ökündim kemsiz
Bagtyňa şärik däl,dostuň bolanma
11
977
Guljeren
04.03.2020 21:49
Bagt name????
6
818
Guljeren
03.03.2020 12:44
Yagysly gunde her kim yatlamalar cumyar.Her kim bir zady arzuw edyar siz namani arzuw edyaniz......
9
1 134
Guljeren
27.02.2020 00:02
Bu gunki soragym
1) Owrenmeli programmasynda haýsy agzany agras görýaniz?
2) Haysy agza gowy teswirler yazyar

Menin pikirimce bir biregi gowy tanarmykak diyyan
7
1 207
Guljeren
26.02.2020 00:04
Her kim gosgy goyyar,manyly sozler goyyar gelin azajygam bolsa uytgesme girizelin.
1) Owrenmeli programmasynda kimi has gowy tanasynyz gelyar diyjek bolyanym das kesbini,hasiyetini has yakyndan bilesiniz gelyar dine adyny yazsanyz bolyar.
8
3 263
Guljeren
10.02.2020 00:30
Salam hemmanize.Arañyzda talyp bar bolsa hemme talyplara okuwyn 2nji mowsimi bn gutlayan sag aman baslan okuwa.Hemme talyplara ustunlik.......??????
8
753
Guljeren
04.02.2020 16:09
Durmuş edil teatr yalydyr her kimiñem öz oýnamaly keşbi bardyr.

JAMES ERDON
14
718
Guljeren
01.02.2020 23:41
Salam men bu yere taze geldim
3
1 154