Greenleaf
27.10.2020 17:57
Dünýäde bir Adam ýaşapdyr. Onuň 3 sany arzuwy bolupdyr: ýokary aýlykly işiň bolmagy, owadan gyza öýlenmek, dünýä meşhur bolmak.
Bir aýazly gyş güni ol Adam ýokary aýlykly işe girmek ün gürrüňdeşlige gyssanyp barýar eken. Birden onuň öňünde bir adam ýykylýar we ony pýandyr öýdüp kömek etmeýär. Gürrüňdeşlik şowsuz bolup, ol Adamy işe almaýarlar.
Bir tomus güni ol Adam parkda bir oýuna tomaşa edýär. Oýun gutaransoň gidiberjek bolanda ony oýundaky garryja kempir sypatly zenan saklap oýnuň onda nähili täsir galdyranlygymy soraýar, emma ol Adam gepleşmek islemän gidiberýär.
Bir ýagyşly agşam ol Adam dostunyň ýaştoýundan gaýdyp gelýär. Onuň öýnüň gapdalyndaky skameýkada ýagşa ezlip bir zenan aglap otyr eken. Ol zenan oňa kömek sorap naýnjar serefýär, emma ol Adam öz podýezdine howlukýar.
Ol Adam betbagt durmuşda ýaşap, garrap aradan çykýar. Ol dünýäde öz dosty perişdeden soraýar näme ün meni betbagt etdiň diýip. Perişde hem men seni bagtly etmek isledim emma sen islemediň, sebäbi bagt ün bary ýogy seniň eliň, seniň gözleň we seniň ýüregiň gerekdi diýýär. Aýazly gün ýykylan adam ol Adamyň işe girmeli firmasynyň başlygydy, ol elini uzadan bolsa işe girerdi.
Oýundaky garry kempir ýüzi grimlenen meşhur owadan, ýaş aktrisady, eger ol Adam gözleri bn ünsli seredip, oň bn gürleşen bolsa, meger bagty çüwüp oňa öýlenerdi.
Ýagyşly agşam aglap oturan zenan hem meşhur ýazyjydy. Ol zenan maşagala problemalaryny başdan geçirýärdi. Eger ol Adam öz ýüreginden mähirli sözleri gysganman ol zenana göwünlik beren bolsady, zenan ol barada hökman kitap ýazardy we ol Adam meşhur bolardy.
A bu dünýä size näme teklip etýär? Her näme bolsada ýatdan çykarmalyň bagt bize tapmaça bolup gelýär
9
260
Greenleaf
24.10.2020 19:03
Iň eý görýän adamyňyz barada,
Düzme ýazyň diýdi bir gün mugallym,
Hemmeler düzmesin tabşyrdy gitdi,
Bu uly klasda bir özüm galdym.
Eýläk-beýläk gezmeleýär mugallym,
Men bolsa sözbaşam tapamok şindi,
Kagyza damanda gözümiň ýaşy,
Mugallymym ýagdaýyma düşündi.
Ol ýuwaşlyk bilen çykdy-da, gitdi,
Gözümi süpürdim, nemlendi ýenem,
Şeýdip sessiz aglap, çola klasda,
Saňa goşgy goşdum mähriban, enem.
Bolýan işe seret, ýaňky düzmäme,
Mugallymym şonda goýupdyr bäşlik,
Ilkinji goşgyny şeýdip ýazdyrdy,
Ezizin elinden aldyran, ýaşlyk.
Berdinazar Hudaýnazarow
4
267