V Söýgi günleriniň adaty, ine: Her günüň — açyşdyr, her günüň — şatdyr. Onuň algebrasyn çözersiň. Ýene Birini ýazansyň, ikisem ýatda, Meniň söýgim şeýle kämil çykypdyr, Eger sen dönäýen bolsaňam
IV Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary, Özi bolsa gidip otyr ummana. Indi seni baky dünýeden bäri Görüp biläýjegim örän gümana. Ýöne mahal-mahal iňrik garalyp, Seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar, Azaşan
III Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler, Wokzal. Front. Al gan örtüpdir gary. Gysdy penjesine ölümli günler, A men, nämüçindir, ýene-de diri. Buguň eteginde ýazyldym ýere. Öldüm. Soň seretsem, ýene-de
(Sonetler çemeni) I Ömrüň agajyndan düşüp dur günler, Günler ömrüň eleginde elener. Yza dönmek islär däli göwünler, Geçen gün şäher däl — gaýdyp gelere. Her kimiň geçenden bir ahmyry bar. Mende-de
Ýalaňaç dogduň adamzat Indi saňa don gerek Magtymguly Aglap dünýä inýäň adam diýen zat: Onsoň agyň gülkä garyşan gerek. Ýöne weli gülkä garyşmak üçin Ýurt abadan, durmuş çaglaşan gerek. Kem-kem kämil
Işçiniň alypsatar goňşusyna açyk haty Diýdiň sen: «Işçiler nädip oňýarka Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..» Emma weli işçiň günlük baýlygyn Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen. Seniň puldan başga bilýän
Ol adam kurortda sataşdy maňa, Nazarkerde adam. Nurana adam. Bir jaýda bir aýy bile geçirdik, Bir aýlap dem aldyk menzeş howadan. Çuňluk alan ýaly düýpsüz derýadan, Gözi çuňdy. Içi durşuna nurdy.