ŞEÝTANA SAPAK BEREN
Il arasynda käbir adamlara ,,şeýtana sapak beren " ýaly häsiýet berýärler. Biz ählimiz bilýändiris şeýle adamlaryň köpbilmiş bolýandygyny, emma welin bu jümläniň nämeden gelip çykandygyny köpümiz bilýän däldiris. Onda bu rowaýaty okap bilersiňiz.
Gadym zamanlarda iki sany dostluklary aňyrdan gelýän, agzybir dostlar bolupdyr. Olar ikisi bile öwlüýäde garagulçylyk edip öwlüýäň arssaçylygyna seredipdirler. Şeýtanyň hem eý görýän kärii iki dosty jetleşdirmek. Ine onsoň günlerde bir gün şeýtan ýaňky iki dosty tersleşdirmegiň kül-külüne düşýär. Elinden gelen, bilýänje ähli pirimlerini ulanýar. Emma welin olaryň arasyna düşüp bilmeýär. Olaryň dostlugy juda aňyrdan gelýän berk dostluk eken, Şeýtanyň salýan allary dagyn olar üçin ujypsyzja bir zat bolýan eken. Ine onsoň Şeýtan nätsede bu iki dostuň arasyna düşüp bilmejegine ahyry göz ýetirip, şunça wagt ýitirenine lapy keç bolup ýüzüni sallap ýol bilen gidip barýan eken. Oň öňünden bir adam çykýar. Görse Şeýtan agamyz juda hapa bolup barýar diýýär. Adamyň Şeýtana nebsi agyrypdyr, oň halyny sorapdyr:
- A how Şeýtan aga näme ýüzüň salyk-la?
- Aý how adam ogly meň ýüzüm salyk bolman kimiňki salyk bolsun. Iki sany dosty tersleşdirip bilmedim. Ulanmadyk pirimlem galmady. Ine menä şoňa keýpsiz bolup barýan.
- Weý, ondan aňsat hem zat bolarmy! Hany Şeýtan aga şol dostlaň nirededigini bir maňa görkezsene.
Ine bärden ikisi tirkeşip dostlaň gapysyny kakýarlar. Dostlaň biri içerde galýar. Biri hem daşary çykýar. Çykan badyna ýaňky adam ol doatuň ýaňagyna bir şarpyk çalyp, batly ses bilen ,, me, al bul-a seň paýyň" beýleki ýaňagyna hem şarpyk çalyp ,, ine, bu-da dostuň paýy" diýýär-de yzyna öwrülip gidiberýär. Ol dost hem yzyna girse içerde oturana bolan wakany aýdyp berýär. Dosty oňa ynanmaýar ,, Ol eliňe puly şapbat bilen urup meň paýymy hem berdi ahyryn. Öz paýyňy nätseň şeýt, meňkini bir äber bärik" diýýär. Ine şeýdip iki dostuň arasyna Şeýtan düşüp bilmän, bir köpbilmiş adam düşüpdir we Şeýtana sapak beripdir. Şu wakadan hem ,,Şeýtana sapak beren" jümle döräpdir.
Bellik: rowaýat meniň taryh mugallymymyň gürrüňi boýunça ýazyldy.
Paýlaşan: Greenleaf.