Guljeren
06.03.2020 20:24
Dostluk we söýgi

Ýadymda
Şol gün gara saçlaryňy penjeläp
Gözleriňe gan öýdürip,ýürekden
Ýakyp giden ilki söýgiň barada
Gürrüň beripdiň…
-----
Gahar jemlenipdi göreçleriňe
Ýigrençden dodagyň titredi durdy
Bilseň, şol gün duýgularym gorjalap
Ýüregmiň burçuny pytradyberdi.
-----
Söýmek hakda ýa-da söýülmek hakda
Jinnijek ýaljagam ýokdy pikiriň
Diýdiň “Söýşüp bagtly bolunýan bolsa
Goý,men bu dünýäden bagtsyz öteýin”
-----
Gepiňe “hä” berip otyrdym menem
Ýüregmiň törüne hasrat gapladyp
Şol günden soň ne oýundan,ne çyndan
Saňa söýgi hakda söhbet atmadym.
-----
Ýollar aýra düşdi-
Ýodalar gaýra
Meni gör nireden çykardy ykbal,
Eger,ilki söýgi ýakmadyk bolsa
Sen meňki bolardyň,bolardyň ahmal
-----
Ýadymda,şol gije aýyň yşgynda
Ilkinji söýgüňi ýa-da salanmam,
Şonda ökündim men,ökündim kemsiz
Bagtyňa şärik däl,dostuň bolanma
11
977
Myhman Myhman
7 Mart 2020
Salam guljeren
Fatima
7 Mart 2020
Gowy goshgy eken???
Didarmuhammet
7 Mart 2020
??????
Myhman Myhman
6 Mart 2020
Sonunda gynyanyp gezmez yaly aydyn soyginizi???
gulshatayewa97
6 Mart 2020
Gaty gowy goşgy söz ýok, ýüregme degdi...?
Paradise
6 Mart 2020
Gowy gosgy???
Myhman Myhman
6 Mart 2020
Kämil goşgy Wepa kim awtory?
Myhman Wepa
6 Mart 2020
Birden manysyny ýitirdi durmuş,
Gaýyp boldy gözden bagtyň melegi,
Ganat baglap uçup ýören kalbymyň.
Tozap düşdi iň arzyly ýelegi.

Bagt hakynda sözlemäge sözüm ýok,
Arzuw etmägede galmady umyt,
Öz derdime diňe özüm düşünüp,
Bir gyrada ýalňyz otyryn dymy:p.

Arzuw gapysyny ýapandan soňra
Umyt nädip kaksyn meniň gapymy?!
Dünýä baýlygyna çalyşmajagym,
Elden berdim iň gymmatly hakymy.

Gyraw sepeledi gara saçyma,
Ýüregime çümdi awuly tiken,
Galtaň düşüp, güler ýüzüm saraldy,
Sensizlik ölüme barabar eken

Käsga ynansadyn soygime gulum???
K_e_M_a
6 Mart 2020
Söýgüňi aýtmaly aýtmasyna ýöne söýgüň soňy naili boljak şol bellidäl. Birgezek söýgüden ýanan ikinji gezek söýüp bilenok. Iň agyry şol bolaýmasa.
Myhman Myrat
6 Mart 2020
Oglanlar esanam size degisli wagtynyz barka aydyn soyginizi son gic bolaymasa gyzlara dusniklile olar aytmayalar yone siz bir aydyn belki sol gowy goryan gyzynyz sizin soygi sozunize garasyandyr umuman sizden bir zada garasyandyr dostlarym❤❤❤❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.