Guljeren
23.11.2022 11:10
Günleriň bir güni mugallym sapak otagyna giripdir-de, salamlaşandan soňra göni sapaga başlaman, talyplara ýüzlenip, “Talyplar, kim ejesi-kakasyny gowy tanaýar. Olaryň gowy görýän zatlaryny, häsiýetini bilýär? Bilýän bolsaňyz, eliňizi galdyryň” diýipdir.

Bu soraga geň galan talyplar “Heý-de, ejeň-kakaňy tanamanam bolarmy?!” diýip, ählisi elini galdyrypdyr. Mugallym bu soragyny ikinji gezek gaýtalapdyr, ýöne eje-kakany ene-ata bilen çalyşypdyr. Talyplaryň arasynda ene-atasynyň ähli häsiýetlerini, edim-gylymyny bilýänleriň sany azalypdyr. Toparyň deň ýarysyndan gowuragynyň bu gezek eli galmandyr.

Mugallym bu soragyny üçünji gezek hem sorapdyr. Ýöne bu gezek mugallym: “Araňyzda haýsyňyz eje-kakaňyzyň ene-atasyny tanaýanyňyz bar?” diýip, sorapdyr. Bu gezek ençeme talybyň içinden ýekeje bir talybyň eli galan eken.

Mugallym: “Görýärsiňizmi, men sizden ilkinji soragymy soramda siziň ähliňiz eliňizi galdyrdyňyz. Sebäbi siziň ähliňiz eje-kakaňyzy tanaýarsyňyz, olary görýärsiňiz, bile ýaşaýarsyňyz. Emma ikinji soragymda welin, deň ýaryňyzdan gowuragyňyzyň eliňiz galmady, çünki siziň araňyzda ene-ataňyzy görmedikler bar. Üns beren bolsaňyz, üçünji soragymda ýekeje bir talybyň eli galandyr. Şol talyp eje-kakasynyň ene-atasyny görendir öýtýärsiňizmi? Elbetde, ýok. Ol özüniň garry ene-atasyny olaryň bitiren işi bilen tanaýar. Şonuň üçin hem durmuşda şeýle bir işleri başaryň welin, hatda seni görmedik nesiller hem seni tanasyn, seni ýatlasyn. Seniň adyň ýitmesin” diýipdir.
19
108
La Rosse 🦋
7 Yanwar 2023
🥰☺gat manyly
Myhman Myhman
23 Noýabr 2022
Gaty haladym🥰🥰👍👍👍👍👍
Lalın
23 Noýabr 2022
Gowy post bolupdyr 🙂👍
sanjar_officiall
23 Noýabr 2022
Adyň galar dünýäde...👏👏👏
🤪CrAzYGIRLL🤪
23 Noýabr 2022
Super Talyplygym yadyma dushdi:)💯💯💯💯💯
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.