Guljeren
22.02.2023 17:55
***

Gitdin , jiger bagrym daglandy sensiz,
Soygulim iki yyl gorme yok seni,
Watan gullugynda esgerdir yarym,
Indi kuysan wagtym gorme yok seni.

Sesinem eshdemok kuysan mahalym,
Umsumlikde yatlap otyryn yeke,
Gursagym sorasa ynjalman menem,
Bildirman aglayan chykyp bir chete.

Bilsen uklabam bilemok gijeler,
Diyip soygulimiñ haly nichikka?
Yatyrmyka? Sowukmyka? Dokmuka?
Wah yany bir alty aýyñ gechipda...

Wepam berip saklap gyzlyk mertebam,
Garasharyn señ yzynda Esgerim.
Umyt bilen uchan gushum asmana,
Bagtly geljegi bize beslegin.

Kate adyñ tutanynda ozgeler,
Gozlerim yasharyp dolyar damagym.
Gozyashym siñdirip her setirime,
Seni gorjek gunlerimi sanadym...

Sag aman gel soyen yigdim Esgerim.
Saña yetmek uchin garashjak baky.
Gayga batma , meni alada edip,
Ozge bolmaz , sensin yuregimdaki
12
93
Guljeren
Guljeren
05.02.2023 21:56
Guymenje
Guljeren
Guljeren
04.01.2023 16:17
Kimiň ýyly towsan menden basga?
Guljeren
23.11.2022 11:10
Günleriň bir güni mugallym sapak otagyna giripdir-de, salamlaşandan soňra göni sapaga başlaman, talyplara ýüzlenip, “Talyplar, kim ejesi-kakasyny gowy tanaýar. Olaryň gowy görýän zatlaryny, häsiýetini bilýär? Bilýän bolsaňyz, eliňizi galdyryň” diýipdir.

Bu soraga geň galan talyplar “Heý-de, ejeň-kakaňy tanamanam bolarmy?!” diýip, ählisi elini galdyrypdyr. Mugallym bu soragyny ikinji gezek gaýtalapdyr, ýöne eje-kakany ene-ata bilen çalyşypdyr. Talyplaryň arasynda ene-atasynyň ähli häsiýetlerini, edim-gylymyny bilýänleriň sany azalypdyr. Toparyň deň ýarysyndan gowuragynyň bu gezek eli galmandyr.

Mugallym bu soragyny üçünji gezek hem sorapdyr. Ýöne bu gezek mugallym: “Araňyzda haýsyňyz eje-kakaňyzyň ene-atasyny tanaýanyňyz bar?” diýip, sorapdyr. Bu gezek ençeme talybyň içinden ýekeje bir talybyň eli galan eken.

Mugallym: “Görýärsiňizmi, men sizden ilkinji soragymy soramda siziň ähliňiz eliňizi galdyrdyňyz. Sebäbi siziň ähliňiz eje-kakaňyzy tanaýarsyňyz, olary görýärsiňiz, bile ýaşaýarsyňyz. Emma ikinji soragymda welin, deň ýaryňyzdan gowuragyňyzyň eliňiz galmady, çünki siziň araňyzda ene-ataňyzy görmedikler bar. Üns beren bolsaňyz, üçünji soragymda ýekeje bir talybyň eli galandyr. Şol talyp eje-kakasynyň ene-atasyny görendir öýtýärsiňizmi? Elbetde, ýok. Ol özüniň garry ene-atasyny olaryň bitiren işi bilen tanaýar. Şonuň üçin hem durmuşda şeýle bir işleri başaryň welin, hatda seni görmedik nesiller hem seni tanasyn, seni ýatlasyn. Seniň adyň ýitmesin” diýipdir.
19
108
Guljeren
17.08.2022 00:41
Seniñ bilen 2018-nji yylda Awazadaky carede tanysdym sonda barem gatnasyas. In kyn gunumde elimdem tutan mana guyc beren, aglamda men bilen bile aglan gulemde bile gulen in mahriban we yakyn adama owruldin. Jennet doglan gunun gutly bolsun uzak yasa hemise owadanlygyn yaly yuregin pakligi yaly durmusynam ykbalynam owadan bolsun. Sag aman okuwyny gutaryp diplom almagam nesip etsin.Masgalana cagajygyna guwanyp yasa. Soyup hemem soylup yasa... In bagtly ejelen, gelinlen biri bol.⚘🥂🎂🍻🎂🎂🎂🍻🍫🍫
14
193
Guljeren
Guljeren
14.08.2022 01:38
Sizde-de seýle bolýamy
Guljeren
Guljeren
06.08.2022 11:31
Göwün
Guljeren
Guljeren
27.07.2022 20:53
Owadan setirler
Guljeren
Guljeren
16.06.2022 11:20
Iliñ söýgisini götäre güýç ber, Dilegmiñ hasylyn ir ýa-da giç ber. Imanly soñlanjak haýyrly ýaş ber, Pälimiñ pesligin gidirme ömrüm... Göwne görä bergin ýakyn-ýadymy Ýürekdeş ber diñlemäne dadymy.
Guljeren
Guljeren
03.06.2022 19:37
Käwagt gürlemezlik, gürlän sözleriňden mälim eder näme aýtmak isleýäniňi...